logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ROWAÇ EÝLÄR YNSANPERWER ÝOLLARY, BITARAPLYK HEM-DE PARAHATÇYLYK

Kitaphanalar

16.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Rowaç eýlär ynsanperwer ýollary, Bitaraplyk hem-de parahatçylyk”atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda halkara derejesinde toýlanan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu uly toý baýramlara beslenen baýramçylygyň türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz her gezek BMG-nyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli täze başlangyçlary öňe sürýär diýip bellemek bilen çykyş edenler döwletimiziň alyp barýan dost-doganlyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde giňden dabaralanýandygyny bellediler. Çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DOST-DOGANLYK GÜLLEÝÄR, PARAHATLYK ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

16.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen 95-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Dost doganlyk gülleýär, parahatlyk ýoly bilen» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy” atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýandygy, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
RÖWŞEN GELJEGE ROWAÇ GADAMLAR

Kitaphanalar

16.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, ajaýyp binada zähmet çekýän hünärmenleriň we “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Täze ýyl ýagşy arzuwlaryň baýramy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige KAA-nyň Saýat etrap birleşmesiniň wekili, “Türkmen gündogary” gazediniň redaksiýasynyň uly habarçysy we kitaphanaçylar gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hakykatdanam hem göwünleri galkyndyryjy, rowaçlyklaryň ýyly bolandygy, bu ýylda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigi, welaýatymyzda medeni durmuş binalar açylyp ulanylmaga berilendigi, her bir ulgamda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada aýdylyp, Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyza nur bolup geljek 2026-njy ýyl hem beýik ýeňişleriň, parahatçylygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýän ýyly bolmagyny, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ARZUWLAN ZAMANAŇ GELDI PYRAGY–WATANY BEÝGELDÝÄR DÖWRÜŇ ŞYGARY

Kitaphanalar

16.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Waspyň dillerde dessan Aşgabat» atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy–Watany beýgeldýär döwrüň şygary» atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» şygary astynda geçýän 2025-nji ýylda dana şahyrymyzyň çoh garaşan ajap eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren ajaýyp wakalara baý bolandygy barada täsirli gürrüňler edildi. Geçilen ýola buýsanç, öňde duran menzillere uly ynam täze ýyl baýramynyň şatlygyny has-da artdyrýar. Döwletli döwranly zamanamyzda türkmen halky «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny hem beýik işler bilen şöhratlandyryp taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazdy. Ine şular dogrusynda täsirli gürrüňler giňişleýin beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmeniň döwletli ýoluny ak geljege rowana ýollara alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

16.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri–görelde mekdebi» atly gezelenç geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miweleri bolan kitaplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän zähmetkeşler üçin gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserinde türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär. Bu ajaýyp kitaplardaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Gezelenjiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun diýip ýagşy arzuw etdiler.

No image
KITAPHANALARA GATNAŇ ÝADAMAN, AGRAS KÄMIL BOLAR ÝALY PIKIRIŇ

Kitaphanalar

16.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gelmeginde «Kitaphanalara gatnaň ýadaman, agras kämil bolar ýaly pikiriň» atly gezelenç geçirildi. Ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Olar kitaphananyň ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, kiçi ýaşly nesillerimiz üçin niýetlenen dürli ertekili kitaplar bilen bezelen okalga otaglary, taryhy kitaplary öz içine alýan muzeý otagy, asman jisimlerini ýakyndan öwredýän obserwatoriýa otagy hem-de dürli temalara degişli kitap sergileri bilen hem giňişleýin tanyşyp geçdiler. Oňa gatnaşan ýaşlarda bolsa ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy. Ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde we kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan gezelenjiň dowamynda ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryny okadylar. Bu bolsa, bagtyýarlyk nuruna beslenen ata Watanymyzda kitaba we kitap okamak sungatyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. *

No image
GELIŇ ERTEKI DIŇLÄLIŇ!

Kitaphanalar

15.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasynyň merkezinde hasapda duran mümkinçiligi çäkli bolan körpejeleriň arasynda “Geliň erteki diňläliň” atly göçme kitaphana hyzmatyny gurnady. Kitaphanamyzyň baý hazynasyndan çagalaryň söýgüli ertekili kitaplaryndan hem-de hemişelik okyjylarymyzyň öz elleri bilen ýasan erteki gahrymanlaryny suratlandyrýan gurjaklaryndan ybarat bolan göçme sergimiz çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Kitaphana hünärmeni körpejeleriň haýyşy boýunça birnäçe ertekileri labyzly okap berdi. Hem-de özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap bermek bilen çagalarda kitap okamaklygyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar. Döwletimizde kitap we kitaphana işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn işer durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli maksatnamalardan ugur alyp bu günki geçiren çärämiz hem çagalara, ýaşlara, maýyplygy bolan adamlara edilýän kitaphana hyzmatyny ösdürmeklik maksady bilen geçirildi. Kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň üstüni ýetiren körpeje okyjylarymyzyň, söýýän kitaplaryna bolan islegleri öwrenilip, kitaphana düzgüni esasynda 10 gün möhlet bilen okamaklyga berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap okamaklyga bolan isleglerini kanagatlandyryp döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2025.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN JENNET MEKAN

Kitaphanalar

15.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň ýaş okyjylarynyň gatnaşmaklarynda Aýazbaba bilen agtyjygy Garpamygy garşyladylar. Bu ýerde Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgular uly höwes bilen okadylar we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Täze ýyl her birimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi, arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen bir ýere jemleýän baýramçylygydyr.Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňladyrylýan baýramçylyk dabaralary bu gün welaýat kitaphanasynda hem uly şatlyk-şowhun bilen guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
BELENT MAKSATLAR

Kitaphanalar

12.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen «Türkmenistan-parahatlyk, ynanyşmak Watany» hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň äleme ýaň salan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy berkarar Diýarymyzyň bagtyýar raýatlarynyň, şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň kalbynyň kelamyna, dilleriniň senasyna öwrüldi. Şanly ýylda tutuş adamzada aklyk, älem-jahana asudalyk, parahatçylyk ündeýän türkmen bitaraplygynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp etmek, bagtyýar raýatlarymyzda halkymyzyň gadymyýetden gelýän mukaddes ýörelgelerine söýgi döretmek maksady bilen bu bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda «Hormat hatlary» we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

No image
BITARAPLYK MEKANY, BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Kitaphanalar

12.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şu ýyl döwletimiziň taryhyndaky möhüm şanly senä–hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendigine 30 ýyl dolýandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de nusgawy ýazjy-şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.