logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GÖWNEJAÝ KITAPHANA HYZMATY

Täzelikler

24.03.2026

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň kitaphana işini ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak» hakyndaky kararyndan ugur alyp, 1963-nji ýyldan bäri, ýagny 63-ýyla golaý wagtdan bäri kitaphana gelip yzygiderli kitap okaýan kitaphananyň işeňňir okyjysy, köp çagaly ene, ýagny 4 sany ogully, 4 sany dürli milletlerden bolan gelinli internosinal maşgalaly, 13 sany agtykly, 11 sany çowlukly bagtyýar ene Zinakamal Koçkarowanyň öýüne baryp kitaphana hyzmaty guraldy. Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň gazak dilinde aýdan aýdymlary, gazak aýaly Zinakamal Koçkarowanyň türkmen dilinde aýdan aýdymlary tutuş maşgalanyň şatlygyny goşalandyrdy. Köneürgenç etrap hassahanasynyň Keselleri anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň girelgesinde saglyga degişli kitaplar, bukletler, elektron göterijileriň kitap sergisi döredildi we çeper okaýyşlar, kitapnama synlary geçirildi. Etrap hassahanasynyň ýeňil elli lukmany, köp çagaly bagtyýar ene Akjagül Töräýewanyň iş ýerine baryp, saglyga degişli kitaplar barada, onuň köpýyllyk iş tejribesi hakynda pikir alşyldy. Halkymyzyň eşretli, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. Hurma KULLAÝEWA Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy

No image
ÇAGALAR GURJAK TEATRY WE KITAP OKAMAGYŇ ÄHMIÝETI

Täzelikler

24.03.2026

1991-nji ýyldan bäri Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň ýanynda hereket edýän çagalar gurjak teatry tarapyndan ertekili kitaplaryň wakalary esasynda sahnalaşdyrylýan gurjak oýunlarynyň ösüp gelýän ýaş nesliň, entek harpy hem tanamaýan körpejeleriň kalbynda kitaby okamaga bolan höwesi oýarmakdaky ähmiýeti juda uly. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan «Öl agajy döwmegin degmedige degmegin» şonuň ýaly-da «Ýagşylyk et senden ýagşy at galar», «Jüýjeler», «Il saglygy-ýurt baýlygy», «Dur bakaly» hem-de türkmen halk döredijilik eserlerinden taýýarlanan «Leýran» ýaly gurjak oýunlarynyň görkezilmegi körpeler üçin iň bir gyzykly sahna eserlerine öwrüldi. Şular ýaly täsirli gurjak oýunlarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi kitaphana gelýän okyjylaryň sanynyň artmagyna hem ýardam edýär. Özüne çekiji gurjaklary merkezi kitaphananyň işgärleriniň özleri bejerip, özleri oýnadýarlar. Ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanyp etrabyň baýramçylyk meýdanlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda guralýan çäreleriň dowamynda görkezilýän gurjak oýunlar körpe okyjylar tarapyndan uly höwes bilen garşylanýar. Şeýle çäreleriň guralmagy çagalaryň sözleýşiniň ösmegine millilige bolan buýsanjynyň artmagyna dostluk we agzybirlik terbiýesiniň berkidilmegine, iň esasy zat hem kitaba bolan söýginiň artmagyna ýardam edýär. Annatuwak KAKAÝEWA Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory

No image
ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYK ÝUBILEÝI

Täzelikler

24.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda taryhy owazlar ýaňlandy. Bu döredijilik dabarasy dutaryň ussady, parahatçylyk ilçisi Şükür bagşynyň doglan gününiň 195 ýyllygyna bagyşlandy. Konsertde ýaňlanan eserler türkmen ruhunyň we milli mirasynyň belent dabaralanmasyna öwrüldi. Konserwatoriýanyň kiçi zalynda başlanan çäräniň açylyşy örän täsirli we dabaraly boldy. Alyp baryjy Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa dabarany açyp, Şükür bagşynyň türkmen medeniýetindäki ornunyň üýtgeşikdigini belledi. Ol öz sözünde: «Şükür bagşy — bu biziň milli buýsanjymyz, sazyň güýji bilen uruşlary togtadan beýik ynsanperwer şahsyýetdir» diýip nygtady. Konsertiň başynda Nury Halmämmedowyň «Şükür bagşy» kinofilminden meşhur Giriş eseri ýerine ýetirildi. Kamera orkestriniň ýolbaşçysy Tahyr Ataýewiň ussatlygy we Türkmen sazy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Nyýazow Kerimiň ýekelikdäki çykyşy diňleýjilere täsirli boldy. Orkestriň we dutaryň sazlaşygy, taryhyň gatlaryndan gelýän owaz bolup diňleýjileriň kalbynda çuňňur yz galdyrdy. Dabarada diňe bir sazlar ýaňlanman, eýsem halypalaryň we professorlaryň gyzykly gürrüňleri hem diňlenildi. Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewa söz berlip, ol Şükür bagşynyň ýerine ýetirijilik mekdebiniň aýratynlyklary barada giňişleýin durup geçdi. Şükür bagşynyň çalýan her bir perdeleriniň aňyrsynda uly pelsepäniň we halkymyzyň gadymy däpleriniň ýatandygyny talyplara düşündirdi. Halypa Akmyrat Çaryýewiň «Salmadan bökdüren» diýen sazy ýerine ýetirende çalasyn barmaklaryndan dörän her bir ses zaldaky dymyşlygy bozup, halkymyzyň taryhy ýoluna uly hormat hökmünde ýaňlandy. Konsertiň iň joşgunly pursatlarynyň biri hem Türkmenistanyň halk artistleri Akmyrat Çaryýew sazandarlyk etmeginde Läle Begnazarowanyň belent owazy bilen ýerine ýetirilen «Dutarym» aýdymy diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Döredijilik duşuşygynyň aýratyn gymmatly tarapy, taryhy maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagy boldy. Taryhçy mirasgär, Gaýrat medalynyň eýesi Nurnazar Jumanazarowa söz berildi. Ol Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynyň taryhy, bagşynyň ýaşan döwri we şol meşhur «bäsleşik» barada täze ylmy maglumatlary orta goýdy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň ýerine ýetirmegindäki «Şadilli» sazy we uly mugallym Aganazar Öwezgeldiýewiň «Aýralyk mukamy» eseri ýaňlanyp, milli saz medeniýetimiziň kämilliginiň nyşanyna öwrüldi. Dabaranyň iň täsirli pursady — Şükür bagşynyň agtygy Gurbandurdy Işanowyň sahna çykmagy boldy. Kaka etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň halypa mugallymy bolan bu ýaşuly öz atasynyň adyny götermegiň we onuň mirasyny gorap saklamagyň uly jogapkärçilikdigini aýtdy. Agtygynyň çykyşy talyplarda we mugallymlarda uly gyzyklanma döretdi, sebäbi diri taryhyň wekili bilen duşuşmak her kime miýesser etmeýär. Konsertiň jemleýji böleginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçy talyplar topary sahna çykdy. Işanguly Gündogdyýewiň çeper ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen «Sallana» sazy dabaranyň ahyrynda belent ruhda jemledi. Şükür bagşynyň 195 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilen bu medeni çäre, türkmen halkynyň öz köklerine, medeniýetine we taryhy şahsyýetlerine bolan sarsmaz söýgüsiniň beýanydyr. Gurnalan bu dabara tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Şükür bagşynyň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bolsa biziň häzirki bagtyýar döwrümizde hem özüniň gymmatyny ýitirmän, ýüreklerde ýaşamagyny dowam edýär. Halypa-şägirtlik ýolunyň kämilleşmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. Hudaýguly HANOW, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMEN ILI TOÝ TUTDY

