logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitap biziň dostumyzdyr

Kitaphanalar

16.06.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri bilen bilelikde çagajyklarymyzyň iň gelim gidimli ýeri bolan Aşgabat seýilgähimizde “Kitap biziň dostumyzdyr” ady bilen Aşgabat teleýaýlymyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşajyk çagalara kitap bilen dostlaşmagyň nähili gymmatlydygyny bellenilip geçildi. Çagajyklara gyzykly ertekilerdir,rowaýatlary okap gürrüň berildi. Soňra bolsa çagalara kitap okasaň özüňi dünýäni açyp görkezýänligi barada aýdylyp geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşajyk nesillerimiz özlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Milli sungatymyz ýaş sungaty öwrenijileriň gözi bilen

Täzelikler

16.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungatyny ylmy taýdan öwrenmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine giň şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom goragy üstünlikli geçdi. Ýaş sungaty öwrenijiler saýlap alan temalaryň derwaýyslygy olaryň çuňňur gözleg işlerini we seljeriş ukyplylygyny görkezýär. Bu diplom işler milli sungatyň we medeniýetiň ösüşine öz goşandyny goşýar. Sungaty öwrenijiler Sülgün Saýylowanyň, Bägül Annadurdyýewanyň diplom işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çeper bezegine, çaý medeniýetiniň däplerine syn berlip, ajaýyp sungat eserleriň türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen berk baglydygyny bellenilýär. Çünki alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol-ýörelgämizdir, geljegimiziň şamçyragydyr. Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynda saklanylýan sungat eserlerini ylmy taýdan öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Ýaş sungaty öwrenijiler Ýalkap Sähedowyň «Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty ýygyndysy» we Nurana Sähetgeldiýewanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiň hazynasy – dost-doganlyk köprüsi» atly diplom işlerinde muzeý gymmatlyklary çeperçilik taýdan öwrenilip, olaryň taryhy ähmiýetine täzeçe baha berilýär. Bu bolsa ylmy gözlegleriň we muzeý tejribesiniň arabaglanyşygyny görkezýär we milli mirasymyzy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň wajyplygyny belleýär. Amangül Goçmyradowanyň «Gahryman Goçmyradowyň döredijiliginde filosofik garaýyşlar», Aýbibi Çaryýewanyň «Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýedinazar Madatowyň döredijilik mirasy», Mahym Meredowanyň «Portret nakgaşlygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň orny», Sähragül Baýryýewanyň «Balkan welaýatynyň suratkeşi Nazmämmet Satlykgulyýewiň döredijiligi», Bägül Hojanyýazowanyň «Mary suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň nakgaşlygy» atly diplom işlerinde türkmen sungatynyň taryhynda uly yz galdyran halypa ussatlaryň we döwrebap suratkeşleriň ömri we döredijilik gözlegleri, häzirki zaman sungatynyň ösüş ýollary yzygiderli seljerilýär. Ýaşlar