logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PYRAGYNYŇ ARZUW EDIP ISLÄNI, PARAHATLYK GURŞAP ALSYN DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

25.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw edip isläni, parahatlyk gurşap alsyn dünýäni» ady bilen «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy» seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp şygyrlary ynsan kalbyny ruhlandyrýan, döredijilik mirasy bilen halkyny tutuş ömrüni ene topragyna, halkyna hyzmat etmeklige bagyşlanan beýik şahsyýet bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň eserlerinde parahatlygy, agzybirligi, mertligi-edermenligi ussatlyk bilen beýan edýän parasatly goşgulary bu gün ýaşlary batyrlyk, gaýduwsyzlyk ruhunda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
IL SAGLYGY ÝURT BAÝLYGY

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Il saglygy ýurt baýlygy» ady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda hassahananyň lukmanlary gurnalan sergä syn etdiler, olar serginiň özlerinde galdyran gyzykly täsirleri barada öz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler. Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
YHLASLY ÝÜREK-HÜNÄRLI ELLER

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde gurnamagynda «Yhlasly ýürek-hünärli eller» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çagalar otaglaryny özleriniň kagyzdan ýasan “sungat eserleri” bilen bezemek has-da täsirli bolýar. Kagyzdan dürli zatlary ýasamak çagalar bilen bir hatarda ulular üçin hem gyzykly güýmenjedir. Eýsem, kagyzdan nämeler ýasap bolar? Kagyzdan dürli görnüşli diwardan asylýan bezegleri, kebelek, gül, ösümlikdir jandarlaryň şekillerini, howa şaryny, we ş.m zatlary ýasamak mümkin. Zähmetiň bu görnüşi çagalarda has uly täsir galdyrýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda körpeje nesillerimiziň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG

Kitaphanalar

25.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp eserleri Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen aýdyň maksatlaryň jemi bolup, biziň üçin mizemez ýol ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti, janynyň sag, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ KÖŇÜLLERINDE ORUN ALAN ŞAHYR

Kitaphanalar

24.11.2025

Mähriban okyjylar ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdepde “Çagalaryň köňüllerinde orun alan şahyr” atly ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk geçirdi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, biz mekdep partasynda oturyp, hat ýazmagy öwrenip, kitaplary okap başlaýarys. Munuň üçin biz ilkinji galam tutmagy öwreden mugallymymyza minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Kitap okamagy öwreninemizden soň gyzykly ertekileri, goşgulary okap bilýäris. Elbetde körpe okyjylara tebigatyň täsinligini, haýwanlar hakynda gyzykly wakalary, çagalyk dünýäsiniň durmuşyny beýan edýän goşgulary ýazyp sowgat berýän biziň şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz. Ine şol gyzykly goşgularyň awtorynyň biri çagalary söýýän şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalyň eýesi bolan tanymal türkmen ýazyjysy, dramaturg, şahyr, Hemra Şirow. Halypa Hemra Şirow ýaş okyjylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyklarda bolýar. Ol hemişe çagalaryň ýürekden küýseýän myhmany. Ýazyjy indi ömrüniň 40 ýyldan gowrak wagtyny çagalar bilen döredijilik duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşyp gelýär. Çagalaryň şahyra sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary tötänden däldir, çünki ýazyjynyň eserleriniň köpüsi çagalara bagyşlanýar. Şahyr Hemra Şirowyň Türkmen döwlet gurjak teatrynda 2009-njy ýylda “Ýartygulak” 2010-njy ýylda “Alýaňak”, 2013-nji ýylda “Öweý eje” atly eserlerini režisýor Ylýas Durdyýew sahnalaşdyryp halk köpçüligine ýetirildi. Şahyryň goşgularynda goşa mazmunly–hem çagalara, şonuň bilen birlikde-de, ulular üçinem ýazylan goşgular az däl. Edebi gözleglere baý döredijiligi bilen okyjylaryň söýgüsini gazanan halypa Hemra Şirow elmydama edebiýat meýdanynyň tämizligi ugrunda barlyşyksyz göreşýän ýazyjy. Çagalaryň şahyra sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary tötänden däldir, çünki ýazyjynyň eserleriniň köpüsi çagalara, bagyşlanýar. Çagalyk–bu biziň her birimiziň gelip çykan mekanymyzdyr. Bu ýurt nä derejede ýagty we mährem bolsa, şonda ulaljak çagalar hem şonça mähirli we gowy adamlar bolup ýetişerler. Şahyr çaganyň aň-bilime bolan höwesini oýarjak, tebigaty söýmeklige we töweregindäki adamlara düşünmeklige eltjek ýagşylyga çagyrýan çagalar üçin kitaplarydygyny aýdýar. Halypa şahyryň gelmegine çäksiz begenen 51-nji orta mekdebiň 4-nji “B”, “Ç” synpyň göreldeli okuwçylary Hemra Şirowyň goşgular ýygyndysyndan “Ýyrtylan kitap”, “Ýalta oglanjygyň arzuwy” atly goşgularyny sahnalaşdyryp ýerine ýetirdiler. Şahyr okuwçylar bilen geçirilýän duşuşykda olaryň aň-düşünjesini barlamak üçin düzen matematika dersi boýunça tapmaça goşgulary, edebi dilde arassa ýalňyşsyz gürläp bilmegi üçin edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç görnüşli goşgulary okap çaglar bilen sorag-jogap alyşýar. Çagalar öz gezeginde begenip şowhun bilen tapmaça goşgularyň jogaplaryny berýärler. Halypa şahyr kitaplary köpräk okamagy, diňe kitap bilen dostlaşsaň köp zady öwrenip boljakdygyny wagtyňy bisarpa tutmazlygy okuwçylara tabşyrýar. Geçirilen çärede kitaphananyň hünärmenleri şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan tomluk kitaplary we irki döwürlerde çap edilen kitaplardan kitap sergisini gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda gün-günden gülleýän, bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAPHANA EKSKURSIÝA BARÝARYS...

