logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
PARYZDEPE

Taryhy ýadygärlikler

28.05.2025

Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde 2024-nji ýylda möwsümleýin işler alnyp baryldy. Gazuw-barlag işleriň dowamynda arheologlar Paryzdepe ýadygärliginden keramika böleklerini ýüze çykardylar. Bu keramika bölekleri arassalanylyp, alymlar tarapyndan öwrenilende eneolit döwrüne degişlidigini kesgitlediler. Keramikanyň ýüzünde goňur reňkli üçburç şekiller çekilip, bezelendigi aýdyňlaşdyryldy. Keramika bölekleri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň rejeleýjileri A.Şaýymowa we K.Berdimämmedow tarapyndan rejelenýär. Keramikada rejeleýiş işleri doly tamamlanandan soňra Türkmenistanyň muzeýleriniň birine tabşyrmak meýilleşdirilýär.

No image
PEDERLERIŇ NUSGALYK ÝOLY

Kitaphanalar

28.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň hem gatnaşmagynda «Pederleriň nusgalyk ýoly» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşynda ýeňiş gazanmagy we türgenleriň, futbolçylaryň haýyşy esasynda toparyň gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gullugyna geçirmegi, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi bilen şol pul baýragyny Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze guruljak binasynyň gurluşygyna gönükdirmek hakyndaky karary mynasybetli kitaphanaçylar ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Hem-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin irginsiz zähmet çekjekdiklerine tüýs ýürekden ynandyrdylar. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY-ÝÜREKLERIŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

28.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy» atly gezelenç geçirildi. Türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik wekili, kerwenbaşysy Magtymguly Pyragy joşgunly zehinini, manyly ömrüni mähriban halkyna bagyş eden, Watanyny tüýs ýürekden söýen watançy şahyrdyr. Beýik söz ussady milli dilimiziň ähli baýlyklaryndan, çeperçilik serişdelerinden ussatlyk bilen peýdalanyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, ýaşaýyş-durmuşyny, häsiýetini açyp görkezipdir. Şahyryň şygyrlary adamlaryň aňynda ynsanperwer garaýyşlary, ýaşaýyş, durmuş barada oňyn, sagdyn pikirleri oýaryp, ruhy gymmatlyga öwrülipdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda, amala aşýar. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem gymmatlygyna öwrülip, ebedi ýaşaýar. Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
DILIM BAR-DÜNÝÄM BAR

Kitaphanalar

28.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi «Dilim bar-dünýäm bar» atly kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler «Dilim bar-dünýäm bar» diýen jümle türkmen halkynyň diline we medeniýetine goýýan uly hormatynyň beýanydyr. Bu jümle dilimiziň diňe bir aragatnaşyk serişdesi däl-de, eýsem, halkymyzyň taryhyny, ruhy baýlygyny, milli aýratynlyklaryny saklaýan we geljek nesillere geçirmegiň iň möhüm serişdesidigini görkezýär. Häzirki zaman maglumat we tehnologiýalar döwründe daşary ýurt dillerini bilmek her bir adam üçin möhüm zerurlyga öwrüldi. Daşary ýurt dilleriniň arasynda iň köp ýaýranlary–iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, ispan ýaly diller bolup, bu diller dünýäniň köp ýurtlarynda bilim, söwda, syýahatçylyk we diplomatiýa ýaly ugurlarda giňden ulanylýanlygy barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA-ROWAÇLYKLARA BADALGA

Kitaphanalar

28.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphana rowaçlyklara badalga» atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň «Kitaphanaçylyk» fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi BEKU. kitaplary ýüklemegiň düzgünleri barada özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kataloglaryň, kartotekalaryň ulgamy hakynda olary nähili ýerleşdirmeli, gerek bolan maglumatyňy dogry we çalt tapmak maksady bilen nähili işleriň alnyp barylýandygyny, kataloglaryň görnüşlerini şeýle-de halypamyz BEKU-yň elektron katalogyna maglumaty nähili ýüklemelidigini we gerek bolan maglumatyňy nähili gözlemelidigini tejribe üstünde görkezdiler. Şeýlede talyp-ýaşlaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
SIZ DURMUŞYŇ GÖZELLIGI, GELJEGI

Kitaphanalar

28.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýakynda «TW4 Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşajyk okyjylarymyzyň gatnaşmagynda «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Dabaramyzyň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlyk bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaç almagyny arzuw etdiler.

