logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP AKYL HAZYNASY

Kitaphanalar

30.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Kitap akyl hazynasy» atly kitap sergisi geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda gurnalan sergide nusgawy we häzirki zaman şahyrdyr ýazyjylarymyzyň gymmatly eserleri mynasyp orun aldy. Sergä tomaşa eden talyp ýaşlar özleriniň gyzyklanýan ajaýyp kitaplary bilen has içgin tanyş boldular. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bu guralan serginiň özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
ÇAGA-DURMUŞYŇ GÜLI

Kitaphanalar

29.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleriniň gatnaşmagynda çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap «Çaga-durmuşyň güli» ady bilen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik gezelenji geçirildi. «Bal süýji, baldan-da bala» diýen peder pähiminde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary saýylýan çagalara söýgüsi şöhlelenýär. Baldan süýji balalaryň şatlyga we bagtyýarlyga beslenen gülki seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazlaýar. Hakykatdan hem, ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» saýylýan, ýüzleri nurana mähriban çagalar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir. Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsiniň näderejede beýikligini görkezýär. Mahlasy, çaga-durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun! Munuň üçin ähli şertler-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

29.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagy alaýaz edýän näzlije çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň görki hasaplanýar. Her ýyly ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 59-njy çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde körpe çagalaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk agşamy geçirildi. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda çagalar üçin türkmen halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergileri we gülküli gurjak sahnalary görkezilip, halk döredijiliginden tapmaçalar, goşgular ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasy körpe çagalaryň tanslary, aýdymdyr-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny dowamata öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

29.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bitaraplyk parahatçylygyň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä ýaň saljak dabaralar bilen bellenilip geçilmegi, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýandygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň okgunly ösmegi, bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK-ÖMRÜŇI GORAMAK

Muzeýler

29.05.2025

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Daşky gurşawy goramak-ömrüňi goramak” atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Diýseň köp adamly uly ruhubelentlikde, ýokary guramaçylykda geçirilen sergä talyp ýaşlar mugallymlar Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň işgärleri,muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar . Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygy we Daşky gurşawy goramak barada şeýle dürdäne setirleri belleýär:,,Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlük we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär”diýip belleýär Ekologiýa howpsuzlygy meselesi boýunça alnyp barylýan işleriň pugta kanunçylyk binýadynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.Garaşsyzlyk ýyllarynda bu babatda zerur kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Olaryň arasynda “Tebigaty goramak hakynda”, “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň kanunlary hem bar. Bu kanunlar tebigaty goramak we bu babatda ýüze çykýan dürli meseleleri çözmegiň kanunçylyk esaslaryny kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, dünýäniň 150-den gowrak ýurdunda bellenilýär. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär.Häzirki döwürde daşky gurşawy gorap saklamakda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz has-da ösdürilýär. Tebigatda gözel Watanymyzyň nurana keşbi bar.Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir.Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär.Bu işler ýurdumyzyň bütin ekologiýa ulgamyna, şol sanda topragyň, suwuň, howanyň arassalygyna, biodürlüligiň ýagdaýyna zyýan ýetirmeli däldir.Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhybelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr.

No image
TÜRKMENISTAN BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ WATANY

Kitaphanalar

29.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarymyzyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bagtyýar çagalygyň Watany» atly çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Ýaşajyk okyjylarymyzyň özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara, döwrebap bilim-terbiýe almak, okamak, öwrenmek, dynç almak üçin döredilen mümkinçiliklere buýsanyp ýerine ýetiren goşgularynda, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary belentden ýaňlandy. Dabaramyzyň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
WELOSIPED-SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Muzeýler

29.05.2025

Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Welosipediň oýlap tapylan döwri 1870-nji ýyllara gabat gelýär. Welosiped diňe bir adam tarapyndan oýlanyp tapylmandyr. ХVIII asyra çenli dürli pikirler we oýlap tapyşlar öňe sürlüpdir. Käbir maglumatlarda, welosipediň käbir çyzgylaryny Leonardo da Winçiniň eserlerinde hem duş gelnendigini belleýärler. Welosiped sporty özüniň taryhyny XIX asyrdan alyp gaýdýar. Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýeti 1894-nji ýylda döredilýär. Bu jemgyýetiň welosipedçileriniň ilkinji ýaryşy 1895-nji ýylda geçirilipdir. “Welosiped” adalgasy “velos” (çalasyn) we “pes” (aýak) diýen latyn sözlerinden gelip çykýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Welosiped sporty beden we psihiki sagdynlygy, fiziki işjeňligi gowulandyrmagyň möhüm serişdesi bolup hyzmat edýär. Welosiped dünýäde iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar. Munuň bilen baglanyşykly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2018-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyçlaryny nazarda tutup, her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul etdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini çydamlylyk, paýhaslyk, giň göwünlilik ýaly oňat häsiýetler bilen terbiýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda welosport bilen türgenleriň bir topary däl-de, müňlerçe adam meşgullanýar. Çünki ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere her gezek ildeşlerimiziň müňlerçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde şeýlede Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped-sagdynlygyň girewi” atly gurnalan wagtlaýyn sergini guramagyň esasy maksady, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, döwletimiziň sport hem-de sagdyn pikirli, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty bilen baglanşykly ýazan kitaplary, Türkmenabat şäherinde geçirilen köpçülik çäreleri barada gürrüň berýän welosipet ýaryşyndaky fotosuratlardan pursatlar görkezilýär. Bu ýerde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň we Türkmenabat şäheriniň sport mekdepleriniň kubok we medallary, welosipediň taryhy baradaky ylmy maglumatlar ýerleşdirilendir.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR-ÝAGTY ERTIRLERIŇ UMYDY

Kitaphanalar

29.05.2025

Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Balkanabat şäherindäki 23-nji çagalar bagynda Halkara çagalary goramagyň güni mynasybetli «Bagtyýar çagalar ýagty ertirleriň umydy» atly ertirlik geçirildi. Çärä kitaphana işgärleri, çagalar bagynyň çagalary, terbiýeçiler gatnaşdylar. Çärede çykyş eden kitaphana işgärleri, terbiýeçiler Watanymyzyň geljegi bolan eýjejik çagalarymyz çagalar bagynda öz öwrenen aýdymlarynda goşgularynda ajaýyp döwrümizi, watanymyzy wasp etdiler. Çäräniň dowamynda çagalara adamynyň gowy gylyk häsiýetleri bolan ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edep-ekramlylyk, işeňňirlik, zähmetsöýerlik gylyklarynyň ýar bolmagyny arzuw edip Watanymyzy mundan beýläk uly üstünliklere ýetirjek ynsanlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler. Çärä gatnaşanlar şeýle şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY–WATANYMYZYŇ KUWWATY

Kitaphanalar

28.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy–Watanymyzyň kuwwaty» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi. Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz-ýaş nesiller bilen owadan. Ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ösen ylmy-tehniki tilsimatlardan baş çykaryp bilmegi, öz höwes eden hünäri boýunça bilim almagy üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim ojaklary we çagalar baglary, sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Şolaryň biri hem ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan dürli ýaşdaky okyjylar üçin niýetlenen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky okyjylar bilen yzygiderli duşuşyklar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, gezelençler, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gelýän okyjylara kitaphananyň içiniň aýratynlyklary, kitap sergileri, okalga zallary, bölümleri, obserwatoriýa otagy bilen içgin tanyşdyrylýar. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly – bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
BITARAPLYK BUÝSANJYM, MILLI MIRASYM

Kitaphanalar

28.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi, Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.