logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ARKADAG ÝYLDYZY

Kitaphanalar

04.07.2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bir ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskobyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu günki gazanylan üstünlikler doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiýadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplara üstünlikli çykyş edip Diplomlara ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda astronomiýa ylmyna uly üns berilýändigini subut etdiler. Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmaçalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ARKADAGYŇ KITAPLARY-ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

04.07.2025

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi bilen bilelikde «Arkadagyň kitaplary-ýaşlaryň görelde mekdebi» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip maslahata gatnaşanlar giňden belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK-ÝÜREK NURYMYZ!

Kitaphanalar

04.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne Mary welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak-ýürek nurymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Mary welaýat Adalat bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň maksady, Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy paýlaýjy halk bolup tanalyp, onuň geljekki döwürde hem ýaşlarymyzyň arasynda wagyz edilmegi bolup durýar. Söhbetdeşlik gatnaşyjylarda şeýle-de talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda biz ýaş hünärmenlere gelejekde kitaphana ulgamyny ösdürmekde birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy, goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il- ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

04.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli , sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, kitap sergilerini gurnamak, ertekilerden parçalary sahnalaşdyrmak, sport oýunlary ýaly çäreler guralyp, çagalarda ata Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşlere, halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli toý baýramçylyklaryna söýgi, buýsanç döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÖKDEREDÄKI DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

04.07.2025

2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, ýazyjy Ogulgurban Gaşlakowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, şahyr Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, ýaş şahyr Süleýman Haýdarow dagy gatnaşdylar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň eziz Watanymyzda hem-de halkara derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň çagalar barada edýän uly aladalarynyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň, şertleriň örän buýsançlydygyny bellediler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/666666.jpg) Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar uly höwes bilen diňlediler. Şeýle hem çagalar öz düzen goşgularyny aýdyp berip, döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Dünýäde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyz Türkmenistan dörediji ýaşlaryň hem ýurdudyr. Bu çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy, ajaýyp geljegi barada uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

