logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«ÝYLLAR BOÝY DUÝGULARYMY KÖKERIP» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY MÄMMET SEÝIDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 100 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

10.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Köňülleriň çyragy» atly gepleşiginde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlap «Ýyllar boýy duýgularymy kökerip» atly söhbetdeşligi geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Ylham» seýilgähinde ussat şahyr Mämmet Seýidowyň heýkeli özüniň mynasyp ornuny tapdy. Bu hem onuň döredijiligine döwrüňdir, geljegiň goýýan uly hormatynyň nyşany. Türkmen şygryýetinde gaýtalanmajak zehinli şahyrlaryň biri Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi M.Seýidow öwüt-ündewe ýugrulan özboluşly, şahyrana dünýäsi bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda mekdeplik ýol goýup giden şahyr. Häzirki wagtda onuň kitaplary köpsanly nusgada hem-de ýokary hilli neşir edilip okyjylara ýetirilýär. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmenleri söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňleri etdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy özüniň ajaýyp döredijilik eserleri bilen baýlaşdyryp, ebedileşdiren ýazyjy-şahyrlarymyza aýratyn hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlaryny beýan etdiler.

No image
JADYLY ERTEKILER

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň 24-nji çagalar bagynyň çagalarynyň gatnaşmaklarynda «Jadyly ertekiler» atly syýahat gurnaldy. Bu ýerde körpeler ýörite kitaplara niýetlenen tekjelerde ýerleşdirilen kitaplar bilen tanyşdylar we kitaphana hünärmenleri tarapyndan birnäçe ertekileriň okaýşyny diňlediler, bu bolsa çagalarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdi. Çagalar hem öz gezeginde Watanymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler.

No image
AK ÝOLLARDA ROWAÇLANÝAN WATANYM

Kitaphanalar

07.11.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesi bilen welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Ak ýollarda rowaçlanýan Watanym» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde, medeniýet diňe bir döwletiň, jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy däl, eýsem, dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy mäkäm berkidiji güýç hökmünde çykyş edýändigini we bu barada hut alym Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda hem aýdyň edilýändigi, medeniýet ulgamynyň alyp barýan işleri hem ynsanperwerlik bilen berk baglydygy,ynsanperwerlik bolsa halkymyzyň aňyrdan gelýän ýardamyny gaýgyrmazlyk halkymyzyň asylly hem nusgalyk häsiýetlidigi barada durulyp geçildi.Ynsanperwerlik adamlaryň arasyndaky ýürekdeşli, dost-doganlyk garaýyşlary ösdürýär. Şol garaýyşlar bolsa ynsan ýüreklerine mähir köprüsini çekýär. Diýmek, biz dünýä ýaýylýan medeniýetimiziň, sungatymyzyň üsti bilen dünýä dost-doganlyk, ýürekdeşlik ýoluny çekýäris. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň döwrebap derejede galkynmagynda, dünýä ýaýylmagynda hemişelik Bitaraplygymyza möhüm orun degişlidir.Çünki hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň hiç haçan sowulmajak parahat durmuşynyň, bagtyýarlygynyň sarsmaz binýadydyr diýilip bellenildi.

No image
HASYL TOÝY BEREKEDIŇ MEKANY

Kitaphanalar

07.11.2025

Garaşsyz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, baýramçylyk senelerine beslenýär. Ynha, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” agzybir türkmen halky her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna uly taýýarlyk görýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem giň gerime eýe bolýar. Biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda hem baýramçylyga bagyşlap sergiler we çäreler geçirilýär. Çünki bu sene ene topraga yhlas siňdirip, aýratyn aladalanýan oba zähmetkeşlerimiziň, daýhanlarymyzdyr kärendeçilerimiziň arly ýyl çeken zähmetiniň netijelerine, miwelerine guwanmak mümkinçiligini döredýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny özgertmek boýunça döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alyp, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdirýän gök-bakja önümlerini, miweleri diňe bir ýurdumyzyň ak bazarlaryny bezemän, eýsem, daşary ýurtlara hem yzygiderli ugradylýar. Esasan hem güneşli ülkämizde mes toprakly ýerlerimizden önýän gök-bakja ekinlerine isleg bildirýänleriň sany soňky ýyllarda has hem artyp ugrady. Şeýle hem edermen babadaýhanlarymyzyň asylly zähmeti bilen bazarlarymyz, söwda nokatlarymyz, bereketli desterhanlarymyz ýylyň islendik paslynda hem ter önümlerden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar halkymyzyň parahat we abadan ýaşaýyşyny üpjün etmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetildi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. Topraga alyn derini siňdirip, bol hasyl alýan babadaýhanlarymyzyň hormaty aýratyn sarpalanyp, olaryň şanyna her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Watanymyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýy ýokary derejede toýlanylýar. Türkmen halkymyza mukaddes topragymyzdan bol hasyl alýan babadaýhanlarymyza päk zähmetiň miwesini görmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris!