Täzelikler

24.03.2026

Bahar paslynyň gelmegi bilen ene topraga ýyly gidip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese beslenip, gülälekdir jümjümeleriň, kömelekleriň, älemgoşaryň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň läle-reýhanlygynyň ajaýyp görnüşidir. Halkymyz durmuşyny tebigat bilen hemişe baglanyşdyrypdyr. Janly tebigatdan ylham almak, adamyň Watanyna bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Ýaşyl don geýnen sähra çykanda, ynsan kalby ruhy joşguna eýe bolýar. Halkymyzyň kalbynyň şahyranalygy bolsa, gözel tebigatymyzyň serpaýydyr. Jümleýi-jahany gözellige besläp, bereketli türkmen topragyna Nowruz geldi. Söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» atly şygrynda: Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda. diýip, beýan eden Nowruz baýramy, özi bilen ýaz durmuşyny alyp gelýär. Nowruzdan soň babadaýhanlar ekerançylyk işlerine gyzgalaňly girişýärler. «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimlerem bu baýramyň ekerançylyk ähmiýetlidigini aýan edýär. Täze ýylyň berekediniň düýbi ýagşy arzuw-niýet bilen tutulýar. Nowruz her bir adamy täze tutumlara ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. 2016-njy ýylda Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgnowruz1.jpg) Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär. Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän, Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. Bu baýramçylykda milli däp-dessurlarymyz, aýdym-sazlarymyz, tans, folklor-etnografik eserlerimiz ýerine ýetirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Nowruz ýaýlasynda» baýramçylyk dabarasy geçirildi. «Nowruz ýaýlasynyň» baş girelgesiniň öňünde, ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagy okaldy. Derwezäniň dabaraly açylmagy bilen, ýurdumyzyň körpe nesilleri çeper okaýyş çykyşlaryny joşgunly ýerine ýetirdiler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli guralan dabaralar birnäçe ugry öz içine aldy. Ýurdumyzyň artistleri hem-de tans toparlary Nowruz baýramy bellenýän ýurtlaryň dost-doganlygyny belentden wasp edýän milli dap-dessurlary, tanslary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlar halklaryň parahatçylyga, dost-doganlyga, jebislige goýýan hormat-sarpasynyň çäksizdigini dabaralandyrdy. Milli usul-tärlere laýyklykda, ýüň saýmak, egirmek, keçe basmak hem-de haly dokamak ýaly el işlerimiziň, myhmansöýerlik däplerimiziň, gelnalyja gelen myhmanlara duz-tagam hödür etmek hem-de gyzy göçürmek bilen bagly toý däp-dessurlarymyzyň dabaralandyrylmagy, milli tagamlaryň taýýarlanyşynyň, bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, zenanlaryň tikin-çatyn, öý işleri bilen meşgullanyşynyň görkezilmegi baýramçylygyň ähmiýetini hem-de giň many-mazmunyny açyp görkezdi. Türkmen ojagynda tutulýan durmuş-bagt toýunyň gelnalyjy dessurynyň milli ýörelgeleriniň, süýjilik seçilip, aýdym-sazly tomaşa, şowhun bilen gelniň garşy alnyşyny, toý gününde pişme, gatlama ýaly milli tagamlaryň taýýarlanyp, bagşy-sazandalaryň çykyşlaryny, zenanlaryň toý aýdymlaryny ýerine ýetirişlerini daşary ýurtly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar uly joşgun bilen synladylar. Dabarada dessançy bagşy-sazandalaryň, folklor-etnografik döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna uly orun berildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgnowruz2.jpg) Milli saz gurallaryň we neçjarçylyk önümleriniň sergisi, gelni çörege çagyrmak dessurynyň berjaý edilişi, «türkmen göreşi», «ýüzük bukdy», «tanap çekdi», «ýaglyga towusdy», «çilik», «aýterek-günterek», «göz daňdy» we beýleki halk oýunlary, darwazlaryň çykyşlary toýuň gyzygyny has-da artdyrdy. Türkmen atşynaslyk sungaty bilen bagly amaly-haşam, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň we at esbaplarynyň sergisine, seýisçilik sungatynyň ajaýyp däp-dessurlaryna hem-de at çapyşygyna tomaşa edildi. Tüýdükleriň owazy çarwadarlygyň gadymy ýazlag däpleri ak sähranyň goýnunda janlandyrylyp, owlak-guzy möwsüminiň, gyrkym dessurynyň, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň çygrynda tazy, towşan, türkmen alabaýy ýaly jandarlaryň elguş, käkilik, sülgün, ýaly guşlaryň idedilişine, keremli topragymyzda ýetişýän dermanlyk ot-çöpleriñ sergisi, şeýle hem çal tutmak, süýt önümlerini taýýarlamagyň tejribeleri görkezilip, «Çopan tansy» hem-de gelin-gyzlar ýaýla sanawaçlaryny ruhubelent ýerine ýetirdiler. Dünýäniň sirk festiwallarynda Altyn kuboga hem-de beýleki ýörite baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary, Nowruz desserhanynyň datly milli tagamlary, türkmen aşpezleriniň hem-de dostlukly döwletleriň aşpezlik sungatynyň täsin tejribeleri, nahar taýýarlanyşyň milli özboluşlylyklary dabara gatnaşýan myhmanlara görkezildi. Sergi meýdançasynda oba hojalyk, söwda toplumynyň we balyk hojalygynyň önümleriniň (gök, ter, miwe, azyk, iýmit, balyk, çörek) sergisi guralyp, sahawatly türkmen saçagynda myhmanlara hödür-kerem edildi. Medeniýet we sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazly çykyşlarynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgesini dabaralandyrmakda alyp barýan dünýä nusgawy işleri, rysgal-bereket eçilýän ene topragymyz, goýny gül-gülüstan eziz Watanymyz belentden wasp edildi. Gadymy baýramyň dessuryna laýyklykda, Şaman ody ýakyldy. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlarynyň, tans we döredijilik toparlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren şatlyk-şagalaňly şowhunly çykyşlary Nowruz ýaýlasyny toýhana öwürdi. Halkymyzyň medeniýetini, baý sungatyny, däp-dessurlaryny beýan edýän dabaralar ýurdumyzyň abadançylygyny, gülläp ösüşini, döredijilik ýoly bilen öňe barýan ynamly gadamlaryny alamatlandyryp, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabarasyna öwrüldi. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegi, ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň dowamat dowam bolmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin, eziz Watanymyzda toýlar-toýa ulaşsyn! Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
GARAŞSYZ DÖWLETIMIZIŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz döwletimiziň bedew batly ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji –hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyny aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI ILIME, AÝDYM BOLUP, SAZ BOLUP

