logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 51-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Bazar Şalyýewiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap “Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Özüniň “Älemgoşar”, “Hasyl”, “Ynam”, “Rubagylar” atly kitaplary bilen giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan B.Şalyýewiň döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edilip, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, nesil terbiýesi, tebigat gözellikleri ýaly inçe duýgular beýan edilýär. Çärämiziň hormatly myhmanlary şahyryň döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki zaman türkmen edebiýatyny täze eserler bilen baýlaşmagyna ýardam edýän ýazyjy-şahyrlara sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Baş Kanunymyz Konstitusiýamyz hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada giňişleýin söhbet edildi. Bu söhbetdeşlik okyjylarda uly täsir galdyrdy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Aşgabat – gözelligiň nusgasy

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat – gözelligiň nusgasy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Aşgabat – şäherleriň seresi. Onuň göz gamaşdyryjy ýalkymy görenleri haýrana goýýar. Has görkana görünýän ajaýyp Aşgabadymyzyň keşbi-ýaraşygy has ýakymlydyr. Onuň her bir binasy durşy bilen tarypnama. Owadan güllere beslenip oturan paýtagtymyzyň her bir künjegi hakyky gözellik donuna bürenip dur. Bu gün söýgüniň we umytlaryň gül açýan mekany hökmünde taryhyň şöhratly töründe orun tutan Türkmenistanyň paýtagty – ak mermerli Aşgabat Orta Aziýanyň merjen şäherine, ähli halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy siňen mähir ojagyna öwrüldi. Şular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşanlar täsirli çykyş etdiler. Paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp şygyrlardan okap berdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar pursatdan peýdalanyp, şeýle ajaýyp ýurtda ýaşap, üstünlikli zähmet çekýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Aşgabat-ak arzuwlaryň şäheri” ady bilen sergi gurnady. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat bu gün döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Durmuşa geçirilýän gurluşyklaryň, täzeçil başlangyçlaryň netijesinde şäheriň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri bendi edýär. Prezidentimiziň tagallasy bilen gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we berkitmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, yhlas bilen döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Bilimler çeşmesi – Kitaphanalar

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gezelençde boldylar we kitaphananyň bölümleriniň alyp barýan iş aýratynlyklary bilen giňişleýin tanyş boldylar. Mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan bölümleriň işi hakynda okuw sapagyny geçdiler we kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar. Kitaphanaçylyk işi bilen gyzyklanýan talyp ýaşlarda şeýle gezelençleri gurnamak we okuw sapagyny geçirmek kitaba bolan höwesiniň artmagyna uly ýardam berýär. Bagtyýar ýaşlaryň okap, dünýä ülňülerine laýyk bilimlerini artdyrmaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

No image
Bildiriş

Muzeýler

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Kämil hukuk binýady” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
Türkmen halk ertekilerine syýahat

Kitaphanalar

11.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäherindäki 61-nji çagalar bakja-bagynda “Türkmen halk ertekilerine syýahat” atly gürrüň geçirdi. Ertekileriň esasy maksady, olardaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňler berdiler. Ertekileriň gahrymanlary barada çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil düşünjeli, sagdyn ruhly ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

No image
Dünýä döwletleri – Türkiýe

Kitaphanalar

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisi gurnaldy. “Dünýä döwletleri – Türkiýe” atly kitap sergisiniň esasy maksady okyjylary Türkiýe döwletiň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, edebiýaty hem-de syýahatçylyk ýerleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Sergide Türkiýe döwletiniň taryhy, geografiýasy, syýahatçylygy, çeper eserleri we ertekileri ýerleşdirildi. Şeýle hem türk ýazyjylaryň eserleri, sözlükler, ensiklopediýalar we suratly edebiýatlar görkezildi. Bu kitaplaryň üsti bilen okyjylar Türkiýe döwletiniň gadymy taryhy, häzirki zaman ösüşi we baý medeni mirasy barada giňişleýin maglumatlar bilen has içgin tanyşdylar. Häzirki wagtda ylmy, bilimi ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaplar kämillik mekdebidir

Kitaphanalar

11.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 47-nji çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Kitaplar kämillik mekdebidir” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy

Kitaphanalar

11.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda “Garaşsyzlyk” seýilgähinde «Watanymyzyň ösüşleri – rowaçlygyň şuglasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş ýörelgesi “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygarlar halkymyzyň eşretli, abadan durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna şaýatlyk edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eşretli zamanany peşgeş beren, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.