logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÇAGALAR WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELEJEGI

Täzelikler

30.05.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Murgap etrap Medeniýet öýünde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly çäre gurnaldy. 1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň güni giňden bellenilýär. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýete eýedir. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY - DÖWLETIŇ ABATLYGY

Muzeýler

30.05.2025

Güneşli Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly «Bütindünýä çagalary goramagyň Halkara güni» mynasybetli geçirilýän çäreler ülkämiziň gözel ýerlerinde guralýan täsirli gezelençler, baýramçylyk gününde çagalaryň toý şatlygyny has-da artdyrýar. Şeýle täsirli gezelençleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy - döwletiň abatlygy» at bilen gurnaldy. Diýseň täsirli ýatda galyjy pursatlara baý bolan gezelenjiň dowamynda muzeýde ýerleşdirilen taryhy we ülkämiziň gözel ýerlerini suratlandyrýan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalan täsirli hem-de gyzykly pursatlara baý bolan gezelenjiň dowamynda olar ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza baýramçylyk günlerinde ýüreklerinden joşup çykýan arzuwlaryny, buýsançly sagbolsunlaryny joşgunly beýan etdiler.

No image
Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Muzeýler

30.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem şu ýylyň 29-30-njy maýynda ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly iki günlük ylmy-usuly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary muzeýleriň halkara medeni gatnaşyklarynyň orny, muzeý gymmatlyklaryny toplamak, seljermek we kataloglaşdyrmak işleri, muzeýleriň geljegi: sanly giňişlikdäki sergiler we 3D ekspozisiýalar, milli gymmatlyklary wagyz etmekde sergileriň orny we jemgyýetçilik täsiri, muzeý we jemgyýet: ilat bilen gatnaşygy güýçlendirmegiň ýollary, muzeýler – halk döredijilik mirasynyň goragçysy we wagyzçysy, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde muzeýleriň ähmiýeti, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly dürli mowzuklar boýunça çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda Döwlet muzeýiniň hem-de ýurdumyzyň beýleki muzeýleriniň tejribeli hünärmenleriniň muzeý işinde sanly ulgam, muzeýlerde internet ulgamyny peýdalanmagyň usullary, kompýuter sowatlylygy, muzeý gymmatlyklaryny elektron görnüşine geçirmek barada ylmy-usuly okuw sapaklary giňişleýin esasda sorag-jogaplar we şekilli görnüşler arkaly alnyp baryldy. Ylmy-usuly okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Gülbahar Ýangibaýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory Merdan Hydyrow, Türkmenbaşy şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Maýagözel Çaryýarowa, Daşoguz şäher Bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary Parahat Durdygylyjow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Ylmy usulyýet bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa çykyş etdiler. Maslahatyň ikinji gününde gymmatlyklary çeper rejelemek we dikeltmek boýunça tejribe okuwy we ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagynyň dowamynda dürli görnüşli keramika önümlerini, surat eserlerini, kitaplary we mata önümlerini rejelemegiň aýratynlyklary barada maglumat berildi. Muzeý hünärmenleri Döwlet muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan gymmatlyklaryň rejeleniş aýratynlyklary baradaky ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryna işjeň gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen ylmy-usuly okuw maslahaty ýurdumyzyň ähli muzeý hünärmenlerini bir ojaga jemlemek bilen özara tejribe alyşmakda we taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmekde geljekki üstünliklere itergi berýän deslapky ädim boldy.

