logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAPHANALAR RUHY TERBIÝÄŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

24.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 2029 njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar ruhy terbiýäň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini, kitaphana işiniň we sanly ulgamy işjeň wagyz etmek, sanly ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, elektron kitaplary we maglumat gorlary ýaş nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesi bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

24.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 61-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, göwnejaý dynç almaklary, Watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem “Türkmen halk ertekili” kitabyndan bolsa birnäçe ertekiler okaldy we şol ertekileriň gahrymanlary we olaryň häsiýetleri barada sorag-jogaplar alşyldy. Bu geçirilen gürrüňdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy we çagalar özleriniň okan ertekileri barada gürrüň berdiler. Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NURANADYR «GALKYNYŞYŇ» ÝOLLARY

Muzeýler

24.02.2026

Bedew bady bilen öňe barýan türkmen halkymyzyň her bir güni toý baýramlara, şanly senelere beslenen. Muňa hut şu ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýyly diýilmegi hem uly şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewlerine uly hormat we sarpa goýulmagy bilen, halkymyzyň şöhratly taryhynyň has-da müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygy görmek bolýar. Şany dünýä dolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri diýseň guwandyryjydyr. Ýaňy ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem ýurdumyzda bedew batly beýik ösüşleriň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Lebap welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň iş saparyna gelmegi hem-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinden badalga almagy muzeý işgärleriniň buýsanjyny artdyrdy. Bu topar muzeyde myhmançylykda bolup, gadymy mirasy gymmatlyklarymyzy we gurnalan ajaýyp sergimizi uly gyzyklanma bilen synladylar. Halkymyzyň milli mirasyny, milli sungatyny içgin öwrenip we ony halka wagyz etmekde giň ýol açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleri rowana ýollarda rowaç alsyn. _____________________________ Maral Hojakulyýewa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/p-11.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/p-12.jpg)

No image
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NETIJELI DUŞUŞYKLAR

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Taraplar şu barada aýdyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Myhmanlaryň ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin, Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy. Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika, suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr. Şoňa görä-de, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýewropa banklarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri bar. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat diňlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi milli hukuk ulgamyny kämilleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Mejlise gatnaşyjylar hasabat döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak babatda birnäçe çäreleriň durmuşa geçirilendigini bellediler. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk, adamyň we raýatyň abadançylygy ugrunda çykyş edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de adam hukuklaryny üpjün etmegiň hukuk we guramaçylyk-tejribe çäreleriniň toplumy bilen baglanyşyklydyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde öňe süren halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi baradaky tagallalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek teklibi parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda wajyp ädimdir. Pudagara toparyň agzalary ýurdumyzyň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklarynyň, ynsanperwer hukugyň ileri tutulmagyna esaslanýan halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmakda geljekki işleriň esasy ugurlary barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri we beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Pudagara topar Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işi alyp barýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň esasy görkezijileri ilatyň bagtyýar, abadan durmuşy üçin mynasyp şertleri döretmekden, raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekden ybaratdyr. Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda raýatlaryň mynasyp zähmetini guramak boýunça anyk strategik wezipeler kesgitlenendir. Bu wezipeleri netijeli amala aşyrmakda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zähmeti innowasion esasda guramak wajypdyr. Kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde zähmeti guramak we goramak çykyş edýär. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. ________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

24.02.2026

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, beýleki azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini we tohumyny taýýarlamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan esasy wezipelere ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň oba hojalyk önümçiliginde ýokary netijeleri gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. __________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HER SAHYPA-TÄZE BIR DÜNÝÄ

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistan kinokonsert merkezinde geçirilen Multfilm şüweline «Her sahypa-täze bir dünýä» atly göçme kitap sergisini gurnady. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan çagalaryň söýgüli ertekileri hem-de beýleki neşir önümlerinden ybarat bolan göçme kitap sergimiz çagalaryň biri-biri bilen kitap barada gürrüň etmegine, pikir alyşmagyna mümkinçilik berdi. Çagalary kitap we erteki okamaklyga çekmegiň täsirli ýoly bolan göçme kitap sergisi çagalaryn kitaplara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda örän möhüm orun eýeleýär. Çagalar kitaby diňe eşidip däl, eýsem gözi bilen görüp, eline alyp, sahypalaryny açyp, kitaby duýmak arkaly kitaplara bolan söýgüsini artdyrdylar. Kitaphana hünärmenleri göçme kitap sergimize kitaplar dünýäsi bilen tanyş bolmaga gelen ýaşajyk kitapsöyüjiler bilen ynsanyň durmuşynda kitabyň tutýan orny, gyzykly kitaplary okamaklygyň peýdalary barada täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämiziň ahyrynda ýas nesillerimiz özleriniň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
RUHY HAZYNALY DÜRDÄNELER

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň karary esasynda tassyklanan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy esasynda «Ruhy hazynaly dürdäneler» ady bilen wagyz-nesihat çäräsi geçirildi. Çäräde çykyş edenler kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, Döwlet meýilnamalary arkaly milli elektron kitaphanalar döredilýändigi we onuň hyzmatlary has-da giňeldilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK GUDRATYNDAN GÜÝÇ ALYP, ÝURT ERKANA BEDEW ATLAR AGYNANDA

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk gudratyndan güýç alyp, ýurt erkana bedew atlar agynanda» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüş ýolunyň her tapgyry üstünliklere, şanly wakalara beslenip, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy ýurdumyzyň agzybirligini, ruhy bitewiligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada aýtdylar. Mundan başga-da asyrlaryň jümmişine uzaýan taryhy we medeni köklerimiz esasynda ahalteke bedewi türkmen tebigatynda we zähmetsöýer halkymyzyň aýratyn zehininden gözbaş alýandygyny, Ahalteke bedewlerini seýislemek we tebigat bilen sazlaşykly kemala getirmekde pederlerimizden asylly ýörelgeler dowam edip gelýändigi barada bellediler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–GÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–göwünlere ganat beren bedewler» ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanmyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.