logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
HALYNYŇ ERŞI – DUTARYŇ KIRŞI

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Halynyň erşi – dutaryň kirşi» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň ajaýyp reňklerini özünde jemleýän haly gelin-gyzlarymyzyň on barmagyndan çykan mukaddeslikdir. Gadym döwürlerden bäri ene-mamalarymyz bu mukaddeslige aýratyn hormat goýup ony nesilden-nesile geçip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesi, dünýä ýaýylan şöhrat-şany, mukaddeslik aýdymy bolup bu gün bagtyýar günlerimizde, öwüşginli halylarymyz erkin hem eşretli durmuşymyzyň göllerdäki waspy bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENIÝET - HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-yndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet - halkyň ruhy şamçyragy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her güni şatlyk-şowhuna, täsin wakalara beslenýän günlerde Medeniýet hepdeligi türkmen halkynyň agzybirligini, ruhybelentligini milli medeniýetine bolan buýsanjyny açyp görkezýän baýramçylykdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeligi halkymyzyň döredijilik ruhyny ösdürýän, täze zehinleri ýüze çykarýan, olara giň ýol açýan, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýan, halkymyzyň kalbynda watançylyk duýgusyny döredýändigi we ösdürýändigi barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENIÝETIŇ SUNGATYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

27.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň sungatyň baýramy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Medeniýet her bir halkyň ýaşaýyş durmuş, medeni derejesini kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada belläp, her ýyl ýurdumyzda dabaraly geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň baý medeni mirasyny öwrenmekde, medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde hem-de ýeten belent derejesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedigi barada giňden beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmen medeniýetiniň halkara derejesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP – ÇUŇ PAÝHASDYR, TÄSIN SÖHBETDIR, KITAPHANALY ÝURT GENÇLI DÖWLETDIR

Kitaphanalar

27.06.2025

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda milli medeniýetimizi, şol sanda ýurdumyzyň kitaphana ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alynyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hakyndaky Karara gol çekmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirkizaman şertlerinde goralyp saklanylmagyny üpjün etmekde, halkymyzyň kitaba, okamaga bolan höwesini artdyrmakda, ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýetli işler alynyp barylýar, bu bolsa kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda düýpli kämilleşmeginde uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň, şol sanda seýrek duş gelýän, köp okalýan kitaplaryň, ylmy edebiýatlaryň, çeper eserleriň, ensiklopediýalaryň, sözlükleriň skaner edilmegi, kitaphana hyzmatyny ýokary derejede guramaga, many-mazmuny has-da baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak, dünýä edebiýatyna aralaşmak mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döredýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/tdyjtyn.jpg) Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly aladalar edilýär. Muňa Lebap welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň, ähli amatlyklary bolan häzirkizaman kitaphananyň, bu ýerlerde işlemek üçin döredilip berlen giň şertleriň, kitaphana işine yzygiderli innowasion ösüşleriň ornaşdyrylmagy, merkezi kitaphanalarda döredilen bitewi elektron kitaphana ulgamyny mysal getirip bileris. Bu ugur boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylan, okyjylara hyzmat etmek boýunça giň şertler döredilen, kitaphanalaryň gaznasyndaky kitaplary elektron görnüşe geçirmek boýunça netijeli, yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu ýerde buýsanç bilen bellemek gerek, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr - sahabat gaznasynyň hasabyna Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygy, şeýle-de kitaphanada teleskop arkaly asman giňişligini synlamaga, bu ýerde obserwatoriýa otagynyň gurnaljakdygy, döwrebap sanly tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljekdigi, ýaş nesillerimiz üçin okuw sapaklaryny geçirer ýaly şertleriň boljakdygy, bu bolsa çagalaryň bilimlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ylmy açyşlaryň möhüm ähmiýetine göz ýetirmäge mümkinçilikleri berer.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DOST-DOGANLYGYŇ BINÝADYDYR