No image
GÜL DIÝARYŇ GÜL-GUNÇASY – ÇAGALAR

Kitaphanalar

30.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gül Diýaryň gül-gunçasy – çagalar» atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu göçme sergide türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan halk döredijiligine degişli ertekili, sanawaçly, ýaňlytmaçly, goşguly ajaýyp kitaplar bilen guraldy. Dabara gatnaşan bagtyýar çagalarda we olaryň ene-atalarynda bu kitap sergisi uly gyzyklandyrma döretdi we olar özlerine degişli kitaplar bilen tanyşdylar. Şeýle-de özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Bu sergi çaga terbiýesinde ruhy-ahlak häsiýetleriň kemala gelmegi üçin örän uly ähmiýetlidir. Sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
SIZ DURMUŞYŇ GÖZELLIGI, GELJEGI

Kitaphanalar

30.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän, 12-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bilen bilelikde «Siz durmuşyň gözelligi, geljegi» atly, 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli edebi-sazly ertirligini geçirdi. Edebi ertirligiň başynda körpeje balalar, çagalar şahyrlaryň goşgusyna döredilen aýdym bilen başladylar we çagalar birnäçe goşgulary labyzly aýtmak bilen, sahnalaşdyrylan oýunlary görkezip, göwünleri galkyndyrdy. Şeýle-de kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly ertekili hem çagalar şahyrlaryň goşguly kitaplaryndan sergi gurnady. Gahryman Arkadagymyz: «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir» diýýär. Hakykatdan-da, bu günki çagalar – ertirlere ynam, geljegiň dowamaty. Bagtyýar körpeleriň begenjine, toý şatlygyna şaýat bolup, olar bilen deň gülüşmek, oýnamak göwünlerde iki esse şatlygy oýarýar. Ýürekleri heýjana getirýän çaga gülküsini, şadyýan owazlaryny diňlemegiň, eşitmegiň lezzeti bir başga. Edebi-sazly ertirligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKISI, ÇAGALAŇ SESI

Kitaphanalar

30.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýakynda, 1-nji iýun, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap «Çagalaryň gülkisi, çagalaň sesi» ady bilen «TW4 Türkmenistan» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda baýramçylyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň başynda kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalara her ýylyň Iýun aýynyň 1-ne bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilmegi çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň, ösüp gelýän ýaş nesliň ähli babatda mynasyp durmuşy üçin örän amatly şertleri döretmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada täsirli gürrüňler berdiler. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, asuda Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAP AKYL HAZYNASY

Kitaphanalar

30.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Kitap akyl hazynasy» atly kitap sergisi geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda gurnalan sergide nusgawy we häzirki zaman şahyrdyr ýazyjylarymyzyň gymmatly eserleri mynasyp orun aldy. Sergä tomaşa eden talyp ýaşlar özleriniň gyzyklanýan ajaýyp kitaplary bilen has içgin tanyş boldular. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary bu guralan serginiň özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
ÇAGA-DURMUŞYŇ GÜLI

Kitaphanalar

29.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleriniň gatnaşmagynda çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap «Çaga-durmuşyň güli» ady bilen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik gezelenji geçirildi. «Bal süýji, baldan-da bala» diýen peder pähiminde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary saýylýan çagalara söýgüsi şöhlelenýär. Baldan süýji balalaryň şatlyga we bagtyýarlyga beslenen gülki seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazlaýar. Hakykatdan hem, ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» saýylýan, ýüzleri nurana mähriban çagalar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir. Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsiniň näderejede beýikligini görkezýär. Mahlasy, çaga-durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun! Munuň üçin ähli şertler-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

29.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öý-ojagy alaýaz edýän näzlije çagalar biziň bagtyýar durmuşymyzyň görki, maşgala binýadynyň görki hasaplanýar. Her ýyly ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Türkmenabat şäheriniň 59-njy çagalar bagynyň usulçylary bilen bilelikde körpe çagalaryň gatnaşmaklarynda baýramçylyk agşamy geçirildi. Baýramçylyk dabaranyň dowamynda çagalar üçin türkmen halk ertekilerinden düzülen göçme kitap sergileri we gülküli gurjak sahnalary görkezilip, halk döredijiliginden tapmaçalar, goşgular ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasy körpe çagalaryň tanslary, aýdymdyr-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Dabaranyň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny dowamata öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Kitaphanalar

29.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bitaraplyk parahatçylygyň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä ýaň saljak dabaralar bilen bellenilip geçilmegi, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýandygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň okgunly ösmegi, bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.