logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kim köp erteki bilýär

Kitaphanalar

22.07.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 182-nji çagalar bagynda “Kim köp erteki bilýär” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanyň hünärmeni çagalara türkmen halk ertekilerden “Şadyýan horaz”, “Akylly Ahmet”, “Aldanan möjek”, “Öwez öýkelän”, “Ady barda özi ýok”, “Gorkana goşa görüner” ertekileri okap berdi. Çagalar ertekileri uly höwes bilen diňlediler. Soňra hünärmenimiz bilen çagalaryň arasynda gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň soňunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geliň, erteki okalyň

Kitaphanalar

22.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda 148-nji çagalar bagynda «Geliň, erteki okalyň» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn goramak, üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ähmiýetiniň aýratynam ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar we türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geňeşli don gysga bolmaz

Kitaphanalar

22.07.2026

Welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alyp “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda geçiriljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty – aýdyň maksatlar, möhüm wezipeler” brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basýar. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler!

No image
Koreýada ýaňlanan owazlar

Halkara gatnaşyklary

22.07.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dostlukly medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, daşary ýurtlarda iri medeni çäreleriň, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, şeýle hem, dünýä döwletleriniň Türkmenistanda Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi, dünýä halklarynyň arasynda dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Koreýa Respublikasy bilen medeni gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. 2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Koreýa Respublikasynyň Gwanjou we Seul şäherlerinde «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» dostluk assosiasiýasy tarapyndan Koreýa Respublikasynyň dostluk günleriniň çäginde geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat» çärelerine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, uly mugallymy Begenç Gaýypow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrap medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Arslan Jumaýew gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Olara Koreýa Respublikasynyň Milli Aziýa Medeniýet merkezi tarapyndan ajaýyp çykyş ussatlygy hem-de Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşine goşant goşandyklary üçin Ýadygärlik baýragynyň gowşurylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Bu ajaýyp çärelerde ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlarymyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, köpöwüşginli sungatymyz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Grafika sungaty

Muzeýler

21.07.2026

Adamzat taryhynyň tutuş dowamynda dünýä halklarynyň durmuşynyň hemrasy bolup gelýän sungat müňýyllyklaryň içinde barha kämilleşip, häzirki döwürde ösüşiň örän ýokary derejelerine ýetdi. Türkmen halkynyň çeperçilik sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär. Çeperçilik sungatynyň özboluşly ugurlarynyň biri hem grafika sungatydyr. Sungatyň bu görnüşi birnäçe bölümlerden durýar. Olardan basma grafika, amaly grafika, mahabat grafika şeýle-de senagat grafikasy has meşhurdyr. Grafika eserleri galam, tuş, akwarel, guaş, tempera ýaly usullary özünde jemlemek bilen adamlaryň ruhy baýlygyny we dünýäniň gözelligini şekillendirýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Grafika sungaty” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan üstünden ýarym asyrdan gowurak wagt geçen grafika eserler ilkinji gezek görkezilýär. Sergide türkmen grafika sungatynda uly yz goýan halypa ussatlaryň eserlerine aýratyn orun berilýär.Türkmen halkynyň durmuşyny, ahalteke bedewlerini, işçileri suratlandyran P.Znamenşikowyň, Ý.Nowikowyň, eserleri hem serginiň görnükli ýerinde ýerleşdirildi. Ý.Nowikowyň “Halyçy zenanlar” 1966ý, “Biziň baýlygymyz” 1965ý, “Saz eseri” 1965ý, “Türkmen bedew atlary”1971ý atly eserleri sergide wajyp orny eýeleýär. Şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeş Ý.Annanurowyň belli grafika eserleri sergide öz beýanyny tapýar. Ý.Annanurowyň “Jähekçiler” 1962ý atly eserinde türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligi wasp edilýär. Şeýle-de A.N.Kinýakin we ogly A.A.Kinýakiniň ajaýyp eserleri bu günki gün sergimize aýratyn gözellik berýär. A.A.Kinýakiniň “Kejebe”, “Ýolda” atly awtolitografiýa eserlerinde düýäniň üstünde oturan türkmen gelininiň keşbi ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Serginiň dowamynda Gahryman Arkadagymyza berlen sowgatlyk eserlerinden daşary ýurt suratkeşleri Maral Rahmanzadanyň we birnäçe näbelli suratkeşleriniň grafika eserlerini hem görmek bolýar. Şeýle-de sergide S.Meredowyň garyşyk usulyndaky birnäçe eserleri hem-de ýaş suratkeşler Ş.Baýramowanyň, O.Myradowanyň, Ş.Mämmedowanyň eserleri hem görkezilýär. Sergi biziň milli şekillendiriş sungatymyzyň kemala geliş taryhyna, onuň pelsepe çuňlugyna bagyşlanýar. Bu sergi diňe bir geçmişi däl, eýsem häzirki zaman türkmen grafikasynyň ruhy dünýäsini hem açyp görkezýär. Türkmen grafika sungaty nakgaşçylyk sungatyndan tapawutlylykda grafika sungatynyň çeperçilik diliniň özboluşlylygyny beýan etmekden ybaratdyr. Gara we ak reňkleriň utgaşmasy arkaly döredilen eserlerde türkmen halkynyň mertligini, sabyrlylygyny we mähremliligini açyp görkezýär. Bu sergide hödürlenýän eserler dürli tehniki serişdeleri-galam, kömür, sangina, pastel, tehniki usullary ofort we grawýura arkaly adamyň içki dünýäsiniň, häsiýetiniň we ruhy ýagdaýy çeper beýan edilýär.

