logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Çeper eserlerde zenanlaň keşbi

Kitaphanalar

02.11.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gymmatly edebi mirasy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem okyjylar üçin “Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplar we gazna täze gelip gowşan kitaplar ýerleşdirildi. Bu sergi okyjylarda we ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Sergä gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Şahyryň döredijilik dünýäsi — ruhy gymmatlyklaryň çeşmesi

Täzelikler

31.10.2026

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ döredijilik toparynyñ agzasy, halkara bäsleşigiñ laureaty, “Kompozisiýa” hünäriniñ talyby Aýläle Gulmyradowanyñ gurnamagynda Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, şahyr Bazar Şalyýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, “Watana bolan söýgüsi üçin” we “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Bazar Şalyýewiň döredijilik ýoluna we çeper söz sungatyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy edebiýata bolan söýgini artdyrmak, ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de milli edebiýatymyzyň ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy. Duşuşygyň başynda Bazar Şalyýewiň durmuş we döredijilik ýoluny şöhlelendirýän wideorolik görkezildi. Soňra şahyra söz berlip, onuň döredijilik dünýäsiniň aýratynlyklary, edebi garaýyşlary we şahyrana ylhamynyň gözbaşlary barada söhbet edildi. Bazar Şalyýew durmuşyndaky buýsançly hem-de tolgundyryjy pursatlary talyp ýaşlar bilen paýlaşdy. Duşuşykda şahyryň maşgala terbiýesi, döredijilik ýolunyň dowam etdirilmegi, kitaplarynyň many-mazmuny barada hem gürrüň edildi. Aýratyn-da şahyryň “Rubagylar” atly kitabyna, çeper pikirleniş aýratynlyklaryna hem-de rubagy žanrynyň türkmen edebiýatyndaky ornuna ünsi çekildi. Çagalar dünýäsi, olaryň päk arzuwlary, şadyýanlygy we geljege bolan ynamy Bazar Şalyýewiň döredijiliginde ähmiýetli temalaryň biri hökmünde açylyp görkezildi. Şahyryň eserlerinde ýaş nesliň terbiýesine, ynsanperwerlige, Watana we ene topraga bolan hormat-sarpa degişli pikirleriň beýany barada birnäçe söhbetler edildi. Duşuşyk aýdym-saz çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary Çynar Rejepowa, Mähriban Orazowa, Selim Hajiýew we Alyhan Jumanazarow Bazar Şalyýewiň goşgusyna döredilen Çynar Gurbanowyñ sazyna ýazylan “Bagtyýardyr döwrümiz” atly aýdymyny, Gülälek Baýrammyradowanyñ ýolbaşçylygynda ýerine ýetirdiler. Döredijilik duşuşygynyñ dowamynda Bazar Şalyýew “Gyz kasamy” goşgusynyň döreýiş taryhy barada gürrüň berdi. Bu goşgyny Bägül Kakalyýewa labyzly okap, şahyryň çeper sözleriniň many-mazmunyny diňleýjilere ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň müdiri Maral Nuryýewa hem-de birinji derejeli kitaphanaçy Gyzylgül Annadurdyýewa hem duşuşyga gatnaşyp, şahyryň kitaplarynyň ähmiýeti, çeper edebiýatyň ýaş nesli terbiýelemekdäki orny we okamak medeniýeti barada pikirlerini paýlaşdylar. Duşuşykda konserwatoriýanyň zehinli talyp ýaşlarynyň döreden goşgularyna, döredijilik gözleglerine hem üns berildi. Şahyryň goşgularyna döredilen aýdym-saz eserleri duşuşygyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Çynar Gurbanowyň sazyna ýazylan “Ýaşyl Tugum” aýdymy Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Çynar Rejepowanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Oña fortepianoda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ “Fortepiano” hünäriniñ talyby Täzegül Jumaýewa sazandarlyk etdi. Şeýle döredijilik duşuşyklary edebiýata sarpany artdyrmak, halypa şahyrlaryň döredijilik tejribesini ýaşlara ýetirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Miýassar ULJAÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ talyby.

