logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Okuw maslahaty

Medeni miras

28.10.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýdy. Mirasymyzy gorap saklamak boýunça öz strategiýasyny işläp düzmekde, Türkmenistan degişli Konwensiýanyň esasy ýörelgelerine we düzgünlerine esaslanýar. Türkmen döwleti tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar ÝUNESKO tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Oktýabrda bellenilýän Halkara maddy däl medeni miras güni, 2003-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda kabul edilen ÝUNESKO-nyň "Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky" Konwensiýasyna laýyklykda döredildi. Bu baýramçylygyň maksady – däp-dessurlara, senetçilige we aýdym-saz ugurlaryna ünsi çekmek we olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Bu sene dürli ýurtlarda sergiler, konsertler, ussatlyk sapaklary we ylmy maslahatlar ýaly dürli görnüşlerde bellenilýär. Türkmenistan ýurdumyzda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramaklarynda «Dünýä halklarynyň saz guraly» atly aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlary we Sazşynaslyk fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistandaky ÝUNESKO-nyň kafedralaryndan we klublaryndan gelen wekiller konserwatoriýanyň muzeýinde ýerleşdirilen saz gurallarynyň sergisi bilen tanyşdylar hem-de halk saz gurallarynda ýerine ýetirilen milli we häzirki zaman sazlaryny diňlediler. Okuw maslahatynyň esasy maksady – milli mirasymyzy gorap saklamak, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak hem-de adamzadyň medeni köpdürlüligini berkitmekden ybaratdyr. MADDY DÄL MEDENI MIRAS MÜDIRLIGI

No image
Gymmaty egsilmejek hazyna

Kitaphanalar

28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Gymmaty egsilmejek hazyna”atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümiň gaznasynda bar bolan irki neşirler sergilendi. Hazynaň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem, Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Seýrek neşirler bölümiň hazynasyndaky neşirler ХVI asyra degişli, örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle hem, bölümiň hazynasynda taryhy ylmy we medeni gymmatly neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Seýrek neşirler bölümine täze gelen kitaplar hem gaznamyzy has-da baýlaşdyrýar. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Sergä gatnaşyjylar asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
“Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagy

Kitaphanalar

28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagy geçirildi. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar. Ylmy-usuly bölüm usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary taýýarlaýar we neşir edýär hem-de welaýat we jemagat kitaphanalaryna iberýär. Bu usuly gollanmalar kitaphana işine degişli, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan, ýylyň şygary bilen bagly gollanmalardan we şu günki günüň wajyp meseleleri bolan ekologiýa, suw, daşky gurşawy goramak ýaly temalara bagyşlanan, medeni mirasymyza degişli gollanmalardan ybaratdygy hem-de bu usuly gollanmalaryň taýýarlanyşy, edebiýatlary ýygnamak we ýazylyş usuly barada giňişleýin gürrüň edilip, gurnagyň ahyrynda talyplar bilen kitaphana işi barada gyzykly sorag-jogap bäsleşik geçirildi. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlaryň zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam edýär.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme täze gelen we awtoryň öz gollary bilen sowgat berlen kitaplary, okyjylar köpçüligine tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi hem-de bölümiň okalga zalynda kitap sergisi gurnaldy. Seýrek neşirler bölümine täze gelen ajaýyp kitaplar gaznany has-da baýlaşdyrdy. Söhbetdeşlikde täze gelen kitaplaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyrylyp okyjylar köpçüligine ýetirildi. Türkmen halky taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, medeni we ruhy mirasyň halkyň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň iňlis dilinde neşir edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň XVIII tomuna kitaphana syny geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik kitaplar toplumy, türkmen topragynyň şypaly baýlyklaryny, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgelerini we häzirki zaman fitoterapiýasyny özünde jemleýän örän gymmatly çeşmedir. Bu kitabyň täze XVIII tomy “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” hem-de “Maglumatnama” atly iki sany esasy bölümden ybarat bolup, türkmen topragynda, dag-düzlerinde bitýän gymmatly we şypaly dermanlyk otlaryň, ösümlikleriň kökleriniň, miweleriniň, şeýle hem seýrek duş gelýän endemik ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Bu ensiklopediýa diňe bir lukmanlar we dermanşynaslar üçin däl, eýsem ösümlik dünýäsi bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylmy-ensiklopedik iş hökmünde bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edilip, halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