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime, aýdym bolup, saz bolup» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Nowruz baýramynyň gadymy baýram bolup, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, bu baýramda türkmen halky milli däp-dessurlary ýerine ýetirip, türkmen tagamlarynyň birnäçe görnüşlerinden taýýarlap, aýratynam semeni tagamyny bişirip, uly şatlyk-şowhun bilen belleýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Nowruz baýramy mynasybetli birnäçe şirin aýdym-sazlar ýaňlandy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRAS - BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany” ýylynda döwletimiz bedew bady bilen, belent ruhubelentlik bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýändigi hakynda buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir halkyň pähim-paýhasa ýugrulan baý hem-de gymmatly medeni mirasy bolup, ol şol halkyň genji-hazynasy hökmünde goralyp saklanyp, nesillerden-nesillere geçirilip, her döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýändigini, türkmen halkynyň hem özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasy bolup, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň taryhy kökleri berkarar döwrümiziň ajaýyp şuglasy bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi güle besläp dünýäni» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy hökmünde bellenilýändigi, “Nowruz” sözi “täze gün” diýmegi aňladyp, ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy bolup, halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde hem giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridigi barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

No image
GELIŇ ERTEKI OKALYŇ

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen 156-njy çagalar bagynda «Geliň erteki okalyň» ady bilen sesli okaýyş geçirildi. Çärede türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan türkmen halk ertekileri nesil terbiýesinde ornunyň örän uludygy barada belläp, ertekilerde halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne, paýhasyna daýanmak, hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, namysjaňlyk, edep-ekramlylyk ýaly asylly sypatlaryň ýüzlerçesi eriş-argaç bolup geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerindäki dürli häsiýetli gahrymanlaryň türkmene mahsus asylly sypatlary, ýaş nesilleriň aňlarynyň, düşünjeleriniň sagdyn ösmeginde terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny aýtdylar.

No image
BAHAR GELDI ZEMINE, LÄLE-REÝHAN GÜL AÇYP

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar geldi zemine, läle-reýhan gül açyp» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen tebigatynyň her paslynyň özüne ýeterlik gözelligi bolup, baharda zemine ýyly girip, tebigat janlanyp, Nowruz baýramy ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde, ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.