No image
ÝAŞ ZEHINLERIŇ BÄSLEŞIGI

Täzelikler

28.05.2025

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy bilen ýurdumyzda gelejekki nesillerimiziň asuda Watanymyza, bagtyýar halkymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Gahryman Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri, öz hünäriniň ussat eýesi bolmaklary, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan giň gözýetimli, her bir işe döredijilikli çemeleşýän bäsleşige ukyply öňdebaryjy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli bolsa ýurdumyzda parahatsöýüjilikli, dost-doganlykly gatnaşyklara esaslanýan giň gerimli çäreler, forumlar, festiwallar, bäsleşikler geçirilip, parahatçylygy wagyz etmek baş şygara öwrüldi. 2025-nji ýylyň maý aýynyň 20-ne ýurdumyzyň ähli çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda “Bagtyýar nesil parahatçylygy wasp edýär” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige gatnaşan çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlary “Türkmen milli saz gurallary”, “Halk saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Fortepiano”, “Aýdym aýtmak sungaty”, “Bagşyçylyk sungaty”, “Horeografiýa sungaty” ugurlary boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy saz eserlerini, nusgawy we häzirki zaman tanslaryny ýerine ýetirdiler. Eminler tarapyndan saýlanan ýeňijileri sylaglamak dabarasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda geçirilip, ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Diplomlar we Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bolsa ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Dabarada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktory M.Kerimow çykyş edip, “Bagtyýar nesil parahatçylygy wasp edýär” atly döredijilik bäsleşigine gatnaşan çagalaryň döredijilik başarnyklarynyň we taýýarlyklarynyň ýokarydygyny aýratyn bellemek bilen, olaryň ýurdumyzyň saz sungatynyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna uly ynam bildirdi. Dabara ýeňijileriň konsert çykyşlary bilen dowam edip, parahatçylygy wasp edýän aýdym-saz eserleri ýaş aýdymçy sazandalar tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi hem-de bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip beren medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleriniň belentden-belent ýaňlanmagy bilen jemlendi. Sähra BAÝRYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy

No image
SEÝITNAZAR SEÝDI - SERKERDE ŞAHYRYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 250 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

27.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Seýitnazar Seýdi serkerde şahyr» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda aýdy-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Seýitnazar Seýdi türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry-Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dowam edip, ägirt uly döredijilik mirasyny galdyrandygy, şahyryň esasan hem liriki, watançylyk we terbiýeçilik ähmiýetli eserleri, şeýle-de türkmen zenanlarynyň gözelligi baradaky eserleri päkizeligiň, wepadarlygyň nyşany bolup durýandygy barada söhbet etdiler. Serkerde şahyryň şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem örän uly orun eýeleýändigini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň goşgy setirlerinden döredilen birnäçe aýdymdyr, sazlary sungat ussatlary ýerine ýetirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bolsa taryhy şahsyýetlerimizi, nusgawy edebiýatymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
JENNET MEKAN AŞGABAT

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Jennet mekan Aşgabat» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirdi. Dabarada çykyş edenler gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň ak mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Ak mermere beslenen Aşgabat bu gün Orta Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Ak şäherimiz ýurdumyzyň ýüregi hem ýüzüniň tuwagy. Altyn gümmezli köşkler uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýanlygy barada çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen mähirli gutladylar. Okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
AŞGABAT GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

27.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Aşgabat gözelligiň nusgasy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Aşgabat hemmetaraplaýyn kämil ösen, arassa şäherleriň biri hökmünde ykrar edilen, ak arzuwlaryň amala aşýan merkezleriň biri bolan paýtagtymyz halkara derejesindäki döwrebap ýollary, ak mermere beslenen köşgi-eýwanlary, dünýä çykýan şaýollary, nusgalyk, ýokar amatlykly edara binalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly jaýlary, döwrebap institut-uniwersitetleri bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen girdi. Sergä gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.