logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BAGTYÝAR ÝURDUMYZA - NOWRUZ GELDI ÝAZ GELDI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi ýaz geldi» ady bilen Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde toýdur-baýramlara beslenen ajaýyp Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri Nowruz baýramy bolup, bu baýram diňe bir bahar baýramynyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygynyň hem buşlukçysydygy barada beýan etdiler hem-de bu baýram mynasybetli türkmen halky dürli tagamlardan taýýarlap, birek-biregi hoş sözler bilen gutlaýandyklary barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP YLYM-BILIM HAZYNASY

Kitaphanalar

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlarymyzyň dürli ugurlardan kämil bilim almaklary, döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary we geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi talyp ýaşlar bilen “Kitap ylym-bilim hazynasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitaplaryň jemgyýeti kämilleşdirmekde ilkinji zerurlyk bolup durýandygy, adamlaryň döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, giň gözýetimli bolmagyna, biliminiň artmagyna uly ýardam berýändigi dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylyp, bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi bilen kitap söýüjileriň sanynyň barha artýandygy hakynda-da belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy we pursatdan peýdalanyp döwrebap bilim almaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdiler.

No image
TERBIÝE SÖZ BILEN, GÖRELDE GÖZ BILEN

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen” ady bilen Aşgabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalara dürli temalara degişli ertekilerden okap berdiler we olar bilen söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpejeler barada edýän atalyk aladalaryny çagalara düşündirdiler. Söhbetdeşligiň çäginde “Kitap–meniň dostum” atly göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Bu gurnalan sergi olarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TALYPLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar. Institutyň “Ýol gurluşyk” fakultetiniň 1-2-nji ýyl talyplary we mugallymlary Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Bu ýerde ýerleşdirilen kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi we özlerine gerekli bolan maglumatlary tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GYZ-GELINLERIŇ TERBIÝESI

Kitaphanalar

19.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gyz-gelinleriň terbiýesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmeniň maşgala mukaddeslikleri, enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, gyz-gelinleriň dünýäsi onuň gözelligi barada aýdylyp geçildi. Gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňler çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy. Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

No image
TARYHDA YZ GALDYRAN TÜRKMEN ZENANLARY

Kitaphanalar

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz-toýlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu gün zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisini synlamana baran Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri hem «Türkmenistan», «Aşgabat» teleýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde taryhda orun alan edermen, wepaly zenanlarymyz, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularynda bahar güllerine deňelýän enelerimiziň waspy hakynda täsirli söhbet etdiler.

No image
KITAP SYNY

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi täze gelen edebiýatlara syn geçirdi. Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri bölüme gelen täze kitaplary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gelen kitaphana işgärleri we okyjylar bu ajaýyp edebiýatlar bilen tanyşyp, şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝAZYJY- ŞAHYRLARY ÝATLAP

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Ahmet Nepesowyň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
2026-njy ýylyň 20-23-nji marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

18.03.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### 20.03.2026ý. «Yşgyň gämisi» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Är we aýal» atly sahna oýny 19:00 ##### 23.03.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny 19:00 --- #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### 20.03.2026ý. «Super gaýyn ene» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Super gaýyn ene» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Toýmyza gel, toýmyza» atly sahna oýny 19:00 ##### 23.03.2026ý. «Toýmyza gel, toýmyza» atly sahna oýny 19:00 --- #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### 20.03.2026ý. «Sakarja geçi» atly sahna oýny 11:00 ##### 20.03.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Magnitafon» atly sahna oýny 19:00 --- #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### 20.03.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 12:00 ##### 20.03.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 14:00 ##### 20.03.2026ý. «Arşin mal alan» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 12:00 ##### 21.03.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 14:00 ##### 21.03.2026ý. «Türkmeniň bagty» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Doktor Aýbolit» atly sahna oýny 11:00 ##### 22.03.2026ý. «Doktor Aýbolit» atly sahna oýny 13:00 ##### 22.03.2026ý. «Erkin kebelekler» atly sahna oýny 19:00 --- #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### 20.03.2026ý. «Amanat giýew» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 ##### 23.03.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 --- #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### 21.03.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny 19:00 ##### 23.03.2026ý. «Älemgoşarly tomus» atly sahna oýny 19:00 --- #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### 20.03.2026ý. «Jüýteniň toýy» atly sahna oýny 19:00 ##### 21.03.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny 17:00 ##### 21.03.2026ý. «Aşyklar» atly sahna oýny 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny 12:00 ##### 22.03.2026ý. «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny 17:00 ##### 22.03.2026ý. «Jüýteniň toýy» atly sahna oýny 19:00 --- #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### 20.03.2026ý. «Jadygöýiň agyrly dişi» atly sahna oýny sagat 17:00 ##### 21.03.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Yşkymyň ykrary sen» atly sahna oýny sagat 19:00 --- #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### 21.03.2026ý. «Ygrar ataşy» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Galkynan göwünler» atly sahna oýny sagat 19:00 --- #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### 21.03.2026ý. «Çyn aşyk» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Demir aýal» atly sahna oýny sagat 19:00 --- #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### 21.03.2026ý. «Biz öýlenmäge taýýar» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### 22.03.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
NOWRUZ ÖWÜŞGINLERI

Täzelikler

18.03.2026

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň «Nowruz geldi bedew batly Watana!» atly sergisi açyldy. Sergidäki eserleriň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Çary Ýazmyradowyň «Ylham perişdesi», «Melike», Rustam Kurbanowyň «Sähranyň bezegi», «Türkmen bedewi», Döwlet Berdiýewiň «Bedew», Gutlymyrat Töräýewiň «Obada bahar», Berdisähet Gurbansähedowyň «Çölde», Bahar Pirgulyýewanyň «Mährem ojak», Abdylla Mämmetberdiýewiň «On dördi gije», «Monjugatdy», Myrat Hojagulyýewiň «Gülälekli gyz», Aýgözel Çakanowanyň «Narly natýurmort», Merdan Babajanowyň «Ak tawus», Guwançmyrat Hojaniýazowyň «Garpyzly natýurmort», Annageldi Jumaniýazowyň «Galkynyş», Maýsa Amangylyjowanyň «Türkmen gyzlary», Maral Hojagulyýewanyň «Toý» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde bahar paslynyň gözelligi we halkymyzyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary çeperçilik akymlary bilen sazlaşyp, baý mazmunda öz beýanyny tapypdyr. Nowruz topragyň janlanýandygyny aňladyp, täzelenişiň we gülleýşiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi emele getirýär. Bu gadymy baýram 2016-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şekillendiriş sungatynda Nowruz baýramy açyk, ýagty reňkleriň sazlaşygynda baýramçylyk şowhuny bilen çeper suratlandyrylýar. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkemegine täsir edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramy halkymyzyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurleryny özünde jemleýär. Milli bahar baýramy—Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giňden dabaraly bellenilýär. Maýa HALYKBERDIÝEWA, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji