GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ
Muzeýler
15.09.2025Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Şöhratly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toý baýramçylygyna barýar. Biz Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkani Öwreniş Muzeýiniň işgärleri bolup, bu dabaraly baýramçylyga öz zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys. Ynha bu gün muzeýmiziň birinji gatynda ýerleşýän wagtlaýyn sergi zalynda baýramçylyga bagyşlanan «Garaşsyzlyk bagtymyz» atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara muzeý işgärleri hem-de ýaş talyplar, ýaşuly nesiller uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Sorag-jogaplar alyşylyp buýsançly sözler bilen birek-birege gutlag sözleri aýdyldy. Sözleýäs biz bu gün gezek-gezegne Bu gözel döwrümiň edip tarypyn Şeýdip ertirlere ýetirýäris biz Düýniň hem şu günüň beýik taryhyň ! Geçmişi şöhratly, şu güni buýsançly, geljegi nurana türkmen halky ! toýlar mübärek , gutly bolsun! Şu beýik döwri öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebesi belent bolsun! ___________________________________ GURBANJUMAÝEWA.D Muzeýiň ylmy işgäri 