logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SAZ FESTIWALY DOWAM EDÝÄR

Täzelikler

24.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Şu günki günlerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilýän “Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary” atly saz festiwaly dowam edýär. Bu festiwala konserwatoriýamyzyň ýaş mugallymlary we zehinli talyplary gatnaşyp, öz ukyp başarnyklaryny açyp görkezýärler. Ýakynda saz festiwalynyň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymlary Meýlis Goçmyradowyň we Ogulbagt Maşadowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konsertda Ogulbagt Maşadowanyň “Yzlama”, “Aýnam derdinden”, “Ýaranlar”, “Salamymny” ýaly türkmen halk aýdymlaryny hem-de “Daglar”, “Jerenler” ýaly ene topragymyzyň gözelligine bagyşlanan aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirmegi tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Soňra “Gözliniň”, “Ýow bagşy”, “Saltyklar”, “Ýandy bagrym” ýaly türkmen halk aýdymlary halypa bagşy Meýlis Goçmyradowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Halypanyň Garaşsyz Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny belentden wasp edip “Türkmenistanym” atly aýdymy ýerine ýetirmegi konserta gelen myhmanlar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle dabaraly konsertleriň, saz festiwallaryň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglygyny, mundan beýläk-de il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniñ hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. _______________ Baýramgeldi GARAÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASY: PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA TAGALLALARA 80 ÝYL

Täzelikler

24.10.2025

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda milli mirasymyza, ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun berildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyz yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi dünýäde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär, Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny has-da artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasy dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň Tertipnamasynda bellenilen maksatlar, esasan, adamzada howp salýan wehimleriň öňüni almakdan we oňa garşy göreşde halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekden, ýüze çykýan dawa-jenjelleri parahatçylykly ýol bilen çözmekden, halklaryň arasynda dostlukly, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary has-da berkitmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr. Häzirki wagtda BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýa, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeş, Halkara Kazyýet, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de guramanyň ýöriteleşdirilen edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

24.10.2025

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen duşuşyga gatnaşyldy. Mejlisiň wekilleri sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda boldular. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«KARAOKE» ATLY BÄSLEŞIK

Täzelikler

23.10.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna höwesli zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek maksady bilen birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde “Karaoke” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşyp özara bäsleşdiler. Bäsleşik üç tapgyrda geçirildi. Oňa gatnaşýan toparlar bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda türkmen we daşary ýurt estrada aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşige gatnaşyjylaryň diňe bir aýratynlykda ses ukyby däl-de, eýsem, aýdymy toparlaýyn ýerine ýetirijilik ussatlygy hem emin agzalary tarapyndan bahalandyryldy. Bäsleşigiň ahyrynda netijeler jemlenip, ýeňiji toparlar şowhunly el çarpyşmalar astynda yglan edildi. Bäsleşige gatnaşanlar milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, ýaşlaryñ zehinlerini doly açyp görkezmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. _______________________ Abadan MEREDOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
GELIŇ AÝDYM AÝDALYŇ!

Täzelikler

23.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wokal ansambllarynyň arasynda “Geliň aýdym aýdalyň!” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary emin agza bolup, talyplara adalatly bahalandyrdylar. Talyplar bäsleşigiň şertine görä ilki bilen dürli saz gurallaryň sazandarlyk etmeginde aýdym ýerine ýetirmek we bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçen wokal ansambllary bolsa a’capella aýdymyny aýtmaly. Wokal ansambllary diňe türkmen kompozitorlarynyň hem-de estrada sungatynyň halypalarynyň aýdymlaryny däl, eýsem, daşary ýurt aýdymlaryny-da ýerine ýetirdiler. Toplan ballaryň jemi esasynda tapawutlanan toparlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary: H.Kakaýewa bilen K.Annaýew, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary: A.Abdullaýewa bilen Y.Welhanow, hem-de şol okuw jaýyndan M.Muhammedow bilen A.Abdullaýewa. Olardan daşary hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplar topary aýratyn tapawutlandylar. Bäsleşigiň jeminde ýeňiji bolan wokal ansambllaryna diplom we sowgatlar gowşuryldy. Talyplar öz ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan edip, bäsleşigi tamamladylar. Şeýle bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň geçirilmegi zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly itergi bolup durýar. _______________________ Aýgün WELIÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
HALKARA NEBITGAZ FORUMY: INNOWASIÝALAR WE ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI

Täzelikler

23.10.2025

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ählumumy we sebit meýilleri, syýasy strategiýalar, kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dialog arkaly energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, döwlet hem-de hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermek, geljegi uly nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak, energetika merkezi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öwrenmek arkaly sebitde energetika özara baglanyşygyny ösdürmek şu gezekki çäräniň esasy maksadydyr. Utgaşykly görnüşde geçirilýän giň gerimli foruma dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar. Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu tebigy baýlygyny durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürýär. Ýurdumyz diňe bir çig mal eksporty bilen çäklenmän, köpugurly, ýokary goşulan bahaly we ekologiýa taýdan arassa energetika ekoulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirýär. Bu strategiýanyň çäklerinde ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, bar bolan turba geçirijileriň ygtybarlylygyny pugtalandyrmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary goldamak, sebit başlangyçlarynyň çäklerinde täze energetika geçelgelerini döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Türkmenistan ýokary goşulan bahaly önümçiligi ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Ammiagyň, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligine uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, ugurdaş pudaklary ösdürmäge hem-de daşary ýurt tehnologiýalaryny çekmäge ýardam berýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmak hem-de gaýtadan işlemek prosesiniň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap sanly çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmak pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we onuň maýa goýumlar üçin özüne çekijiligini artdyrmagyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen birlikde, pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen täze okuw merkezleri döredilýär, halkara hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, iri infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek, pudagy sanlylaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän tagallalar ýurdumyzyň uzak möhletleýin ösüşi maksat edinýändigini görkezýär. Bu yzygiderli strategiýa energiýa serişdelerini milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň binýadyna öwrüp, halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «ENOC» HEM-DE «DRAGON OIL» KOMPANIÝALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

