logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BILDIRIŞ!

Teatr we kino dünýäsi

04.06.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 15-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary hem-de «Gündogar ýyldyzlary» milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! www.sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «online» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34; 39-80-44; 39-80-45

No image
HYTAÝ ATŞYNASLYK MEDENIÝETINIŇ WE DEHUA AK FARFORYNYŇ SUNGATY

Halkara gatnaşyklary

03.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr. Köp asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejede ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän «Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog» atly medeni çäräniň çäginde 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk medeniýetiniň sergisi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu sergide birnäçe eksponatlar – eýerler, bedew atlaryna bagyşlanan suratlar we heýkeller, dehua ak farforynyň häzirki zaman ajaýyp eserleri görkezildi. Sergide görkezilen eýerleriň ählisi haşam bezegliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli materiallardan döredilen bezeglerinde bagt getirýän mifiki jandarlaryň keşbi suratlandyrylan kümüş haşamlanan eýerler has hem täsir galdyryjydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/hhnj.jpg) Bu sergide örän ussatlyk bilen döredilen dehua farforynyň ajaýyp dünýäsine syýahat boldy. Bedewleriň hormatyna bagyşlanyp birnäçe taslama eserleri ýerine ýetirilipdir. Muňa mysal edip «Rahat seýil», «Tiz şowlulyk», «Möwç urýan akym», «Bilelikde ösüşe tarap», «Şanly syrat», «Dessine gazanylan üstünlik», «Täsir galdyryjy» ýaly sungat eserlerini agzamak bolar. Bu döredilen sungat eserleriň her biri janly suratlandyrma eýedir. Ondan başga-da dürli temada ýerine ýetirilen «Tämizligiň damjasy», «Asman we ýeriň arasynda», «Müň nesliň halypasy», «Çäksiz», «Perişdejigiň süýji ukusy», «Pion telärindäki düýş», «Aý zenan hudaýy», «Uýalar» ýaly her bir taslama çuň mazmuna eýe bolup, gözellik düşünjesi sungatda ajaýyp pikirler bilen beýan edilýär. Arassa we nepis dehua farfory – bu hytaý sungatynyň müdimi gözelligidir. «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk» medeniýetiniň sergisi tomaşaçylarda ruhybelentlik duýgularyny oýaryp, ýakymly täsir galdyrdy. ###### Şemşat HEZRETGULYÝEWA, ###### Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy

No image
WELOSIPED SPORTUNYŇ ÖSEN DIÝARY

Kitaphanalar

03.06.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň ähmiýeti dogrusynda kitaphana hünärmenleriniň arasynda «Welosiped sportunyň ösen diýary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda bu senäniň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylandygyny buýsanç bilen diňlenildi. Bu wakanyň ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejesinde parahatçylyk dörediji kuwwatyny dünýä äşgär edendigi barada hem gürrüňlere orun berildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
DÜNÝÄ SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Kitaphanalar

03.06.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Dünýä syry kitap bilen açylýar» atly söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaplaryň nesilleri kämilleşdirmeklikde tutýan orny we bu ugurda dünýäniň gazanan iň kämil usullaryny kitaphana ulgamyna giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly döwletimizde alnyp barylýan möhüm resminamalar we ajaýyp maksatnamalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly gymmatly eserleriniň ýaşlary döwrebap terbiýelemeklikde, olaryň öwrenmäge, okamaga bolan höwesini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigi barada hem buýsançly söhbetler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdymyzda kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, ýaş nesillerimiziň ähli taraplaýyn kämil bolup ýetişmegi barada giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
HASABAT KONSERTI

Täzelikler

03.06.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda medeniýet we sungat, ylym-bilim syýasaty giňden öňe sürülýär. Ýurdumyzda ýaşlary aýdym-saza, sungata höweslendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Medeniýet hepdelikleriniň geçirilmegi, bäsleşikleriň, festiwallaryň, konsertleriň yzygider gurnalmagy aýdylanlaryň subutnamasyna öwrülýär. Aýdym-saz sungatyndan ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplar halypa mugallymlardan tälim alyp, saz barada umumy medeniýet we sungat barada ençeme zatlary öwrenip saza içgin aralaşýarlar. Ýokary okuw mekdebimizde mugallymlar zehinli talyp ýaşlaryň ýerine ýetirijiligini ösdürmekde olary yzygiderli konsert çykyşlaryna taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Ýakynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hasabat konserdinde hem zehinli ýaşlaryň birnäçesini öz hünärlerinden ýokary derejede taýýarlygyny görkezmegi başardylar. Konserdiň dowamynda bagtyýar talyp ýaşlary diňe türkmen kompozitorlarynyň eserlerini däl-de, eýsem daşary ýurt kompozitorlarynyň hem dünýä meşhur eserlerini ussatlarça ýerine ýetirdiler Ýerine ýetirilen eserlerden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Rasul Nagiýewiň we 2-nji ýyl talyby Kerwen Mirzoýewiň F.Mendelsonyň «Trio» eseri, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ismail Sähetmyradowyň ýerine ýetiren rus kompozitory P.Çaýkowskiniň «Skerso» atly eserini, «Fortepiano» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Şaislam Komiljanowyň ýerine ýetiren F.Şopeniň Etýud №24 eseri, «Aýdym sungaty» hünäriniň 5-nji ýyl talyby Sähra Akmämmedowanyň ýerine ýetiren belli türkmen kompozitory D.Öwezow, A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operasyndan Şasenemiň ariýasy ýaly eserleri diňleýjiler köpçüligi üçin ýatda galyjy eserler boldy. Hasabat konserdiniň ahyrynda konserwatoriýanyň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» atly aýdymy dabara gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş bolup ýaňlandy. ###### Altyn ÝANGYÝEWA ###### Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY - BAGTYÝAR ÝAŞAÝŞYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

02.06.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenistanyň Tebigaty goraýyş jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatyny wagyz etmek maksady bilen «Ekologiýa abadançylygy - bagtyýar ýaşaýşyň çeşmesi» atly mowzuk agşamy geçirildi. Bu çärä Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Ekologiýa abadançylygy-durmuş abadançylygy”» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler.