No image
«Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we fotosuratlaryň sergisi

Muzeýler

30.10.2026

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Hytaý Halk Respublikasynyň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşmesiniň Halkara aragatnaşyk bölümi, Sinziýan Uýgur awtonom sebitiniň Edebiýat we sungat işgärleriniň birleşigi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan «Ajaýyp Hytaý: Sinziýanyň sungaty we gözelligi» atly şekillendiriş we fotosurat eserleri sergilenýär. Sergide Sinziýanyň ussat suratkeşleriniň döreden hytaý ruhuny we Sinziýan sebitiniň özboluşly keşbini özünde jemleýän sungat eserleri görkezilýär. Týan-Şan daglarynyň demirgazygyndan günortasyna çenli uzap gidýän gözel tebigatyny, köp öwüşginli milli däp-dessurlaryny we döwrüň joşgunly ruhuny wasp edýän bu ekspozisiýa giň mazmuny bilen tapawutlanýar. Nakgaş eserlerinde ýerli halkyň gündelik durmuşy hem-de gadymy däp-dessurlary dürli çeperçilik ugurlarda açylyp görkezilýär. Hytaýyň gadymy grafika sungatyna degişli eserlerinde bolsa Hytaý tebigatynyň dürli pasyllardaky owadanlygy inçeden ýerine ýetirilip, olarda dag-düzleriň arassa howasy we ruhy gözelligi aýdyň duýulýar. Şeýle hem, sergide görkezilen fotosuratlarda Hytaýyň täsin tebigaty, şäher peýzažlary we gazanylan uly üstünlikler beýan edilýär. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň resmi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda şeýle medeni-sungat çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi iki döwletiň baý medeni mirasyny, parahatçylykly hem-de dostlukly ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Bu döredijilik duşuşyklary diňe bir sungat söýüjileriň gözýetimini giňeltmän, eýsem iki halkyň arasyndaky ruhy ýakynlygy, özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerini has-da berkidýär.

No image
Türkmen hünärmenleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär sapary

Muzeýler

30.10.2026

2026-njy ýylyň 17-nji oktýabry–7-nji noýabry aralygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Halkara okuw saparlary» atly maksatnamasynyň çäklerinde medeni mirasy gorap saklamak, muzeýleri dolandyrmak boýunça ABŞ-nyň tejribeleri bilen tanyşmak maksady bilen geçirilýän «Medeni miras» subregional taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň muzeý işgärleri, ylmy-medeni edaralaryň wekilleri hem-de medeni mirasy goramak boýunça hünärmenler Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna hünär saparyny amala aşyrýarlar. Maksatnamanyň esasy hünär maksatlary medeni mirasy gorap saklamak we muzeýleri dolandyrmak ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden, sergileri meýilleşdirmek we olaryň dizaýnyny taýýarlamak, muzeý desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesini alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, bu çäre ABŞ-nyň muzeýleri we ylmy-medeni edaralary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hyzmatdaşlygy berkitmäge hem-de ýurduň 250 ýyllygy mynasybetli onuň taryhy-medeni üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilendir. Hünär saparynyň ilkinji tapgyry Waşington şäherinde amala aşyryldy. Bu döwürde wekiller medeni gymmatlyklaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça döwlet syýasaty bilen tanyşdylar. Hünär sapary Los-Anjeles şäherinde dowam edip, Pol Getti adyndaky merkezde we Getti muzeýinde duşuşyklar geçirildi. Muzeýiň Antik döwrüň eksponatlaryny dikeltmek we gorap saklamak boýunça tejribe alyşdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muze%C3%BDler%20123.jpg) Ylmy barlaglaryñ netijesinde toplanan iş tejribesi bilen tanyşlygynyň we duşuşygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň seýrek we gymmatly, Merwden tapylan «Buddanyň kelle heýkelini» dikeltmek (restawrasiýa we konserwasiýa) boýunça halkara taslamanyň çäklerinde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler barada giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle hem, saparyň dowamynda Los-Anjelesiň çeperçilik muzeýi we Tebigy taryh muzeýleri ýaly dünýä belli ylmy-medeni edaralarda sergiler, ylmy barlaglar hem-de ABŞ-nyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanýan ýörite medeni taslamalar bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiñ Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

No image
Ýüreklere ylham paýlaýan sazlardan düzülen konsert

Täzelikler

30.10.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Dörtguly Ataýewiň hem-de Işanmuhammet Gündogdyýewiň bilelikde gurnamagynda konsert geçirildi. Konsertiň başynda Dörtguly Ataýew, Işanmuhammet Gündogdyýew bilen bilelikde Türkmenistanyň halk artisti, “Gaýrat” medalynyň eýesi, 80-den gowrak aýdym-sazlaryň awtory Ata Ablyýewiň döreden “Ynamly” atly sazyny, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe beren, “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ada mynasyp bolan Begmyrat Gutlymyradowyň “Hatyra” atly sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dörtguly Ataýewiň ýerine ýetirmeginde döwrümiziň görnükli sazandalarynyň biri, okuw-usulyýet gollanmalaryny, ýygyndylaryny düzüp, saz muşdaklaryny begendirip gelýän Orazmyrat Annanepesowyñ “Arkadag” sazy ýaňlandy. Şeýle hem, ol Ç.Täçmämmedowyň “Awçy mukamy”, J.Hansähedowyň “Unutma”, Ý.Nurgeldiýewiň “Owazym” atly türkmen halk sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirdi. Işanmuhammet Gündogdyýewiň ýerine ýetiren “Kararym”, “Heserli”, “Nar agajy”, “Ýyldyz dagy” atly halk sazlary dinleýjileriň ruhuny baýlaşdyryp, ýüreklere ylham paýlady. Türkmen sazlary ýaşlaryň kalbynda sungata bolan söýgüni has-da artdyrdy. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
Milli mirasyň nusgalary

Muzeýler

29.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň mirasa sarpaly, millilige hormatly, göreldeli raýatlarynyň birnäçesi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baý gaznalaryna ýene-de birnäçe gymmatlyklaryň tabşyrylmagyna bagyşlanan «Milli mirasyň nusgalary» atly dabara hem-de sergi gurnaldy. Sergide Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Berdigylyjowa, bu welaýatyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy Aknabat Towyýewa, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Täjigözel Amanalyýewa tarapyndan muzeýiň gaznalaryna tabşyrylan ХIХ–ХХ asyrlara mahsus bolan gadymy milli gymmatlyklar, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslaryň dürli görnüşleri, amaly-haşam sungatynyň aýrylmaz bölegi bolan milli şaý-sepler, düýe ýüňünden dokalan agar çäkmeni, türkmen zenanlarynyň milli egin-eşigi bolan ýaşyl kürte, gyzyl çabyt hem-de gyzyl keteni köýnegi ýaly gymmatly eksponatlar uly orun eýeleýär. Bu gymmatlyklar geçmişde türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň häzirki wagtda halkymyzyň buýsanç çeşmesine öwrülýändigini açyp görkezýär. Şöhratly geçmişimizden hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan saldamly goşandyndan habar berýän şeýle ajaýyp gymmatlyklaryň ildeşlerimiz tarapyndan muzeýe gowşurylmagy görelde alynmaga hem-de buýsanylmaga mynasypdyr. Dabaranyň dowamynda milli gymmatlyklaryň birnäçesini muzeýe tabşyran mähriban zenanlarymyza, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

No image
Ertekileriň terbiýeçilik ähmiýeti

Kitaphanalar

29.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitphanasynda “Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti” hakynda “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy edildi. Çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimziň terbiýeli, aň-düşünjeli, ylym-bilimli, sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem, körpe nesillerde Watana, ene topraga, zähmete bolan söýgüniň ösmeginde, batyrlyk, dogruçyllyk ýaly asylly häsiýetleriň kämilleşmeginde türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy, ertekilerde beýan edilýän wakalaryň çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ertekileri okan ýa-da diňlän ynsanlarda uly täsir galdyrýandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler.

No image
Ylmy-amaly maslahat

Täzelikler

29.10.2026

Ajaýyp owazlaryň we ýokary ussatlygyň mekdebi bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu çäre fortepiano sungatynda täze gözleglere badalga berdi. Maslahatyň açylyşynda kafedranyň dosenti O.S. Annamyradowa çykyş etdi. Kafedranyň professor-mugallymlar düzüminiň taýýarlan çykyşlary saz guralynda çalmagyň inçe tärlerini we häzirki zaman pedagogikasynyň iň täze usullaryny açyp görkezdi. Uly mugallym I.W. Koçkarýowa öz çykyşynda fortepiano ýerine ýetirijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolan pedalyň syrlary barada gürrüň berdi. Ol sazandalyk kämilliginiň pedal bilen gös-göni baglylygyny we pedal üstünde işlemegiň aýratynlyklaryny düşündirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym W.S. Mkrtumow bolsa K.Çerniniň etýudlaryna täzeçe garaýyş hödürläp, olardaky ýerine ýetirijilik ussatlygyny ösdürmek meselelerine ünsi çekdi. Kafedra müdiri, uly mugallym M.N. Orazowanyň çykyşy aýratyn gyzykly boldy. Ol ynsanyň fiziologiki gurluşynyň erkin saz çalmak ukyby bilen baglanyşygyny seljerip, barmaklaryň klawiaturadaky hereket erkinliginiň ylmy esaslaryny görkezdi. Uly mugallym E.G. Nuryýewa bolsa poliritmiýany özleşdirmegiň çylşyrymlylygyny ýeňip geçmegiň usullaryny paýlaşyp, eşidiş şablonlarynyň we sözleýiş formulalarynyň bu ugurdaky ähmiýetini beýan etdi. Şeýle hem, çäräniň dowamynda kafedranyň mugallymlary B.S. Muhammedowanyň we A.A. Atajanowanyň çykyşlary diňlenildi. Bu ylmy-amaly maslahat diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen tejribeli we zehinli hünärmenleri hem bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinden N.F. Pälwanowa, Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinden D. Abdullaýew, Lebap welaýatynyň sungat mekdebinden D.M. Awanesowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden Ş.H. Allabaýewa, Arkadag şäherindäki Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinden A.Ýazpoladowa hem-de Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinden S.Mämmedow ýaly hünärmenler bar. Maslahata çykyşlary bilen gatnaşan bu myhmanlar ýurdumyzda sazanda-ýerine ýetirijileri terbiýelemekde, sahnadaky tolgunmany ýeňip geçmekde we okuwçylaryň tehniki başarnyklaryny ösdürmekde öz tejribelerini hem-de täzeçe çemeleşmelerini paýlaşdylar. Geçirilen bu okuw-usuly çäre diňe bir hünär tejribesini alyşmak meýdançasy bolman, eýsem geljekki ussat pianistleriň kemala gelmegine, türkmen fortepiano mekdebiniň has-da kämilleşmegine goşant goşjak uly ädim boldy. Enejan Nuryýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy.

No image
GURJAK TEATRY HALKARA FESTIWALYNDA ÇYKYŞ ETDI

Teatr we kino dünýäsi

28.10.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan şanly ýylymyzda ýurdumyzyň teatrlary täze döredijilik eserlerini döredip, sungat muşdaklaryny yzygiderli begendirýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly ýylymyzyň dowamynda ýurdumyzyň teatrlarynda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryň ilkinji görkezilişi yzygiderli guralyp gelinýär. Sahna oýunlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli buýsanjymyz bolan gymmatlyklarymyz, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzdan miras bolup gelen milli ahlak-edep ýörelgeleri mynasyp wasp edilýär. Elbetde, sahna oýunlarynyň mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde beýan edilýän çuň mazmunly tymsallar hem-de gyzykly rowaýatlar giňden şöhlelendirilýär. Şonuň bilen birlikde türkmen teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi, ýurdumyzda milli medeniýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde teatr sungatynyň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde geçirilen «Çodary haýol» atly gurjak teatrlarynyň VIII halkara festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%D0%BF%D0%BA%D1%8B%D0%BF%D1%83%D1%8B%D0%BF.jpg) Biziň ýurdumyzdan wekilçilik eden döredijilik topary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Heňňamlar hekaýaty» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Bu sahna eserinde parahatçylyk, agzybirlik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly ruhy ýörelgelerimiz gurjak teatrynyň özboluşly çeper tilsimleri arkaly beýan edilýär. Sahnada pederlerimiz tarapyndan türkmen mertebesi we ajaýyp milli başgaby bolan türkmen telpeginiň äpet keşbi janlandyrylýar hem-de soňraky wakalar hut milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini dabaralandyrmak bilen bagly wakalar bilen utgaşyklylykda dowam edýär. Sahnada dana ata öz perzendine suwa sarpa goýmakda hem ony tygşytly ulanmakda pederlerimiziň «Suw damjasy altyn dänesi» pähimine uýmagy, men-menlik etmezligi, dostluga wepaly bolmagy wesýet edýär. Mahlasy, bu spektaklda durmuş tejribeleri hem heňňamlaryň-döwürleriň döreden durmuş sapaklary, pederlerimiziň pähim-parasatly ündewleri çeper hekaýata öwrülip sahna dilinde tomaşaça ýetirilýär. Şoňa görä-de, Täjigistan Respublikasynda geçirilen halkara festiwalynda türkmen artistleriniň sahna eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu spektakla tomaşa edip, şowhunly el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylan sungaty söýüjiler Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde beýan edilýän türkmen halkynyň rowaýatlarynyň ýiti pähim-paýhasa ýugrulandygyny aýratyn nygtadylar. Türkmen döwlet gurjak teatry üstünlikli çykyş edendigi üçin, halkara festiwalynyň Diplomyna hem-de Kubogyna mynasyp boldular. Bu halkara gurjak teatr festiwalynda Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Täjigistan Respublikasyndan gurjak teatr toparlarynyň birnäçesi sahna oýunlaryny görkezdiler. Festiwalyň çäginde teatr artistleriniň arasynda, sungatda gazanylýan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeler, hususan-da gurjaklary ýasamakdaky täze tehnologiýalar boýunça tejribeleri alyşmak boýunça ussatlyk sapaklary hem guraldy. Ussatlaryň gatnaşmagynda ýaş artistler bilen sungat sapaklary, amaly maslahatlary hem geçirildi. Munuň özi, sungat işgärlerine birek-biregiň döredijilik üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da netijeli häsiýetde ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Teatr artistleri türkmeniň milli sungatyny ösdürmäge, teatrlaryň döredijilik hazynasyny täze sahna eserleri bilen baýlaşdyrmaga, halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
NAKGAŞLYK SUNGATYNDA ALABAÝYŇ ÇEPER KEŞBI

Täzelikler

28.10.2026

Türkmen halkynyň milli buýsanjy, wepalylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan türkmen alabaýy halkymyzyň taryhynda we medeniýetinde aýratyn orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda türkmen halky alabaýy diňe bir öýüň we malyň goragçysy hökmünde däl, eýsem, wepaly dost, ygtybarly ýoldaş hökmünde hem sarpalap gelipdir. Häzirki döwürde türkmen alabaýy milli gymmatlyklarymyzyň biri hökmünde giňden tanalýar. Onuň özboluşly keşbi şekillendiriş sungatynda hem möhüm orun eýeleýär. Türkmen alabaýynyň keşbiniň şekillendiriş sungatynda beýan edilmegi milli däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň tebigata we haýwanlara bolan garaýşyny, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Suratkeşler alabaýyň daşky görnüşini, kuwwatly beden gurluşyny, batyrgaý nazaryny we özüne mahsus häsiýetlerini çeperçilik serişdeleriniň üsti bilen şekillendirýärler. Şeýle eserlerde alabaýyň diňe bir daşky gözelligi däl, eýsem, onuň ruhy aýratynlyklary hem açylyp görkezilýär. Türkmen alabaýynyň keşbi şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde özboluşly çeperçilik beýanyny tapýar. Nakgaşlykda onuň gözelligi we häsiýeti reňkleriň üsti bilen açylýan bolsa, grafikada çyzyklaryň we şekilleriň sazlaşygy arkaly, heýkeltaraşlykda bolsa göwrümli görnüşleriň kömegi bilen beýan edilýär. Türkmen alabaýynyň keşbi ýaş suratkeşleriň we talyplaryň döredijilik işlerinde hem öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyplar milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olary çeperçilik serişdeleri arkaly beýan etmek we häzirki zaman sungatynda täzeçe düşündirmek boýunça döredijilik işleri alyp barýarlar. Şekillendiriş sungatynyň esasy ugry bolan nakgaşçylyk sungatynda ýaş suratkeşler reňkler arkaly öz eserlerinde türkmen alabaýynyň daşky gözelligini, kuwwatyny, wepalylygyny we türkmen halkynyň milli buýsanjy hökmünde tutýan ornuny açyp görkezýärler. 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bakygeldi Sytdyhow «Türkmen alabaýy» (2024ý.) atly nakgaş eseri, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Yhlas Allanazarow «Wepaly dost» (2025ý.) atly nakgaş eseri, 2026-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň teatr-bezeg nakgaşçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Serdar Osmanowyň «Miras» (2026ý.) atly nakgaş eseri, türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji boldular. Bakygeldi Sytdyhowyň eseriniň birinji meýilnamasynda ýerleşdirilen alabaý kompozisiýanyň esasy keşbi bolup, tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmen alabaýynyň goňur, ak we mämişi reňkleriň dürli öwüşginlerinden ybarat tüý örtügi hakykylyk bilen şekillendirilip, onuň beden gurluşynyň aýratynlyklary aýdyň görkezilýär. Suratyň yzky meýilnamasynda Garagum sährasynyň giňişligi, seýrek ösümlikler we düýeli kerwen şekillendirilipdir. Asmanyň açyk sary, gülgüne we mawy öwüşginleri bilen sähranyň altynsow reňkleri sazlaşyk döredýär. Uzakdaky kerwen türkmen halkynyň taryhy durmuşyny, çarwaçylyk däplerini we giň sähralar bilen baglanyşykly ýaşaýyş ýörelgesini ýatladýar. Bu eser arkaly türkmen alabaýynyň tebigat bilen arabaglanyşygy we milli medeniýetimizdäki orny çeperçilik taýdan açylyp görkezilýär. Nakgaşlykda türkmen alabaýynyň keşbi dürli çeperçilik usullary arkaly şekillendirilýär. Suratkeşler onuň