logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA

Kitaphanalar

05.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Şanly ýylyň şanyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasyny düzýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ynanyşmak, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek»

Kitaphanalar

05.05.2025

Ýaňy ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky çagalar kitaphanasynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp «Çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ähli pudaklaryndan alymlar, sungat we medeniýet işgärleri we welaýat çagalar kitaphanasyndan myhmanlar geldiler. Olar ylym-bilim ýoluna ilkinji gadam basan günlerini talyp döwürleriniň şu kitaphanadan başlandygyny täsirli gürrüň etdiler. Şeýle hem ýaşajyk okyjylarymyz hem bizde myhmançylykda boldular. Hünärmenler çagalaryň öz halaýan ertekili kitaplaryndan, tanymal şahyrlaryň goşgularyndan okap berdiler. Maslahatyň dowamynda kitaplaryň sergisi gurnaldy. Çäräniň soňunda biziň ýaş nesillerimiz üçin döredilip, berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BEÝIK ÝEŇŞIŇ MERDANALARY

Kitaphanalar

05.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gezelenç gurady. Bu ýerde 1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky ot» «Milletiň ogullary» ýadygärliklerinde söweş meýdanynda edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzy hormatlamak üçin gül desselerini goýdular. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň türkmen edebiýatyna şan getiren «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» romanynda Watana il-güne topraga, onuň duzuna kerem-keramatyna bolan söýgüniň juda güýçlidigine eserde hereket edýän gahrymanlaryň biri-birinden ýaş tapawudy boýunça saýlansalar hem bir bütewi maksada gulluk edýänligi barada täsirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny baky parahat, asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «PAÝHAS ÇEŞMESI» ATLY GYMMATLY KITABY HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly gymmatly kitaby hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler her bir sözi pähim-paýhas ummany,atalar sözi bolan türkmen nakyllarymyzyň her biriniň many-mazmuny barada giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda öz ynsanperwer syýasaty bilen atlary dünýä dolan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP PAÝHAS UMMANY

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi,” Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap paýhas ummany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň alyp barýan işi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Bölümiň gaznasy bilen tanyşdyryldy. Bu günki gün daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan gyzyklanma ep-esli artýar. Bölümiň esasy wezipesi daşary ýurt dillerini öwrenýän okyjylara hyzmat etmekden ybarat şeýle hem Türkmenistana degişli daşary ýurt dillerindäki edebiýatlarda bar bolan gymmatly çeşmeleri öwrenmek we okyjylara ýetirmek bolup durýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SÖZ MÜLKINIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

03.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda çykaran karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi, Türkmenistanyň Altyn asyr teleýaýlymynyň “Söz mülkiniň bossany” atly gepleşigi bilen bilelikde “Kitaphana işini kämilleşdirmek” atly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýä garaýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak üçin, bölümimiz tarapyndan saklanyp gelýän gadymy hem-de häzirki zaman neşirlerimizi okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen kitap sergisi gurnaldy we has irki neşirler boýunça giňişleýin aýdylyp geçildi. Şeýle-de bölümde kitaplary elektrion kataloga ýüklemek işleri hem alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň gaznasyna “Galkynyş” kitap merkezinden kabul edilip alynýan täze kitaplara kartoçkalaryny ýazyp, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarda ýerleşdirimek, okyjylary hasaba almak we olara talabalaýyk hyzmat etmek, elektron katalogdan gerek bolan maglumatlary tapyp bermek boýunça özara tejribe alyşyldy. Duşuşygyň dowamynda Seýrek neşirler bölüminiň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Magtymguly adyndaky Dil, edebiýaty we milli golýazmalar instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymy merkezi kitaphanasy bilen ýakyndan işleşýandigi barada hem bellenip geçildi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–NUSGAWY EDEBIÝATYŇ HAZYNASY

Kitaphanalar

03.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi–nusgawy edebiýatyň hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyr Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň göz-guwanjy, joşgunly we şirin zybanly watançydygyny we halkynyň asuda, parahat ýaşamagyny arzuwlan şahyrdygyny, onuň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy hazynadygyny barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň döredijiligi türkmen edeibýatynyň müň öwüşginli almaz täjidigini hem-de ol manyly ömrüni, joşgunly zehinini mähriban halkyna bagş eden, öz il-ýurduny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP OKAN ÝOL TANAR

Kitaphanalar

03.05.2025

Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýşa, durmuşa bolan gözýetimi giňdir. Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Sebäbi ol özüňi tanamagy, dünýäni öwredýär. Häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe geljege ynamly ýaşlarymyzyň kitaba, bolan çäksiz söýgüsi kalplarda gaýnap joşýar. Ynsanyň ýaşaýyş durmuşunda taryhymyzda we häzirki zamanda hem iň gymmatly hazyna ömrüňi nurlandyrýan kitapdyr. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynda döreýän ajaýyp kitaplary hem tutuş adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Söhbetdeşlikde şular dogrusunda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym”

Kitaphanalar

02.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň bu gün bütin dünýäde dabaralanýandygy, ýurdumyzda beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynam etmek esasynda özara bähbitli gatnaşygyny yzygiderli ösdürilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ösdürilýän ýyly bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI

Kitaphanalar

02.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik eserinden ybarat bolan hemişelik sergini gurnady. Köp jiltli ylmy neşir diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginiň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Her jildiniň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly bu düýpli ylmy iş okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi hem-de däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kitap her jildiniň aýry-aýry ösümlikleriň kökleriniň, ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Baý mazmunly, üç dilde çap edilen ensiklopediýa daşary ýurtly okyjylary Türkmenistanyň tebigaty bilen ýakyndan tanyşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen bir hatarda, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan, halkymyzyň saglygy barada taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!