halypa we ýaş suratkeşleriň dünýäsine aralaşyp, milli çeperçilik mirasyna degişli maglumatlary beýan etmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Akgözel Sahatmyradowanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bagtyýar çagalar dünýäsi» atly tema ýüzlenip, çagalaryň durmuşyny we keşbini beýan edýän nakgaş we heýkel eserleriň many-mazmunyny we çeperçilik özboluşlylygyny açyp görkezýär. Serwi Gurbanberdiýewanyň diplom işinde bolsa Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bedew waspynyň şöhlelendirilişine syn berilýär. Türkmenistanyň nakgaşlygynda dürli çeperçilik akymlarynyň täsirini öwrenen Annagül Bagtyýarowa deňeşdiriş seljermeleriň mysalynda dünýä sungatyndaky stilleriň aýratynlyklary, usullary barada beýan edýär. Gülşen Berdiýewanyň diplom işi Türkmenistanyň nakgaşlygynda Hazar deňziniň gözel keşbine bagyşlanyp, suwuň ähmiýetini suratlandyrýan çeper keşplerden başlap, häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde deňziň wasp edilişi sungaty öwreniş nazary esasynda beýan edilýär. Binagärlik sungatynyň özboluşlylygy we döwrebap şähergurluşygy Ogulsona Öwezmyradowanyň «Arkadag şäheri – döwrebap binagärligiň nusgasy», Jennet Kakabaýewanyň «Gündogar halklarynyň öý gurluşygynyň milli däpleri», Şirmyrat Kerimowyň «Aşgabat şäheriniň medeni we jemgyýetçilik binalaryň çeper bezegi (XXI asyr)» atly diplom işlerinde beýan edilýär. Aýjan Astanowanyň «Sagatlaryň taryhy we çeperçilik bezegleriniň aýratynlyklary» atly temasynda diňe bir taryhy maglumatlary, muzeý gymmatlyklary däl-de, eýsem, häzirki zaman türkmen dizaýnerleriniň, zergärleriniň döredijiligine degişli eserleri barada ylmy garaýyşlar bar. Şemşat Kadyrowa Türkmenistanyň nakgaşlygynda binagärlik ýadygärlikleriň çeper beýan edilişini öwrenip, olaryň taryhy we çeperçilik ähmiýetini wasp edýän eserlerine sungaty öwrenijilik nazaryýeti taýdan baha berdi. Bu bolsa ýaş sungaty öwrenijiniň ylmy gözlegler bilen medeni mirasymyzy wagyz etmek işlerine uly goşantdyr. Gülabat Gadamowanyň «Garaşsyz Türkmenistanyň şekilli halylaryň çeper çözgüdi» atly diplom işi döwrebap türkmen halyçylygynda şekilli halylarda beýan edilýän ýordumlaryň we şekilleriň aýratynlyklaryny muzeý gymmatlyklaryň, şahsy ýygyndylaryň mysalynda syn berýär we olaryň taryhy hem-de estetiki ähmiýetini açyp görkezýär. Ýaş sungaty öwrenijiler häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp, çykyşlaryň dowamynda diplom işleriň temasy barada taýýarlanylan täsirli prezentasiýalary we wideoşekilleri görkezdiler. Bu bolsa olaryň çykyşlaryny has düşnükli we gyzykly etmäge mümkinçilik berdi. Diplom goragyna tanymal suratkeşleriň, binagärleriň, alymlaryň, muzeý işgärleriň, mugallymlaryň gatnaşmagy bu synagyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, tejribeli synçylaryň ýaşlaryň işlerine baha bermegi geljekki sungaty öwrenijileriň zehininiň açylmagyna we täze ýörelgeleriň döremegine ýardam berdi. Jeren BALTAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy

No image
Halklaryň ruhy baýlygy

Kitaphanalar

15.06.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, goňşy we beýleki ýurtlar bilen medeni-ynsanperwerlik ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da ösdürýär. Taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýär. Muňa golaýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda geçirilen Medeniýet günleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň naýbaşy nusgalary bolan milli gymmatlyklarymyz giňden ýaýbaňlandyryldy. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde aýdyň görünýär. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Medeniýet günleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «Библиотека иностранной литературы» kitaphanasyna türkmen wekilleri baryp, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler babatda söhbetdeş boldular. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleriniň rus diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi. Olar hem, öz gezeklerinde kitaphanalarynyň adyndan «Книжные памятники в аспекте сохранности» atly kitaby sowgat berdiler. Halk arasyndaky «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen nakyla eýerip, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleri dünýä ýüzüne ýaň salýar. Ajaýyp döwürde, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin dünýäniň ähli künjeklerinde, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

No image
Dutarym

Edebiýat älemi

15.06.2026

Gözbaşyny alyp, çuň gadymyýetden, Ägirtleň elinde saýran dutarym. Kirişde gürledip, heňňamlaň syryn, Şahandaz kalplara ornan dutarym. --- Süňňüne siňdirip, sazlaň lemmerin, Aşyk Aýdyň Piriň, Baba Gammaryň. Taraşlap, suwlaryň lummur-lummuryn, Ýürekden-ýürege ýaýan dutarym. --- Garajaoglanyň söýgi kelamyn, Magtymgulyň mahbubyna sowalyn. Saýlap çäç, harpygyn, sazly ummanyň, Guwwaslaň tilinde sözlän dutarym. --- Gönübegiň ellerinde taplanyp, «Gökdepe mukamyn» taryha salyp. Şükür bagşyň ýeňşin owazlandyryp, Parahat ýaşaýşy ündän dutarym. --- Dessana heň berip, Pälwan elinde, Bilbile öwrülip, Sahy dilinde. Nagyş deý keşdelän, sazyn köňülde, Asyrdan-asyra rowan dutarym. --- Galkynyp, döwrebap oba-şährinden, Ylhamlanyp, bagtly Oguz ählinden. Pederleriň paýhasyndan,pähminden, Owazasy dünýä ýaýran dutarym. --- **Saz ojagy** --- Geçmişi şöhratly Oguz iliniň, Waspyny belentden söýleden sazda. Çöşläp syryn ymgyr sähra, çölüniň, Sessiz sonarlygy gürleden tarda. --- Ýere çuň kök uran daragt deýin, Getirdiň kemala sazanda nesliň. Heňe püre-pürläp süňňüni seriň, Jahana tanatdyň, şahandaz aslyň. --- Ençe ýyl geçse-de, şine uranyňa, Owazlaryň kimin kalbyň nowjuwan. Pasyl çalyşsa-da, göwnüň gojalman. Ümzügiň nurana geljege rowan. --- Goýnuňda gülledip, zehin daragtyn, Uçurymlaň düzdi, sungatyň sepin. Bezäp müdimilik taryhyň gatyn, Döwüre ses goşýar şägirt, halypaň. --- **Miwe BEKMYRADOWA, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr.**

No image
Çaga kalbynyň owazy

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy “Çaga kalbynyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitabyň gymmaty we adamlaryň durmuşynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bagtyýar körpelerimiz durmuşymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän aýdymdyr goşgulary aýtdylar. Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, geljegimiz bolan körpeleriň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu işleriň netijesinde biz her bir ojakda bagtyýar çagalaryň bagtdan joşýan kalplarynyň owazynyň-şadyýan gülküleriniň şaýady bolýarys. Bu biziň her birimizi guwandyrýar. Şeýle ajaýyp durmuşyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Arkadag teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş sagaldyş merkezinde “Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Ýaş nesilleriň gelejegi üçin, olaryň bagtly, bagtyýar çagalyk geçirmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýän ýurdumyzda çagalaryň päk arzuwlary myrat tapýar. Biz kitaphanaçylar hem ýaş nesillerimizde kitaba bolan höwesi artdyrmak maksady bilen kitap sergileri gurnap, çagalar bilen ýakyn gatnaşykda bolýarys. Kitapdaky ertekileriň gahrymanlaryny, olaryň terbiýeçilik ähmiýetini giňişleýin düşündirýäris. Biziň döwletimiz hakykatdanam, bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy. Berk bedenli sagdyn ruhly ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

No image
Ylym – ýagty geljegiň çyragy

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Ylym – ýagty geljegiň çyragy ” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi hakynda şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi hakynda giňişleýin söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ylym-bilim ulgamyny, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
Magtymguly - dünýäniň akyldary

Kitaphanalar

15.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilip geçirilýänligi, eziz diýarymyzda medeniýet we sungat işgärlerine uly sarpa we hormat goýulýanlygy hakynda giňden belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmekde, ony dünýä derejesine çykarmakda uly işler alnyp barylýar. Medeniýetiň gözbaşynda däp-dessurlarymyz, aýdym-saz sungatymyz, birek-birek bilen özara gatnaşyk, ýaşaýyş durmuşyň köp taraplary, halkymyzyň ahlak sypatlary durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitaby türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, şygyrlaryndaky pähim – paýhaslaryň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada maglumatlar berilýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýeti geçmişiň ýaňy, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan geçirilen ”Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly söhbetdeşlik gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmenistan – bagtly çagalygyň mekany

Kitaphanalar

15.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Türkmenistan – bagtly çagalygyň mekany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalary hemmetaraplaýyn goramak, goldamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny barada aýtdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň isleg arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr

Kitaphanalar

15.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Gökderedäki “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» ady bilen “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa, gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy, eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýandygy, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.