No image
Gazagystanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Halkara gatnaşyklary

27.10.2026

Häzirki wagtda türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Biziň halklarymyz gadymy döwürlerden bäri goňşuçylykda ýaşap, agzybirlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryny nesillerden nesillere geçirip geldiler. Türkmen we gazak halklaryny asyrlaryň dowamynda birleşdirip gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda, umumy ruhy gymmatlyklarda, baý medeni mirasda we birek-birege goýulýan hormatda öz mynasyp beýanyny tapýar. Şol dostlugyň kökleri halklaryň taryhyna, edebiýatyna, saz sungatyna we milli däplerine uzaýar. Häzirki wagtda bu gadymy ruhy ýakynlyk medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşmagynda, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň medeniýetine has ýakyndan aralaşmagynda aýdyň görünýär. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Gazagystanyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti hem munuň aýdyň mysalydyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/77788889999777888999.jpg) Baýramçylyk konsertiniň Gazagystanyň milli baýramy – Gazagystan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçirilmegi oňa aýratyn many çaýdy. Doganlyk halkyň sungat wekilleriniň türkmen topragynda çykyş etmegi, iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň medeni ugurda barha pugtalandyrylýandygynyň güwäsidir. Konsertde Gazagystanyň Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. «Dauys» wokal toparynyň gazak halk aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirmegi, «Akku» tans toparynyň milli tans sungatyny ussatlyk bilen görkezmegi, gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşlary tomaşaçylara doganlyk halkyň sungat dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi. Konsertiň iň täsirli pursatlarynyň biri aýdymçy Oral-Kosaý Baýsengiriň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň pikirleriniň gazak sungatynyň üsti bilen ýaňlanmagy akyldaryň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetine düşünmäge ýardam etdi. Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşirow türkmen halkynyň «Bibijan» aýdymynyň esasynda döreden «Wariasiýa-fantaziýa» atly eserini hödürledi. Şeýle hem, türkmen nusgawy saz sungatynyň görnükli wekili Daňatar Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasynyň uwertýurasy ýerine ýetirildi. Gazak sazandalarynyň türkmen halk aýdymynyň äheňlerine ýüzlenmegi we milli opera sungatymyzyň nusgawy eserini ýerine ýetirmegi medeni hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn häsiýetini alamatlandyrdy.

No image
Ilçi Döwlet kitaphanasy bilen tanyşdy

Kitaphanalar

27.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow duz-çörek bilen garşylandy. Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özbek diline terjime edilen eserleriniň sergisi bilen tanyşdy. Soňra “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdy. Kitaphana bilen tanyşlygynyň dowamynda Ilçi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynda gurulýan täze şaheriň 2027-nji ýylda açyljak täze kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy bilen özbek dilindäki kitaplary alyşmak boýunça söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Ilçi Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň, ýakynda özbek dilinde tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi we ýakyn günlerde kitaphana sowgat berjekdigini mälim etdi. Şeýle hem, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rawşanbek Alimow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Göroglynyň poemasynyň özbek diline terjime edilen kitabyny sowgat berdi.

No image
Muzeý işi we maglumatlary sanlylaşdyrmak

Muzeýler

27.10.2026

2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda ABŞ-nyň «Fulbright» Maksatnamasynyň hünärmeni Daniýel Waýsyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde duşuşyk geçirildi. Amerikan alymy Daniýel Waýsyň iş saparynyň maksady medeni mirasy gorap saklamak ulgamynda sanlylaşdyrmak we resminamalaşdyrmak usullary boýunça Türkmenistanyň muzeýleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň işgärleri üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny we tanyşdyryş maslahatlaryny geçirmekden hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gezelenç etmekden ybarat bolup durýar. Döwlet muzeýinde geçirilen duşuşykda Daniýel Waýs «Maglumatlar we sanlylaşdyrmak» atly temadan çykyş etdi. Ol çykyşynda muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti barada öz tejribesinden mysal getirip gürrüň berdi. Duşuşykda muzeý işgärleri alym bilen rejeleýiş işlerinde sanly ulgamyň ähmiýeti barada sorag-jogap alyşdylar. Amerikan hünärmeni duşuşykdan öň muzeýiň taryh we arheologiýa sergi bölümlerine aýlanyp gördi. Muzeýde görkezilen arheologiýa gymmatlyklarynyň örän täsin hem-de ylmy nukdaýnazardan täsirlidigini, şeýle-de sergi bölümlerinde kartalaryň, çyzgylaryň, maglumatlaryň ýerlikli we sowatly ulanylandygyny, munuň bolsa ekspozisiýanyň ylmy derejesini güýçlendirýänligini belläp geçdi.