beden gurluşyny, tüýüniň reňkini, hereketlerini we daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny suratlaryň taslamalarynda çeper beýan edýärler. Käbir eserlerde alabaýyň buýsançly durky we gaýduwsyz keşbi öňe çykarylýan bolsa, beýleki eserlerde onuň adama bolan wepalylygy, asuda häsiýeti we mähirliligi beýan edilýär. Nakgaşlar reňkleriň sazlaşygyny, ýagtylygyň we kölegäniň utgaşygyny peýdalanyp, alabaýyň keşbini has täsirli görkezýärler. Şeýle eserler tomaşaçylarda türkmen tebigatyna, milli mirasymyza we alabaýa bolan söýgüni artdyrýar. Yhlas Allanazarowyň «Wepaly dost» (2025ý.) atly nakgaş eserinde hem türkmen alabaýynyň keşbi türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşdyrylýar. Suratyň merkezi böleginde ýerleşdirilen ak alabaý tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Onuň göwresiniň göwrümli şekillendirilmegi, bedenindäki ýagtylyk-kölege geçişleri we dik durşy alabaýyň kuwwatly keşbini açyp görkezýär. Eserde alabaýyň arka tarapynda halkymyzyň milli mirasy bolan türkmeniň ak öýüniň, onuň golaýynda bolsa milli eşikli erkek adamyň guýudan suw çekip duran pursady şekillendirilipdir. Uzakda görünýän düýeler we milli peýzažyň täsin gözelligi suratyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Ak öýüň bezegi türkmen halkynyň amaly-haşam sungatyna mahsus çeper aýratynlyklaryny görkezýär. Suratkeş esasy keşbi alabaýy birinji meýilnamada ýerleşdirýär. Yzky meýilnamadaky ak öý, adam we düýeler bolsa türkmen halkynyň däp-dessurlary, zähmeti hem-de gündelik durmuşy bilen baglanyşykly düşünjeleri beýan edýär. Sarymtyl, mele we gök reňkleriň sazlaşygy esere ýylylyk we asudalyk berýär. Serdar Osmanowyň «Miras» atly nakgaş eserinde türkmen alabaýynyň milli buýsanjymyzyň, edermenligiň we mertligiň nyşany hökmündäki keşbi ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Suratda ak reňkli alabaý taslamanyň merkezinde ýerleşdirilip, onuň berk beden gurluşy, buýsançly bakyşy we haýbatly durky tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýär. Eseriň ýerliginde Pazyryk halynyň nagyşlary, Türkmenistanyň orta asyr binagärlik ýadygärlikleri we söwda kerweni çeper beýan edilipdir. Bu bolsa alabaýyň türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy, medeniýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ata-babalarymyzyň wepaly ýoldaşy bolandygyny alamatlandyrýar. Gyrmyzy we mämişi reňkleriň agdyklyk etmegi surata aýratyn janlylyk we milli öwüşgin berýär. Suratkeş reňk sazlaşygy arkaly alabaýyň mert häsiýeti bilen türkmen topragynyň gadymy ruhuny utgaşdyryp bilipdir. Türkmen alabaýynyň sungatda şöhlelendirilmegi diňe bir çeperçilik ähmiýetine eýe bolman, eýsem, taryhy we medeni ähmiýeti bilen hem tapawutlanýar. Çünki alabaýyň keşbi arkaly ýaş nesillerde watansöýüjilik, wepalylyk, batyrgaýlyk we milli gymmatlyklara hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemek bolýar. Şeýle eserler türkmen halkynyň gadymy däplerini häzirki nesillere ýetirmekde hem möhüm serişdeleriň biri bolup hyzmat edýär. Suratkeşleriň döredijiliginde alabaýyň keşbiniň dürli görnüşlerde beýan edilmegi milli sungatymyzyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle hem, türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we milli mirasyna bolan buýsanjyny has-da güýçlendirýär. Leýli Nurgeldiýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3-nji ýyl talyby.