No image
Dost – doganlyk gatnaşyklary dünýä dolýar

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleriniň bilelikde gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine bolan iş saparynda gol çekilen birnäçe ähtnamalar boýunça söhbetdeşlik geçirildi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda ähtnama kabul edilendigi, şeýle-de kitaphana ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň möhümdigi dogrusynda, kitaphana işiniň täze, döwrebap iş ugurlaryny girizmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we ulanmak arkaly tejribe alyşmakda ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygy hakynda söhbet etdiler. Kitaphana işgärleri doganlyk döwletiň belli ýazyjy- şahyrlarynyň eserleriniň okyjylar tarapyndan söýlüp okalýandygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş eden medeniýet işgärleri Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýada Türkmenistanyň medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi hakynda hem buýsançly söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TEATR IŞGÄRLERI HALKARA TEJRIBE ALYŞ OKUW HEPDELIGINE GATNAŞDYLAR

Teatr we kino dünýäsi

20.07.2026

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli işlemekleri, kämil eserleri döretmekleri, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara medeni çärelerine gatnaşmagy hem-de uly üstünlikleri gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, milli medeniýetimizi ösdürmekde aýratyn tapawutlanyp zähmet çekýän ýaş hünärmenlere daşary ýurtlarda tejribelerini artdyrmaga giň ýollar açylýar. Şeýle goldawlaryň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň hünärmeni A.Gutlyýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň režissýory B.Garajaýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti A.Pawlow, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň suratkeşi D.Allakow 2026-njy ýylyň 13-17-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen Halkara teatr hyzmatdaşlygy günlerine hem-de halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine gatnaşdylar. Bu halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine 11 döwletden 30-dan gowrak teatr işgärleri gatnaşdy. Okuw hepdeliginiň dowamynda türkmen teatr işgärlerine Russiýanyň abraýly teatrlarynda zähmet çekýän tejribeli teatr we kino artistleriniň, režissýorlaryň, teatr suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda «BRIKS we GDA döwletleriniň teatr kartasy: ösüşiň badalgalary we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri», «Halkara teatr taslamasy: döredijilik pikirinden – sahna oýnunyň tomaşaça ýetirilmegine çenli», «Döredijilik başlangyçlary – halkara hyzmatdaşlygyň köprüsi», «Ýaşlaryň we medeniýetleriň dialogy: Gündogar we Günbatar teatrlary sungatyň kämillik menzilini nazarlaýar», «Teatr sungaty: öňde durýan wezipeler we geljekki mümkinçilikler», «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti hem-de geljegi» ýaly mowzuklardan tejribe alyş hem-de hünär ussatlygy okuwlaryna gatnaşdylar. Mundan başga-da, ýaş türkmen teatr artistlerine Moskwa şäheriniň Mossowet teatry, Moskwanyň Uly teatry («Московский Большой театр») bilen tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy. Bu abraýly sungat öýlerine barlanda ýaş türkmen artistleri baýry teatrlaryň taryhy, olarda zähmet çekýän hem-de tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan keşpleri döreden artistleriň döredijilik mirasy, teatrlaryň artistleri we olaryň özboluşly sungat däpleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem, Moskwanyň Uly teatrynda sahnalaşdyrylýan «Anna Korenina» atly spektaklynyň taýýarlyk pursatlaryna gatnaşdylar. Bu abraýly teatrlaryň halypa artistleri bilen tegelek stol görnüşindäki döredijilik duşuşygy hem geçirildi. Onda ykbalyny sungata örklän halypa teatr işgärleriniň ündew-nesihatlaryny diňlediler. Teatrlaryň medeni we milli aýratynlyklaryna garamazdan, döwrebap öwüşginli spektakllary sahnalaşdyrmagyň ussatlyk tejribeleri hem-de teatrlaryň döredijilik kuwwatyny berkleşdirmekde artistleriň ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan sungat işgäri, belli teatr we kino artisti B.Morozowyň sahna sungatynda emeli aň mümkinçiliklerini, täze innowasion tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada geçen hünär öwreniş okuwlary aýratyn täsirli geçdi. Okuw hepdeliginiň dowamynda ýaş teatr işgärleri Moskwa şäheriniň Mossowet teatrynda «R.R.R.», Moskwanyň Uly teatrynda («Московский Большой театр») «Anna Korenina» atly spektakllaryna tomaşa etdiler. Bu teatrlarda sahnalaşdyrylýan spektakllarda ulanylýan döwrebap sahna we saz bezegleri, waka laýyklykda egin-eşikleri ulanmagyň täzeçil usullary bilen ýakyndan tanyşdylar. 