No image
DOST-DOGANLYGYŇ MEDENI ÇÄRESI

Halkara gatnaşyklary

03.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz sungat däpleri bilen dünýä tanalýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» bolsa türkmen milli medeniýeti bilen dünýä sungat däplerini özünde jemleýän täzeden-täze eserleri döredilmegine getirýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyz goňşy Gündogar döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşykda bolup, dünýä giňişliginde türkmen medeniýetini we sungatyny beýan etmäge örän uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýan dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň öňe sürülmeginde medeniýet we sungat äleminde uly ösüşler gazanylýar. 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň muzeý işgärleriniň Türkmenistana sapary amala aşyrmagy esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hytaý atşynaslyk medeniýetine we ak farforyna bagyşlanan sergisi geçirildi. Bu sergi bir aýyň dowamynda hereket edip, halk köpçüligine ýetirildi. 2025-nji ýylyň 3-nji iýulynda bolsa türkmen-hytaý atşynaslyk medeniýeti çäresiniň we hytaý ak farforynyň sergisiniň çäklerinde «Hytaý tagamlarynyň datlylygy – duşurýarys we birek-birekden öwrenýäris» atly medeni çäresi geçirildi. Bu çäre uly dabara bilen ýurdumyzyň sungat işgärleri, ussat suratkeşleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşyp, hytaý sungaty bilen tanyş boldular. Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet işgärleriniň täsirli çykyşlary datly tagamlaryň hödürlenmegi bilen baýlaşdy. Şeýle hem, bu çärede hytaý taryhy we medeniýeti bilen bagly çekeleşikli bäsleşik talyp ýaşlaryň alan bilim derejesini ýokarydygyny görkezdi. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanan ýaşlary ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar. Bu bolsa ýaşlaryň medeni sungatymyz bilen bir hatarda hytaý sungatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/efwe.jpg) Bu çärede sergilenen eselerde Hytaýyň nakgaşçylyk, grafika, amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli birnäçe ajaýyp eserleri tomaşyçylara ýetirildi. Hytaý suratkeşleriniň döredijiligi häzirki zaman sungatynyň ösüşini şöhlelendirdi. Hytaý suratkeşleri orta asyr sungat däplerine eýerip, häzirki döwre çenli ony has-da ösdürip öz sungat eserlerinde giňden ulanýarlar. Bu sergidäki eserler hem munuň aýdyň mysalydyr. Sungat eserleriň her birinde hytaý topragynda duş gelýän atlaryň tokaýlykda çapýan gaýtalanmajak görnüşleri, özboluşly owadanlygy bilen sazlaşýan, deňiz tolkunlarynda gezim edýän pursatlary gyzyl we goňur reňkleriň sazlaşygynda görmek bolýar. Olardan suratkeş Gun Çunhunyň «Goşa bagt», «Bagt we rowaçlyk», «Ene söýgüsi», «Alty ajaýyp bedewler», «Edermen söweşijiler beýik derýany kesip geçýärler», «Güýçli ýeliň aýdymy», «Sada şekil», Sun Hunewýiň «2025-nji ýylyň bahar pasly – 2 bölüm», «Iki gahrymanyň aýdymy», Çžan Yanyň «Atlar suwuň boýnunda», «Ganatly ak at», «Uzak bulutlaryň arasynda ýyldyz ýaly seýrek jaý», «Ganatly bedew nireden geldi», «Müňlerçe çalasyn atlar», «Dury suw ruhuň tämizligini görkezýär» atly eserlerinde häzirki zaman hytaý çeperçilik aýratynlyklary şöhlelenilýär. Olar ýerine ýetirilişi, özara sazlaşykda şekilleriň biri-birine baglanyşygy esasynda döredilipdir. Mundan başga-da, ak farfor önümleri inçeden sünnälenip, haşamlanyp ýerine ýetirilişi örän täsindir. Çünki bu sungatyň aýratynlygy onuň göwrümlerinde, haşamlygynda, syrçalaryň reňk öwüşginliginde aýratyn orny eýeleýär. Bu keramika önümlerine ak farfordan ýerine ýetirilen heýkeljikleri we güldanlar degişli bolup, nepisligi we ussatlygy bilen özboluşlylyga eýe bolýar. Mundan başga-da, görkezilen işleriň arasynda ussatlyk bilen döredilen at eýerleri hem serginiň gözelligine görk goşýar. Umuman, serginiň çäginde geçirilen medeni çäre türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň has-da ösdürmekligine we sungat äleminde ýokary derejä ýetmäge itergi berýär. Ogulsona ÖWEZMYRADOWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi

No image
KÖÝTENDAG TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

03.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda Türkmenabat şäher kitaphanasynda «Köýtendag täsinlikler dünýäsi» ady bilen mowzuk agşamyny geçirdi. Bu ýerde ýurdumyzyň tebigy dag gözelliklerini jemlän ýerimiziň biri bolan Köýtendagyň ajaýyp täsinliklerinden söhbet edilip, ol ýerde bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary barada giňden söhbet edildi.

No image
ÇAGALAR – AÝDYŇ ERTIRLERIMIZIŇ ŞUGLASY

Kitaphanalar

03.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýiniň bilelikde guramagynda Älem seýilgähinde «Çagalar – aýdyň ertirlerimiziň şuglasy» ady bilen gezelenç geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalary hemmetaraplaýyn goramak, goldamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşlikde ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnap, öz wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Gujurly bilim merkezinde geçirilen kitap hepdeligi

Kitaphanalar

03.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Gujurly bilim” merkezinde kitap hepdeligini geçirdi. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitap sergisindäki ertekileriň dürli görnüşlerini uly höwes bilen okadylar. Aýratyn-da daşary ýurt dillerindäki ertekilere uly gyzyklanma bildirdiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Göçme serginiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Sähra ýollary ady bilen şahyr Ýaban Saparowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirdi

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň 2-nji tapgyrynda sapaly dynç alýan çagalara “Sähra ýollary” ady bilen şahyr Ýaban Saparowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphana hünärmenimiz Ýaban Saparowyň ömri we döredijiligi şahyryň ýaşan ýyllarynda metbugat bilen hyzmatdaşlygy barada kitaphana hünärmenleri çagalara tasirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda ýazyjy şahyrlarymyza we olaryň döredijiliklerine uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize köp köp sag bolsun aýtdylar.