No image
Döredijilik duşuşygy

Muzeýler

27.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda yglan edilen ,,Bedew batly ýurdumyzyň milli mirasy” atly bäsleşigiň şertine laýyklykda, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda talyp ýaşlaryň hem-de muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda, Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk hünäriniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ,,Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijisi Esen Atamyradow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýewiň döredijilik dünýäsi, sungatda gazanan üstünlikleri, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlary, ilkinji halypalary hem-de bu ýoly dowam etdirjek şägirtleri, reňklere siňen gözelliklerden döreden birnäçe eserleri hakynda täsirli söhbetler edildi. Esen Atamyradow hem sungat ýoluna gelşi, halypalary, aýdym-saz sungaty, dutarda saz çalmagyň inçe tilsimleri barada täsirli gürrüňleri berdi. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýewiň zehin yhlasyndan dörän ,,Türkmeniň geçmiş ýoly”, ,,Lebap bahary”, ,,Idris baba”, ,,Türkmen göreşi”, ,,Gözellik”, ,,Ajaýyp bahar” ýaly birnäçe eserleri, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminde mynasyp orun tapýar. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew hem-de Esen Atamyradow döredijilik duşuşygynyň dowamynda bedew batly ösüşlere beslenýän, medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän ajaýyp döwründen ruhlanyp, täze eserleri döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülälek Batyrowa, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.

No image
Geliň, dessan aýdalyň!

Täzelikler

27.10.2026

Milli aýdym-saz mirasymyzy dikeltmek, ylmy taýdan öwrenmek we geljekki nesillere arassa görnüşinde ýetirmek häzirki zaman sungat ylmynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Kerwen Ýowbasarowyň guramagynda geçirilen “Geliň, dessan aýdalyň!” atly tükelleme konserti uly ylmy-çeper ähmiýete eýe boldy. Konsertiň esasy mazmunyny “Görogly” şadessanynyň “Göroglynyň öýlenişi” şahasy eýeledi. “Göroglynyň öýlenişi” şahasy şadessanyň şadyýan, dabaraly we çeperçilik taýdan baý parçalarynyň biridir. Dessançy bagşy bu şahada Görogly begiň, Agaýunusyň arasyndaky şahyrana dialoglary, gahrymançylykly we söýgi ruhundaky aýdymlary, Jygaly babanyň ak pata berýän parçalaryny özboluşly bagşyçylyk sungatynda diňleýjilere ýetirdi. Ussat bagşy bu meşhur şahanyň mazmunyny taryhy we çeperçilik taýdan täsirli beýan edip, şadessan boýunça ýerine ýetirilen halk aýdymdyr şahyrana bentler konsertiň dowamynda belent owaz bilen doly ýerine ýetirildi. K.Ýowbasarowyň owazly sesi dutaryň hem-de gyjagyň jadyly owazy bilen utgaşyp, diňleýjileri Görogly begiň mertlik, parahatçylykly, dabaraly dünýäsine aralaşdyrdy. Konserte gatnaşan mugallymlar, talyp ýaşlar we sungat söýüjiler dessançy bagşy K.Ýowbasarowyň bu çykyşyna ýokary baha berdiler. Halypa mugallymlar ussat bagşynyň dessan sungatyny diňe bir ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem onuň taryhy-sazlaşykly gurluşyny saklap galmakda hem-de ýaş nesle ýetirmekde yhlasly zähmet çekýändigini aýratyn bellediler. Dessanyň her bir parçasy diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. K.Ýowbasarowyň bagşyçylyk ussatlygyny utgaşdyryp, “Göroglynyň öýlenişi” şahasyny tükelleme görnüşde köpçülige ýetirmegi, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alýan dessan dessurynyň häzirki wagtda hem belentde tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli mirasymyzy içgin öwrenmäge, geljekki nesillere arassa görnüşinde ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys. Aýjemal Hojaýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji mugallymy.