logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

03.11.2025

2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Işewür özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Balkan welaýatynda täze desgalaryň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralarynyň Türkmenistanyň barha artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edýändigini belledi. Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini belläp, bu üstünlikleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny nygtady. Şeýle-de ol ata Watany Türkmenistanda giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmäge goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, gadymy döwürlerden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklary häzirki döwürde barha rowaçlanyp, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hyzmatdaşlyk birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda üstünlikli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz energetika ulgamyndaky taslamalara ünsi çekip, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýä we şol ýerden beýleki ýurtlara eksport etmek mümkinçiligini döretjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynda gurluşygyna badalga berlen, kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge ukyply toplumyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze, döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirjekdigine ynam bildirdi. Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

03.11.2025

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy. Baş prokuror B.Muhamedow 2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň bilimini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. _________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ AÝDYŇ NYŞANY

Täzelikler

03.11.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy 2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň, Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy-Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak, şeýle hem Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu dabaralaryň ýurdumyzda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat, ulag infrastrukturasyny giňeltmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler durmuşa geçirilýär, şäherleriň, ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

01.11.2025

31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar-оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnamagoşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi. Mejlisde daşary döwletleriň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog-dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi. Hökümet mejlisinde Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ŞAHYR TALYPLAR BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

30.10.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim alýan şahyr talyp deň-duşlarymyz bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna “Aýdym sungaty” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewa, “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl tayby Aýläle Gulmyradowa, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow we şol hünäriň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredow dagylar gatnaşdylar. Duşuşygy “Sazşynaslyk” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Uljaýewa Miýesser alyp bardy. Ilki bilen “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Meredowyň golýazma esasynda çap edilen “Nagmazar” atly goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy bilen başlandy. Ýusup Meredow bu goşgular ýygyndysyny özüne türkolog, filolog, lingwist, hemem şahyr Taýmaz Seýidowyň sowgat berendigini aýdyp geçdi. Soňra özüne ýakyn goşgularynyň birini okap berdi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan çap edilen “Parahatçylyk-köňül kelamy” atly kitabynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Mähri Tekäýewanyň, Aýläle Gulmyradowanyň, Ýusup Ýazgylyjowyň hem-de Ýusup Meredowyň goşgularynyň neşir edilmegi bizi buýsandyrdy. Duşuşygyň dowamynda talyp deň-duşlarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada gürrüň berdiler. Diňleýjileriň arasyndan hem “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Altyn Taganowa hem-de şol hünäriň 4-nji ýyl talyby Döwletmyrat Gurbangeldiýew öz döreden şygyrlaryndan we belli türkmen şahyrlarymyzyň goşgularyndan okap berdiler. Duşuşygyň jeminde talyp deň-duşlarymyz ýürek buýsançlaryny goşgy bentleri bilen beýan etdiler. Biz hem öz gezegimizde olara döredijilik äleminde we okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdik. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň, ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy talyp ýaşlarda sungatyň dürli ugurlary bilen tanyşmagynda, zehinlerini kämilleşdirmekde uly itergi bolup durýar. ________________ Altyn ÝANGYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
ÝURDUMYZDA TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILDI

Täzelikler

27.10.2025

26-njy oktýabrda ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde geçirildi. Bu ýerde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de alabaýlaryň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjy we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek maksady bilen, döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu işlere täze itergi berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kinologiýa toplumlarynyň hem-de merkezleriň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak we kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna esas döredýär. Şunuň bilen baglylykda, alabaýlaryň dünýädäki abraýyny we şöhratyny artdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl uly dabara bilen geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna daşary ýurtlardan köp sanly hünärmenler gatnaşýarlar. Türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmekde we wagyz etmekde Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Bu kitap diňe bir itşynaslar üçin gymmatly gollanma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň gelip çykyşy, taryhy-medeni ähmiýeti we türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada giňişleýin maglumat berýän düýpli çeşmedir. Onda taryhy we edebi maglumatlar, arheologiýa barlaglarynyň netijeleri beýan edilýär. Şeýle hem kitapda alabaýyň sakçy, goragçy we wepaly dost hökmündäki aýratynlyklary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri, alabaýlaryň tohum arassalygyny saklamaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasaty barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Eseriň diňe türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen alabaýy, onuň wepadarlygy, batyrlygy we asylly häsiýetleri barada giňişleýin düşünje almagyna ýardam berýär. ...Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Toplumyň açyk manežine barýan ýoluň ugrunda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden milli amaly-haşam, şekillendiriş sungaty eserleriniň, fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, neşir, haly, heýkeltaraşlyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy we döredijilik mümkinçilikleri görkezildi. Hususan-da, şekillendiriş sungaty eserlerinde türkmen alabaýynyň keşbine aýratyn orun berlipdir. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HALKARA «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ V MEJLISI GEÇIRILDI