Täzelikler

26.06.2025

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi baý many-mazmuna eýe bolýar. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan dürli çäreler halkymyzyň ruhy döredijilik güýjüni aýdyň açyp görkezýär. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde, ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäde öňe sürýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň döwrüň aýnasy bolan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürýär. Parahatçylyk, hoşniýetlilik ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy esasynda, diňe bir ýurdumyzda däl, bütin dünýäde parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň höküm sürmegi ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde ýurdumyz dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzda parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri has-da baýlaşdyrylýar. Parahatçylyk ynsanyýetiň baş küýsegi, tapylgysyz baýlygy. Asudalygyň, parahatçylygyň binýadyny berkitmäge goşant goşmak her bir adam üçin mukaddes işdir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sdgrdstr.jpg) Häzirki döwürde dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän döwlet hökmünde halkara giňişligindäki at-abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň has-da berkäp, dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy parahatçylygyň kepiline öwrülýär. Parahatçylyk adamzady gülläp ösüşlere, öňe gidişliklere atarýar. Halkymyz söz sungatyna, söz ussatlaryna hemişe uly sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Täze ösüşlere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda žurnalistikanyň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen žurnalistikasyny döwrebap derejede ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda, dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan tutumly işleriň gazet-žurnallarda şöhlelendirilişi barada hem çykyşlar edildi. «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahata gatnaşan žurnalistleriň belleýşi ýaly, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimizi giňden wagyz etmek, baý medeni mirasymyzy nesillere ýetirmek, ýurdumyzyň dünýädäki belent abraý-mertebesini makalalarda hem-de döredilýän eserlerde giňden açyp görkezmek žurnalistleriň esasy wezipeleridir. Halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ynamly bolmagy, parahatçylygyň binýadynyň berk bolup, has-da pajarlap ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Goý, bütin dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak hemişe gülläp össün.

No image
ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ HALK USSASY

Medeni miras

26.06.2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki 167 belgili karary bilen tassyklanan Çeper döredijiligiň halk ussasy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Halk çeper döredijiligi boýunça bilermen toparynyň 2025-nji ýylyň 10-njy iýunyndaky geçiren mejlisiniň karary esasynda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada eýe bolan we «Çeper döredijiligiň halk ussasy» Şahadatnamasy gowşurylan ussalaryň sanawy 1 Täjigül Gurbanowa - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy - Keçe taýýarlaýjy 2 Aýgözel Täşliýewa - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň ýaşaýjysy - Keçe taýýarlaýjy 3 Baýmämmet Baýjanow - Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri - Tüýdük ussasy 4 Atamyrat Hekimow - Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy - Dutar-gyjak ussasy 5 Fahritdin Jummiýew, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher medeniýet merkeziniň estrada orkestriniň artisti - Deprek ussasy 6 Tylla Atageldiýewa - Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň arassaçylyk bölüminiň entomologynyň kömekçisi - zergär

No image
BILDIRIŞ

Täzelikler

26.06.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 29-na sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde ähliňizi hoş gördük!!! sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «onlaýn» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45;

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Kitaphanalar

26.06.2025

Ahal welaýatynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Miras»,«Aşgabat » teleýaýlymlary bilen bilelikde «Milli medeniýetimiziň belent waspy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi halkymyzyň toýunyň toýlara ulaşýandygyny,toý -baýramlarymyzyň goşa-goşadan toýlanýandygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET – YNSAN KALBYNYŇ NURY

Kitaphanalar

26.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap «Medeniýet – ynsan kalbynyň nury» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga welaýatymyzyň medeniýet ulgamynda köp ýyllardan bäri tapawutlanyp zähmet çekýän medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar medeniýet we sungat äleminde ýetilen belent sepgitler barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çäräniň dowamynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler we ajaýyp pursatlarda medeniýet ulgamynda döredijilikli zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
MEDENIÝET HALKYŇ RUHY BAÝLYGY

Kitaphanalar

26.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň ruhy baýlygy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän we geçiriljek dabaraly çäreler dogrusynda bellenilip geçildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.