logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«ITB BERLIN – 2026» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRYLDY

Syýahatçylyk

13.03.2026

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda, Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen «ITB Berlin – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. «ITB Berlin» – dünýädäki iň iri sergi bolup, oňa her ýyl ýüzlerçe ýurtlardan 10000 golaý adam gatnaşýar. Bu sergi syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda häzirki döwürde syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berlip, geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, milli we medeni-taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, taryhy ýadygärlikleri özboluşlylygy hem-de milliligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Bular halkara derejesinde geçirilýän çärelerde giňden mahabatlandyrylýar.

No image
ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄN SERGI

Halkara gatnaşyklary

26.02.2026

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde dabaraly açylan, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etmeli «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde, bu serginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu sergide sergilenen, Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerinden ýüze çykarylan gadymy gymmatly tapyndylar syýahatçylarda, muzeý öwrenijilerde, taryhçylarda, giň halk köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki döwürde has-da üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, ata-babalarymyzyň miras goýan medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Bu arheologik tapyndylarynyň bir bölegi Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergide hem görkezilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/85274.jpg) Bu sergi Türkmenistan bilen Italiýanyň arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda alyp baran köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijesidir. Italiýanyň arheologlary türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirip gelýärler. Bu netijeli hyzmatdaşlyk gymmatly taryhy tapyndylary ýüze çykarmaga, öwrenmäge we olary halk köpçüligine tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Serginiň dünýäniň iň gadymy muzeýleriniň birinde guralmagy bu çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar we Türkmenistanyň baý taryhy mirasyny dünýä ýaýýan medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rim şäherinde geçirilmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde, Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Serginiň açylan döwründen bäri, Türkmenistanyň baý medeni taryhy bilen gyzyklanýanlaryň müňlerçesi bu sergä tomaşa etdiler.

No image
SYÝAHATÇYLYK ULGAMYNDA NETIJELI IŞLER

Syýahatçylyk

28.11.2025

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” syýahatçylyk forumy öz işini dowam edýär. Bu syýahatçylyk forumy Özbegistanyň halkara syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde geçirilýär. Halkara forum Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde tejribelerini paýlaşmaklaryna we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige gönükdirilendir. Şeýle-de forumyň çäklerinde Daşkendiň sebitdäki iň uly syýahatçylyk sergilerinden biri bolan TITF (Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy) geçirilýär. Bu sergä “Aýan”, “DnTours”, “Trawelco”, “Syýahatçy”, “Hazar Travel”, “Gadymy Miras”, “Dekor Türkmenistan” we beýleki pudak wekilleri ýaly öňdebaryjy türkmen syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar. Sergä gelýän myhmanlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy, özboluşly tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen içgin tanyşýarlar. Geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädimleriň biridir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/wew.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%BDaw.jpg)

No image
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞKENT ŞÄHERINDE MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERINI BIRLEŞDIRÝÄN HALKARA ÇÄRELER DOWAM EDÝÄR

Syýahatçylyk

14.11.2025

Şu gün Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Medeniýet ministrleriniň birinji duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş edip, Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny, köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Geçirilen halkara çäreler dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge, medeni-ynsanperwer ulgamynda baý tejribe toplamaga ýardam bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň ruhy we medeni mirasyna, aň-bilimine gyzyklanmalary höweslendirmekde netijeli häsiýete eýe boldy. Ýurdumyz dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürip diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýäde parahatçylygyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar.