Täzelikler

27.10.2025

25-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyňV mejlisi geçirildi. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu forum türkmen halkynyň milli baýlygy bolan edermen alabaýlaryň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmaga gönükdirilen möhüm wakadyr. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen mejlise ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy öwrenmäge hem-de dünýäde wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli itşynaslyk sungaty hem aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we köpeltmek, taryhyny we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy halkara guramalar we assosiasiýalar, ýuridik taraplar hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan hususy itşynaslar bilen uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek başlangyjyny öňe sürýär. Munuň özi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň at-owazasyny dünýä ýaýmaga uly ýardam berer. ...Forum başlamazyndan ozal, oňa gatnaşyjylar binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan amaly-haşam sungatynyň we fotosuratlaryň, halk senetçiliginiň, şekillendiriş sungatynyň, neşir önümleriniň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Olarda türkmen alabaýynyň gahrymançylykly we wepaly keşbi çeper beýanyny tapyp, myhmanlarda uly täsir galdyrdy. _______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» ATLY SAZ FESTIWALY ÝAŞ MUGALLYMLARYŇ ARASYNDA

Täzelikler

25.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly dowam edýär. Ýakynda hem “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallym- öwreniji Suraý Kubyýewanyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konserte Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary we halypa mugallymlary gatnaşdylar. Konsert mugallymynyň ýerine ýetirmeginde, Maýa Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde operalaryň ariýalary J.Puççini “Turandot” operasyndan Liunyň ariýasy, J.Werdi “Bal-Maskarad” operasyndan Oskaryň aýdymy bilen başlandy. Festiwalyň çäginde geçirilýän konsertiň dowamynda özüniň mylaýym sesi, owazy bilen türkmen aýdymlary R.Gutlyýewiň sazyna, Mollanepesiň sözlerine “Gitdim”, “Galmanam” türkmen halk aýdymyny, N.Halmämmedowyň sazyna, Mollanepesiň sözlerine “Tilden uýalar”, A.Esedowyň sazyna, T.Gurbanowyň sözlerine “Armanly”, K.Annanepesowyň sazyna, A.Annadurdyýewiň sözlerine “Haly dokaýan läläm”, Ç.Nurymowyň sazyna, I.Nuryýewiň sözlerine “Duşurmazmy” aýdymlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, dabara gatnaşýanlarda uly hyjuw, ylham döretdi. Konsertde diňe bir fortepiano saz guralynyň sazandarlyk etmeginde däl-de, eýsem, Mergen Astanowyň türkmeniň dutar saz guralynda sazandarlyk etmeginde “Parahatlyk guşy” atly ajaýyp aýdymy konsertiň soňunda örän täsirli ýerine ýetirilip, şowly tamamlandy. Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi biz ýaşlaryň zehinlerini kämilleşdirmäge, höweslerini has-da artdyrmaga uly itergi berýär. Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin. __________________ Arzuw AŞIROWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALARA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

25.10.2025

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheriniň durky düýpli özgerdi. Şunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda, şeýle hem Arkadag şäherinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. ...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we ýurdumyzyň abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň mekany hökmündäki derejesini ykrar eden Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýä aýan eden ajaýyp desga ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy döretdi. Munuň özi ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändiginiň we bu ugurda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz BMG-niň döredilenine 80 ýyl bolandygyny belläp, hemmeleri taryhy ähmiýetli şanly sene bilen gutlady. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN-ITALIÝA: ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞINDE TÄZE TAPGYR

Täzelikler

25.10.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT SERJIO MATTARELLANYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI 24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan we geljege ynamly garaýan üstünlikli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýurtlarymyz özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýärler. Türkmen hem-de italýan halklarynyň gatnaşyklarynyň gadymy kökleri bardyr. Beýik Ýüpek ýoly antiki döwürde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Parfiýa imperiýasyny Rim imperiýasy bilen baglanyşdyrypdyr. Marko Polo ýaly meşhur italýan syýahatçylary hem-de söwdagärleri öz eserlerinde türkmen topragy, medeniýeti, däp-dessurlary, meşhur ahalteke atlary we türkmen halylary barada maglumatlary galdyrypdyrlar. Şeýlelikde, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar baý taryhy binýada esaslanýar. Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky syýasy dialog ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berýär. 2009-njy, 2015-nji we 2019-njy ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň Italiýa Respublikasyna amala aşyran saparlary, 2014-nji ýylda Italiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary täze taryhy eýýamda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň berk binýadyny goýdy. Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Italiýa Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak hem-de parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça BMG-de öňe sürýän köp kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş edýär. Munuň özi ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigine ýa-da ýakyndygyna şaýatlyk edýär. Parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň netijeli halkara hukuga ygrarlydyklaryny görkezýär. “Merkezi Aziýa-Italiýa” formaty özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli platforma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň bu formatyň sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň Ýewropada esasy hyzmatdaşlaryň biri hökmünde Italiýa möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň köptaraplaýyn formatda ara alnyp maslahatlaşylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energetika, ulag we infrastruktura ýaly ulgamlarda mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy italýan tehnologiýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýär. _________________ «Türkmenistan» gazeti