logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY–SEBITDE WE DÜNÝÄDE PARAHATÇYLYK MEDENIÝETINI PUGTALANDYRMAGYŇ ŞERTI

Kitaphanalar

21.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen 84-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Bitaraplygy–sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň şerti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda parahatçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, ählumumy parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hemişelik Garaşsyz Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyrdylar we birnäçe kitaplaryň many-mazmuny dogrusynda gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ÝAŞLARYŇ SESI–PARAHATÇYLYGYŇ SESI

Kitaphanalar

21.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň 1 derejeli kitaphanaçysy Ogulsapar Işankulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyz belent üstünliklere beslenýär, şeýle ajaýyp günlerde ýaşlar baýragynyň eýesi bolmagym kitaphanaçylyk hünärime bolan buýsanjymy has-da artdyrýar. Döwrümiziň sesine ses goşup, kitaphana işini ösdürmekde, ýaş nesillerde kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmekde zähmetimizi gaýgyrmarys. Biz - ýaşlara uly ynam bildirýän, halal zähmet çekmäge, okamaga döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

No image
AGZYBIRLIK, PARAHATÇYLYK BAŞ ÝÖRELGÄMIZ

Kitaphanalar

21.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Agzybirlik, parahatçylyk baş ýörelgämiz» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Çärä TDP-niň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. “Budur türkmen binasy” ady bilen guralan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda esasan Türkmenistan öz Bitaraplygyny dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylyk, dostlukly aragatnaşyklary ösdürmeklige, taraplara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmeklige gönükdirýär. Şu işleri türkmen döwleti Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Bu halkara guramasyna agza bolan ilkinji gününden Türkmenistan öz syýasatyny umumyadamzat bähbitlerini türkmen halkynyň milli bähbitleri bilen utgaşdyrmagyň esasynda guramaga girişdi. Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen deňhukukly özara hormat goýujylykly, olaryň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk şertlerinde deňhukukly gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly şert döredýär. 12-nji dekabry halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýörelgeleýin esasda ulgamlaýyn alnyp barylýandygyna, döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň tutuş Aziýa yklymynda ylalaşdyryjy merkez höküminde halkara abraýyny ýene-de bir gezеk beýgeltdi diýip bellediler.

No image
KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Kitaphanalar

20.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy» esasynda «Kitaphana-rowaçlyklara badalga» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanaçylaryň raýatlarymyzyň ruhy baýlygyny ösdürmek, sowatlylygyny we dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde ylmy gözleglerini kanagatlandyrmak, boş wagtlaryny netijeli peýdalanmak, dürli döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ýaşlarymyzy döredijilik dünýäsine ruhlandyrmak, döredijilik bilen meşgullanýanlary goldamak we işlerine ýardam bermek, çagalary okamaklyga, bilimlerini artdyrmaklyga höweslendirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandyklary barada hem giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphana ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BIZIŇ ILIŇ ŞAHYRYDYR, BU ŞAHYR

Kitaphanalar

20.11.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr” atly duşuşyk. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr” atly duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmeni halkyň gözel şahyry G.Şagulyýewanyň manyly ömür ýoly we onuň döredijiligi barada täsirli gürrüňleri berdi. Şahyr watany söýmegiň, il-günüňe guwanmagyň, dynywsyz zähmet çekmegiň, ruhubelent ýaşamagyň, maksada okgunlulygyň, pespälligiň göreldesi. Ol ýyl ýazgylary altyn harplar bilen ýazylýan Watanymyzyň waspçysy, saýrak bilbili. Ol ýarym asyrdan gowrak wagt bäri türkmen edebiýatynyň keşigini gerdeninde göterip gelýän ussat. Şanly ýyllar, taryhy wakalar şahyr üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. “Ak gülleriň –ak ýolum”, “Göwün otyr aý içinde” atly ajaýyp şygyrlar diwanyny okanyňda, halypanyň edebiýat meýdanyna çyn söýgi bilen gelen şahyrlaryň biridigine nobatdaky gezek göz ýetirmek boýar. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren gyzykly gürrüňlerini talyp ýaşlar höwes bilen diňlediler. Gahryman şahyryň döredijiligine degişli neşir önümlerinden guran kitap sergimiz ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetlere guwanmaga, buýsanmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
KITAP GELJEGE ÝOL GÖRKEZIJI ŞAMÇYRAGDYR

Kitaphanalar

19.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” esasynda «Kitap geljege ýol görkeziji şamçyragdyr» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň karary esasynda “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy” kabul edilendigini, bu bolsa ilkinji nobatda kitaphanaçylary uly jogapkärçilige borçlandyrýandygy barada belläp, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda alnyp barylýan medeni syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň goşantlary çäksizdir diýip aýtdylar. Şeýle-de kitap adamzadyň ýaşaýyşy, ösüşi we kämilleşmegi üçin esasy gymmatlykdygyny, sebäbi kitabyň sahypalarynda ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanşykly ähli sowallara jogap tapyp bolýandygyny barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda talyplaryň kitap okamagyň ähmiýeti, ylym, bilim bilen bagly goşgulary, rowaýatly çykyşlary çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady, çärä bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisi hem çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Kitaphanalar

19.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly gurnagyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminde “Elipbiý katalogyndan gerekli edebiýatlary tapmaklyk” atly sapagy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Elipbiý katalogyndan gerekli edebiýatlary tapmaklyk” atly sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.Gurnagymyzyň bu sanynda Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitaphanaçylary özleriniň alyp barýan işleri barada talyplara giňişleýin gürrüň berdiler we sorag- jogap arkaly bäsleşik gurnadylar. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda okuwa, zähmete bolan höwesleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsirini ýetirdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesillere ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ MEDENI KÖPÇÜLIK IŞLERI BÖLÜMI KITAPHANA GELIP GOWŞAN TÄZE KITAPLARDAN KITAPHANA SYN GEÇIRILDI

Kitaphanalar

19.11.2025

Bu kitaphana synynda çykyş edenler Döwlet kitaphanasyna dürli pudaklara degişli täze gelip gowşan edebiýatlar bilen okyjylary tanyşdyrdylar,şeýle hem kitaphana synynda kitaplaryň iň gyzykly ýerlerinden okyjylara okap berdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
GARAŞSYZ DIÝARYM, BAKY BITARAP!

Kitaphanalar

19.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Garaşsyz Diýarym, baky Bitarap!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar örän köp boldy. Şu günler Garaşsyz Diýarymyz şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz baky Bitaraplygymyza laýyklykda sebitde parahatçylygy gorap saklamakda, dünýäde dost- doganlygy berkitmekde beýik işleri alyp barýar. Onuň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bu gün dünýä dolýar. Taryhda şöhratly ýollary geçen Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hemişelik Bitaraplyk, parahatlyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip Halkara derejesinde uly abraý gazandy diýip, nygtap geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK MEKANY-ZENAN BAGTYNYŇ MERTEBE MUKAMY

Kitaphanalar

19.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bitaraplyk mekany-zenan bagtynyň mertebe mukamy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet–bu biziň ata Watanymyz–eziz Türkmenistandyr!” diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi diýip giňişleýin söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.