2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu halkara okuw hepdeligine gatnaşyjylaryň rus teatr sungatynyň düýbüni tutujylarynyň hem-de režissura sungatynyň görnükli wekilleriniň biri K.Stanislawskiniň öý muzeýine baryp görmekleri hem-de dünýä belli teatr nazaryýetçisiniň teatr sungatyny ösdürmek boýunça ýazan kitaplary, döredijilik mirasy bilen tanyşmaklary ýaşlar üçin örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, halkara okuw hepdeliginiň dowamynda türkmenistanly döredijilik wekiliýeti üçin Moskwanyň kitaphanalaryna, muzeýlerine we beýleki medeniýet ojaklaryna tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy. Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygy» atly halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeliginiň ahyrky gününde, işjeň gatnaşandygy üçin türkmen teatr işgärlerine Halkara şahadatnamalary gowşuryldy. A.Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
Kitap adamyň ruhy hemrasy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda hemişelik okyjylarynyň arasynda “Kitap adamyň ruhy hemrasy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz dynç alyş günlerinde kitap okamak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda höweslije çagalara ündew etdiler. Çagalar kitap dükanyndan isleg bildirýän kitaplarynyň ençemesini satyn aldylar. Ýene-de ençeme kitaplary kitaphanamyzyň okyjylar zalyna gelip okajakdyklaryny uly höwes bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kitap bilen, kitaphanalar bilen dostlaşmagy, dynç alyş günlerini peýdaly zatlar öwrenmäge sarp etmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Horezmiň parlak ýyldyzy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda "Miras" teleýaýlymynyň "Dürler hazynasy" gepleşiginiň ýazgy etmekliginde gündogar dünýäsiniň beýik alymy we akyldary Nejmeddin Kubranyň doglan gününiň 885 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen medeniýetinde hem-de taryhynda hakyky ady Ahmet ibn Omar bolan Nejmeddin Kubra ylymy§, batyrlygyň we Watana bolan wepalylygyň nusgawy danasy hökmünde kabul edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynda Nejmeddin Kubranyň aramgähi gümmezi ýerleşýär. Bu ýer dünýäniň çar künjünden gelýän syýahatçylaryň we zyýaratçylaryň in köp gelýän mukaddes ýerleriniň biri. Onuň taryhy we ruhy mirasy häzirki wagtda hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyk hökmünde goralyp saklanylýar. Söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Taryhymyzy, edebiýatymyzy Özüniň ruhy we ahlak eserleri bilen baýlaşdyran şahsyýetleriň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler alkyşlary beýan edildi.

No image
Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Kitaphanalar

20.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy” atly maslahat geçirdi. Maslahatda çykyş edenler geçen 35 ýylyň ýylyň dowamynda ähli ugurlar boýunça ýetilen beýik sepgitler, gazanylan zähmet üstünlikleri barada buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de ýyndamlykda, owadanlykda dünýäni haýran galdyrýan ahalteke bedewlerimiziň gelip çykyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, şöhratly taryhymyzda eýeleýän orny we häzirki wagtda bedewlere goýulýan hormat-sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Ganatly bedewlerimize bagyşlanan sergi aýratyn gyzyklanma döretdi. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri hem-de bedewlerimiziň şekili suratlandyrylan nakgaşlyk eserler ýerleşdirildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.