No image
ÇAGALAR – WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Kitaphanalar

02.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda 70-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalar – Watanymyzyň röwşen geljegi» ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurduň bagtyýarlygy, ertirki günüň aýdyňlygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýan çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygy, olaryň sagdyn ösüp ulalmagy, sowatly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräň dowamynda türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler. Çärede körpeje çagajyklara türkmen halk ertekileriniň birnäçesi barada gürrüň hem berdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Kitaphanalar

02.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli «Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Çykyş edenler güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde Çagalary goramagyň Halkara gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär. Biziň türkmen halkymyzda «Bal süýji, baldan bala süýji» diýen ajaýyp nakyl bar. Çagalar hakdaky alada – biziň bagtyýar geljegimiz, aýdyň ertirimiz hakyndaky aladadyr. Çaga – durmuşyň güli. Olar biziň şu günümiz, ertirimiz, geljegimizdir diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN-BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Täzelikler

31.05.2025

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni bolup, dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi. Güneşli tomus paslynyň ilkinji gününde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna hem bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär. Ol diňe bir tomus paslynyň we mekdep okuwçylarynyň dowamly tomusky dynç alşynyň ilkinji güni bolmak bilen çäklenmän, körpe nesliň geljegi üçin has uly ähmiýetli seneleriň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylaryny tanyşdyrmak üçin çeperçilik sergisi guraldy. Bu sergide Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän dürli surat eserleri ýerleşdirildi. Häzirki günlerde bu senä bagyşlanan dabaralar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigi bilen raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşilýär. Ýaş raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň saglygyny berkitmek, ýokary hilli bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuş goldawyna mätäç bolan çagalara uly üns berilýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu gazna durmuş goldawyna mätäç çagalar üçin ynsanperwerlik hemaýatlaryny yzygiderli alyp barýar. Biziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz, hakykatdan hem, bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän milli Liderimiziň asylly işleriniň aýdyň netijesini döwrebap sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde, toplumlarynda görüp bilýäris. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda hem döwrebap toplumlar, seýilgähler, merkezler gurlup halkymyza sowgat edildi. Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni parahatçylygy, ynsanperwerligi, dostlugy, raýdaşlygy dabaralandyrýan sene hökmünde aýratyn orun tutýar. Ýurdumyzda maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek we olara bilim bermek babatynda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ajaýyp künjekleri bolan Arkadag şäherinde, Gökderede we Hazaryň kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ertekilerdäki köşkleri ýada salýan çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup, bagtyýar nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn ösmekleri, çagalyk döwrüni şadyýan, täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Mukaddes Garaşsyz Watanymyzy şanly wakalar, dabaralar bilen şöhratlandyrýan 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda hem bu halkara baýramyň şanyna merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherdir obalarynda, gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezlerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan milli öwüşginli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän şirin owazly aýdymlary, joşgunly sazlary belentden ýaňlanyp, şadyýan gülküleri zemini doldurýar. Munuň özi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, röwşen geljegimiz bolan mähriban körpelerimiziň aýratyn söýgi, alada bilen gurşalyp alynmagyna hem-de ýaş nesillerimiziň milli we ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýändir. Arkadagly Serdarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesillere asuda durmuşy kepillendirmek ugrunda edýän aladalary hem munuň aýdyň görkezijisi bolup durýar. Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-halk, ýurt bähbitli, sebit we umumyadamzat ähmiýetli işlerinde rowaçlyk, üstünlik arzuw edýäris! ###### Göwher SAPARMYRADOWA ###### Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

No image
ÖŇE BARÝAR KÖŇLI HYJUW, HOŞ BOLUP, ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR!

Kitaphanalar

30.05.2025

Çagalar biziň durmuşymyzyň iň esasy baýlygydyr. Çagalaryň goraglylygyny we olaryň abadan ösüşini üpjün etmek bolsa iň esasy maksadymyz bolup durýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň hemmämiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp Balkan welaýat kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Öňe barýar köňli hyjuw, hoş bolup, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ady bilen ertirlik geçirdi. Çärä Balkan welaýatynyň 27-nji çagalar bagynyň körpeleri gatnaşdylar. Çärede Balkan welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy türkmen halk ertekileri barada gyzykly gürrüňler berdi. Körpeler hem Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän goşgulary uly buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Çäräniň dowamynda kitaphananyň çagalar otagynda gyzykly oýunlary oýnap wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Baýramyňyz gutly bolsun, dünýämiziň bezegi bolan eziz çagalar! Goý, bagtyýar çagalygyň ajaýyp mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň gülki sesleri, şadyýan owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun!