BAKY BITARAPLYK-BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY
Kitaphanalar
12.12.2025Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk-bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy, eziz Diýarymyzyň halkara abraýy has-da belende göterilendigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.