No image
SEBITIŇ RUHY WE MEDENI JEBISLIGINE TÄZE ÄDIM

Syýahatçylyk

13.11.2025

Merkezi Aziýa halklary hoşniýetli goňşuçylyk, jebislik, birek-biregi goldamak, ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitde parahatçylygy üpjün etmek ugrunda çykyş edýär. Döwletleriň arasynda özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen halkara ähmiýetli çäreler giň gerim alýar. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady. Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr%203.jpg) Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de Merkezi Aziýada ruhy mirasy gorap saklamak, aň-bilimi ösdürmek biziň esasy wezipelerimiziň biridigini, munuň özi ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň we özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm ugurlary bolup durýandygyny belledi. Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän bu halkara çäre medeni-ynsanperwer we ruhy ähmiýete eýe bolup, geljekde umumy medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam berer. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/Ministr-1.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «UN TOURISM»-IŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNA GATNAŞÝAR

Syýahatçylyk

10.11.2025

Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň («UN Tourism») Baş assambleýasynyň 26-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. 160-dan gowrak delegaty bir ýere jemlän çäre, 2025-nji ýylyň 7-11-nji noýabry aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/220.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/330.jpg)

No image
UGANDA RESPUBLIKASY BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDA SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK MASLAHATLAŞYLDY

Syýahatçylyk

23.10.2025

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde Uganda Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisi we ikinji sekretary bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni we syýahatçylyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Uganda Respublikasynyň syýahatçylyk ministrliginiň wekilleri bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň arasynda medeni we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça göni wideo aragatnaşyk arakly iş duşuşygyny geçirmeklik, hem-de iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmaklarynda tanyşdyryş syýahatçylygyny gurnamaklyk boýunça teklipler hödürlenildi.

No image
TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ TARAPYNDAN SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Syýahatçylyk

24.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň wekili we ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-16-njy sentýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen halkara syýahatçylyk forumyna gatnaşdylar. Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçirilen bu çärä Türki Döwletleriň guramasynyň (TDG) agza we synçy döwletleriň wekilleri we syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Häzirki döwürde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamlarda we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar barha kämilleşdirilýär. TDG tarapyndan geçirilen forum ähli ýurtlaryndan gelen syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri üçin örän ähmiýetli boldy.

No image
TÜRKMEN WEKILIÝETI DUŞANBE ŞÄHERINDE GEÇIRILEN HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMYNA GATNAŞDYLAR

Syýahatçylyk

24.09.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçylygynda wekiliýet topary BMG-Syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwiliniň we Täjigistan Respublikasynyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça komitetiniň başlygy Jamşed Jumahonzodanyň çakylygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Duşanbe şäherinde geçirilen syýahatçylyk forumyna we onuň çäginde geçirilen syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. Bu çärä ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Aşgabatsyýahat», «Eşretli syýahat» Hazar ugry, «Halkara syýahat» syýahatçylyk kärhanalary özleriniň syýahatçylyk önümleri bilen gatnaşdylar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 200-den gowrak syýahatçylyk kärhanalary ýurdumyzyň raýatlaryna we daşary ýurtly raýatlara syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýärler. Bu kärhanalaryň dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilýän halkara syýahatçylyk sergilerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden mahabatlandyrýarlar.

No image
TÜRKMEN SYÝAHATÇYLYK KOMPANIÝALARY TÄJIGISTANDAKY «DITE-2025» SERGISINЕ GATNAŞÝARLAR

Syýahatçylyk

19.09.2025

Türkmenistanyň öňdebaryjy syýahatçylyk kompaniýalary-«Eşretli syýahat», «Hazar Travel», «Jahana syýahat», «Gadymy Miras», «Halkara syýahat» we «Aşgabat syýahat» 18–20-nji sentýabr aralygynda Duşenbede geçirilýän «DITE-2025» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy habar berýär. Serginiň ekspozisiýasy myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy, täsin taryhy ýadygärlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşdyrýar we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden görkezýär. Serginiň çäklerinde geçirilen maslahatda türkmen wekilleri daşary ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen duşuşyp, tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary berkitmek we täze bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Täjigistanyň paýtagty Duşenbede penşenbe güni açylan DITE-2025 sergisine 200-den gowrak syýahatçylyk kompaniýa gatnaşýar. Olaryň 65-si daşary ýurt kompaniýalarydyr diýip, Täjigistanyň döwlet habarlar gullugy «Hovar» habar berýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2k.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3k.jpg)