Kitaphanalar

24.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň okuwçylary ekskursiýa geldiler. Olary kitaphana hünärmenleri mähirli garşylap kitaphanamyzda hereket edýän bölümler, hem-de olarda alynyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Esasanda “Uly ýaşly okyjylara hyzmat ediş” bölüminiň kitap tekjelerindäki özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä bar bolan kitaplaryň many-mazmuny barada uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Kitaphanada özüňi alyp barmaklygyň kadalary hem-de kitaphanamyzyň hyzmatyndan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen hem ýaşajyk kitapsöýüjilere maglumat berildi. Kitaphanamyzyň diwarlyklaryndaky hemişelik hem-de wagtlaýyn kitap sergileriniň ähmiýeti dogrusyndaky berilen gürrüňler hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ekskursiýa gelmek bilen kitaphanamyzyň okyjylarynyň sanynyň artmagyna ýardam beren bu günki ýaşajyk okyjylarymyz hem-de olaryň mugallymlary kitaphana hyzmatyndan hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän kitap we kitaphana işiniň özleriniň bilim almaklarynda ähmiýetiniň ulydygyny bellediler. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim almaklyga, öwrenmeklige döredilýän giň şertler üçin ýaş nesillerimiz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI «BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

21.11.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň her bir günümiz şanly senelere beslenýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýunyň hem-de Birleşen Milletler guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk şanly senesiniň utgaşykly gelmegi hem bu döwletli ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu şanly sene mynasybetli dürli pudaklarda şol sanda Döwlet kitaphanasynda halkara derejesinde dabaralar, söhbetdeşlikler, giňişleýin kitap sergileri gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli “Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar” ady bilen geçirilen dabaranyň çäginde “Bitaraplyk- parahatçylygyň binýady” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri, ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi giň okyjy köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi.

No image
DIÝARYMYZDA TOÝLAR TOÝA ULAŞÝAR

Kitaphanalar

21.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş eden döredijilik işgärleri şu günler ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän dürli çäreler hakynda aýdyp geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli beýik işler, dabarasy dünýä dolýan şanly wakalar iň täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygyny nygtadylar. Bu gün dünýä halklarynyň dostlukly nazary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyza gönügýär. Olar öz söhbetleriniň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan täze goşgularyny okadylar. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde öz ynsanperwer syýasatlary bilen ähli umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

21.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary, gezelençde boldylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet binagärlik- gurluşyk institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy etdiler.Olar kitaphananyň bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMEN-RUS ORTA UMUMY BILIM BERÝÄN MEKDEBINIŇ KÖRPEJE OKUWÇYLARY BILEN EKSKURSIÝA

Kitaphanalar

21.11.2025

Şu gün biziň ekskursiýamyz Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta umumy bilim berýän mekdebiniň körpeje okuwçylary ekskursiýa geldiler. Kitaphanamyz çagalar edebiýatynyň milli gaznasy bolmak bilen bir hatarda görnüşi we maksatlaýyn işi boýunça çagalaryň hem-de ýetginjekleriň kitaba bolan isleglerini kanagatlandyrmak, neşir önümleriniň dürli görnüşlerine, şol sanda çagalar üçin niýetlenilen çeper edebiýatlara söýgi döretmek işini amala aşyrýar. Kitaphana hünärmenleri ýaş okyjylarda kitaba we bilime bolan söýgüni döretmeklikde alyp barýan işleri barada täsirli gürrüňleri berdiler. Kitaphanamyza ýazylmak bilen körpeje okyjylarymyz özleriniň göwün söýen kitaplaryny erkin gaznadan seçip almak mümkinçiliginden hem peýdalandylar. Ekskursiýa gelen körpeje kitapsöýüjülerimiz kitap bilen dostlaşmaklykda dana parasatlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.