No image
HASYL TOÝY-BEREKET BAÝRAMY

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Hasyl toýy–bereket baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde oba hojalyk pudagynda gazanylýan oňyn özgertmeler döwrüň ruhy bilen kemal tapýar. Şeýle giň möçberli maksatnamalaýyn işleriň netijesinde bu iri pudakda belent sepgitler gazanylyp, toprakdan bol hasyl alynýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilen “Bereketli türkmen saçagy” atly kitapda dünýäde iň gadymy hasaplanylýan ak bugdaý we iň süýji gawunlar biziň şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürülip ýetişdirilendigi we olaryň ussatly, zähmetsöýerligi baradaky beýan edilen maglumatlar barada hem täsirli söhbet edildi. Sahawatly türkmen topragynyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem egsilmez rysgalyny alamatlandyrýan Hasyl toýy beýik maksatlara ruhlandyrýan milli baýram hökmünde her ýyl uly joşguna beslenip, dabaralanýar. Çäräniň ahyrynda şeýle belent başlangyçlaryň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
«BEREKETLI TÜRKMEN TOPRAGY» HASYL TOÝY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

07.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän türkmen hasyl toýy mynasybetli «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylaryň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bereketli türkmen topragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda döredilýän azyk bolçulygy barada Bereketli topragymyzda ýetişdirilýän bol hasylyň gadyr gymmaty barada gürrüňler berildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly eserinden baý we köp dürli, lezzetli türkmen tagamlary, olaryň taýýarlanyş aýratynlygyny baradaky täsirli maglumatlar söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Hasyl toýy mynasybetli söhbetdeşlige gatnaşan halkymyzy ajaýyp, bolelin, bagtly durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
YNAM GÜÝÇLIMI BILIM

Kitaphanalar

07.11.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary. Türkmenabat şäheriniň 13-nji orta mekdebiniň 6-njy synyp okuwçylary bilen bilelikde «Ynam güýçlimi bilim» atly temada sorag-jogap alyşdylar. «Ynam güýçli» bu türkmen dilinde ýeňilmeýän ynam ýa-da güýçli ynam diýen jümledir. Bilim jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän,ony öňe ilerledýän gymmatlykdyr. Bilime, ylma bolan ymtylmalar hem-de gözlegler ynsan durmuşyny baýlaşdyrýar. Bilim ojagy bolan kitaphana okyjylary çekmeklik, edebiýatlary hödürlemegiň okyjylara täzeçe, döwrebap usulda hyzmat edilýär. Kitaba we onuň gadyr-gymmatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag başlary dik il bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
ARKADAG ŞÄHERI-BAKY BAGTYÝARLYGYŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

06.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň gurnamagynda «Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheri» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň akylly şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher - Arkadag şäheri kemala geldi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşa, abadan durmuşa, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydygy barada giňişleýin söhbetler edildi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
«ILHALAR ZEHIN» ATLY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖRNÜKLI ÝAZYJYSY WE USSAT TERJIMEÇI KÖMEK KULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 70 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Kitaphanalar

06.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjysy we ussat terjimeçi Kömek Kulyýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe kitaplary ýagny “Bary–ýogum” powesti, “Ganatsyz perişde”, “Gumda”, hekaýalaryny we “Halasgär” atly nowellasyny aýratyn-da şahyryň “Ömür kerweni” ady bilen neşir edilip giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen kitabynyň many-mazmun baýlygy hakynda beren gürrüňlerini ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Häzirki wagtda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi, olaryň döreden kitaplary we olarda beýan edilýän wakalaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetimiziň döredijilik mirasyny öwrenmäge giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
HALK KÖŇLÜNIŇ ŞAHYRLARY

Kitaphanalar

05.11.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaş okyjylarynyň arasynda “Halk köňlüniň şahyrlary” atly türkmen nusgawy şahyrlary Gurbandurdy Zeliliniň Mämmetweli Keminäniň, Seýitnazar Seýdiniň eserlerini ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen edebiýat agşamyny geçirdi. Türkmeniň nusgawy şahyry Gurbandurdy Zeliliniň watançylyk ruhuna eýlenen goşgulary, söýgi hakda, öwüt-nesihat äheňinde ýazan eserleri barada gürrüňler edildi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijilik ýoly hakynda hem gürrüňler diňlenildi. Onuň döreden şorta sözleri hem olarda beýan edilýän wakalar barada hem aýdyldy. XIX asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ýene biri Seýitnazar Seýidiniň watançylyk duýgularyna ýugrulan ajaýyp goşgularynda ata Watanymyzyň keşbini inçelik, ussatlyk bilen çekmegi başaran şahyrana döredijilik ýoly hakynda hem täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap hazynasyndan guralan göçme kitap sergimiziň ähmiýeti barada hem aýdyldy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watany söýmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny öz goşgularyna siňdirip, hakyky watansöýüjiligiň beýik mekdebini öz eserleriniň üsti bilen nesihat eden görnükli şahyrlarymyzyň döredijilik ýoly bilen ýaş nesilleriň öwrenmekleri üçin giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.