logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHATY

Täzelikler

29.08.2025

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň gymmatyny öwretmekde bilimiň orny» ady bilen mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Maslahatda «Bilim berk binýatly binadyr», «Ylym-bilim umumadamzat gymmatlygydyr», «Halkara gatnaşyklarynda bilim ulgamynyň aýratynlygy», «Orta asyr çeşmelerinde Merw kitaphanalary», «Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep», «Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilimiň orny», «Milli terbiýe–asylly ýörelge», «Medeni gatnaşyklarda sungatyň döredijilik ýoly», «Şekillendiriş sungatyň döredijilik aýratynlygy», «Binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň sazlaşygy» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.

No image
YNAMLY NESILLER, WEPALY ÝAŞLAR !

Kitaphanalar

29.08.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy «Ynamly nesiller, wepaly ýaşlar!» ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmenabat şäheriniň 6-njy çagalar bagynda geçirilen çärede hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagyny, döwrebap bilim almagy bolup durýar. Güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–DÜNÝÄ DANASY

Kitaphanalar

28.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–dünýä danasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatlygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini, şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK-ÄHLI BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

28.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Garaşsyzlyk-ähli bagtyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde alnyp barylan beýik işler,ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde we sungatymyzda, halk hojalygynda gazanylan ajaýyp üstünlikler hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
ŞÖHRAT-ŞANY DÜNÝÄ DOLAN,ARKADAG SERDARLY WATAN!

Kitaphanalar

28.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde 2025-nji ýylymyzyň «Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Şöhrat-şany dünýä dolan, Arkadag Serdarly Watan!» ady bilen dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylymyzda alnyp barylýan beýik işler, halkara derejesinde we sebitde geçirilýän dürli çäreler, dürli halkara maslahatlar, ylymda-bilimde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny nygtadylar.

No image
MILLILIK–NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Täzelikler

28.08.2025

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny, şeýle hem ýokary derejede guramaçylykly geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Millilik–nesil terbiýesiniň özeni» atly söhbetdeşlik geçirildi.

No image
BILIMLI ÝAŞLAR–WATANYMYZYŇ KUWWATY

Muzeýler

28.08.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şu günler milli senenamamyzda mynasyp orun alyp her ýyl ýurdymyzda täze okuw ýylynyň buşlugy bolup bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çärelere giň gerim berilýär. Dabaraly çäreler hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar Gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün «Bilimli ýaşlar-watan kuwwaty» atly Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33.jpg) Gülälek BATYROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

27.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýar. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER

Kitaphanalar

26.08.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň «Hyzmat ediş» bölümi tarapyndan kitaphananyň okalga otagynda kitaphanamyza Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryndan sergi gurnaldy. Sergide goýlan sowgatlyk kitaplar Ýaponiýanyň taryhy, medeniýeti, edebiýaty hakyndaky iňlis dilinde çap edilen kitaplardyr. Biz kitaphana hünärmenleri bu kitaplar bilen öz okyjylarymyzy tanyşdyrdyk. Daşary ýurt kitaplaryndan peýdalanmak, öwrenmek, tanyşmak isleýän okyjylarymyza kitaplary açyk gaznadan alyp peýdalanmak mümkinçiliginiň bardygyny düşündirdik. Kitaplar bilimleriň egsilmez çeşmesidir, adamzadyň asyrlar boýy döreden ruhy baýlygydyr. Kitaplardan we beýleki metbugat eserlerinden köpçülikleýin peýdalanmagy guramakda medeni aň-bilim edaralarynyň esasy görnüşlerinden birisi bolan kitaphanalara uly orun degişlidir. Kitaphanalar, olaryň ilat arasynda kitaby ýaýratmak baradaky alyp barýan işleri umumy medeniýetiň aýrylmaz bir bölegidir. Biz kitaphana hünärmenlerine işlemäge, zähmet çekmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunmyzy aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

No image
«MEDENI MIRAS» GEPLEŞIGI

Muzeýler

26.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bilim ösüşleriň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşik «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, muzeýiň Mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş etdi. Gepleşige gatnaşan myhmanlar häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýandygy dogrusynda belläp geçdiler.