23.10.2025

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Emirates National Oil Company (ENOC)» hem-de «Dragon Oil» kompaniýalarynyň başlygy Said Al Taýeri, şeýle hem «Dragon Oil» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdulkarim Al Maazmini kabul etdi. Işewürler bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyklaryny beýan edip, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini, Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmünde halkara giňişlikde abraýynyň barha artýandygyny bellediler. Şeýle hem olar Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň hem-de wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Işewürler amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda iş alyp barmagyň özleri üçin uly hormatdygyny belläp, netijeli işlemäge berýän yzygiderli goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz myhmanlaryň saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy-2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşjakdyklaryny, ýurdumyzda bu ulgamda alnyp barylýan işler, ýetilen sepgitler bilen tanyşjakdyklaryny aýtdy hem-de olaryň geçirjek duşuşyklarynyň nebitgaz pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek esasynda depginli ösdürilýär. Häzirki wagtda nebitgaz pudagy ýurdumyzyň iň bir depginli ösýän pudaklarynyň biridir. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy, esasan-da, ýerli çig maly ulanmak arkaly, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan, şeýle hem eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi bellenildi. ___________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Täzelikler

23.10.2025

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hindistan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Döwletara gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Bu bolsa, öz gezeginde, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu geljegi uly taslamalar sebitde energiýa howpsuzlygyny üpjün eder we gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly itergi berer. ___________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ALTYN GÜÝZÜŇ WASPY

Täzelikler

22.10.2025

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, Aşgabat şäherinde durky täzelenen Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähinde, ýurdumyzyň şahyrlarynyň «Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyşlary geçirildi. Bolçulygyň, rysgal-bereketiň hem-de özboluşly gözelligiň pasly bolan güýz döredijilik adamlarynyň pikir-garaýyşlarynyň, duýgularynyň has-da kämilleşmegine uly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin güýzde ýazylan eserler manyly kämil pikirlere baý bolup, kalbyňy täze oý-hyýallara doldurýar. Ynha, şeýle pikir-garaýyşlar «Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyş çäresinde çykyş eden, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Oguljemal Çaryýewanyň, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Akmyrat Hojanyýazowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Çemen Annaberdiýewanyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy, ýaş şahyr Kerimberdi Hakberdiýewiň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Altyn güýzüň gözellikleri her bir adamyň kalbyna döredijilik ylhamyny, täsin pikirleri eçilýär. Hoşboý ysly gülleriň, altynsow öwüsýän daragtlaryň özboluşly ysy, seriňi durlap, kalbyňy heýjana getirýär. Tebigatyň tylla reňke boýan baglarynyň gatyrawsy ýapraklary diýseň özüne çekiji. Altyn güýzde goýny gözellige beslenen seýilgähiň görnüşini synlamagyň özem aýratyn lezzet berýär. Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän döwrebaplaşdyrylan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy seýilgähiniň al-elwan gülli, bagy-bossanly tebigaty ajaýyp döwrümiziň ösüş-özgerişlerine buýsanjymyzy artdyryp, kalby ylham-joşgunly şahyrlarymyzda ýakymly duýgulary oýardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy dabaralara beslenip giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şahyrlarymyzyň ýüreginden syzylyp çykan şygyrlaryny okaýyşlary has-da täsirli boldy. Her bir şygyrda parahat Watanymyza hem-de tebigatymyza bolan çäksiz hormat-sarpa aýdyň duýuldy. Seýilgähde ildeşlerimiziň rahat dynç almagy, şadyýan çagalaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur sertler döredilen. Bu seýilgähe dynç almaga gelýän bagtyýar raýatlaryň köplügini göreniňde guwanýarsyň. «Altyn güýzüň waspy» atly aýdyşyk äheňli çeper okaýyş çäresine gatnaşyp çykyş eden şahyrlarymyz, medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy gülledip ösdürýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. _________________ Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ BARŞY WE TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

Täzelikler

22.10.2025

21-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. Bu bolsa ýurdumyzda başy başlanan asylly işleriň depginleriniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. “Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň ýokary ekologik derejesi ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň toplumlaýyn esasda amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar. Bu ýerde täze şäheriň gün-günden gözelleşmegine oňyn täsirini ýetirýän giň möçberli işler ýerine ýetirilýär. Bu bolsa şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir. ...Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň nusgalyk şäheri derejesine eýe bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen we ýurdumyzyň ekologik derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda möhüm ähmiýeti bolan ählihalk bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, yssy we sowuk howalara çydamly, elmydama ýaşyl öwüsýän bag nahallarynyň seçilip alynmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler. ________________________ «Türkmenistan» gazeti