logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNA AGZA ÝURTLARYŇ MEDENIÝET WE SUNGAT USSATLARYNYŇ KONSERTI

Täzelikler

10.10.2026

8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýaýbaňlandyryldy. Medeni çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda “Bedew bady: güýç hem gözellik” atly döwletara telewizion filmler bäsleşiginde “Ahalteke bedewi — milletiň genji-hazynasy” atly filmi bilen ýeňiji bolan russiýaly režissýor Robert Fransewe bäsleşigiň ýörite ýadygärlik heýkeli, diplomy, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 10 müň amerikan dollar möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Hazaryň kenarynda guralan halkara çäreler mynasybetli GDA agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde “Tatar gyzy — 2026” atly halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp bolan özbegistanly A.Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — “ZEEKR X9” kysymly awtoulagyň açary gowşuryldy. Gözelligiň we nepisligiň özboluşly beýanyna öwrülen bäsleşikde ýeňiş gazanan tatar gyzy türkmen topragynda milli myhmansöýerlik däpleri esasynda kabul edilendigi, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza, türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem, ol Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilen halkara bäsleşige gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady we gazanan ýeňşiniň öz durmuşynda iň bir ýatda galyjy, bagtly pursatlara beslenendigini belledi. Bu günki gün milli medeniýetimiz ösüşiň häzirki zaman ýörelgelerini, ugurlaryny we nusgalaryny özüne birleşdirýär. Şunda halkymyzyň medeniýetini halkara derejede giňden wagyz etmek, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan köp sanly halkara forumlaryň we çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu bolsa medeniýetiň, sungatyň serhetleri we uzak aralyklary aşmaga, dürli halklary parahatçylyk, hoşniýetlilik we ösüş ugrunda birleşdirmäge ýardam edýändigi baradaky hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti hem ýurdumyzyň medeni diplomatiýany işjeň ilerledýändiginiň, sungat arkaly döwletleri we halklary ýakynlaşdyrýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/jfjfjftj.jpg) ...Konsert «Arkadagly Serdarym bu gün uly toý tutýar» atly aýdym bilen açyldy. «Dokmaçylar» folklor toparynyň şowhunly tanslary bilen utgaşan aýdymda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Diýarymyzyň guwandyryjy ösüşleri wasp edildi. «Awazanyň kenarynda ýaňlanýar dostluk aýdymy» atly edebi-sazly çykyşda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklary hem-de Awazanyň halklary birleşdirýän merkez hökmündäki ähmiýeti çeper beýan edildi. Konsert maksatnamasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň öz ýurtlaryna özboluşly syýahata alyp gidýän joşgunly çykyşlaryndan ybarat boldy. Şolaryň hatarynda M.Ý.Pýatnitskiý adyndaky döwlet akademiki rus halk hory, «Pesnýary» Belarus döwlet ansambly «Horoşki» belarus döwlet akademiki horeografik ansambly, Gazagystanyň Milli sungat uniwersitetiniň talyp dombraçylar ansambly, «Saltanat» döwlet tans ansambly, şeýle hem GDA ýurtlarynyň dünýäde meşhurlyk gazanan medeniýet we sungat ussatlary bar. Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň, meşhur aýdymçylaryň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dost-doganlyk döwletleriniň ajaýyp künjeklerini we gözelliklerini, dürli halklaryň özboluşly däp-dessurlaryny, medeni-ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylygy, agzybirligi şöhlelendirýän wideoşekiller bilen utgaşdy. Baýramçylyk konserti “Küştdepdi” tansy bilen dowam etdi. Halkymyzyň taryhy-medeni däpleriniň we ruhy dünýäsiniň sazlaşygyny şöhlelendirýän halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Soňra konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym ýaňlandy. Bu ajaýyp we şowhunly aýdym ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň, geljegi nazarlaýan beýik maksatlarynyň senasy bolup ýaňlandy.

No image
Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Malaýziýanyň Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar

Syýahatçylyk

09.10.2026

2026-njy ýylyň 2-4-nji oktýabry aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «INTAC-2026» halkara syýahatçylyk sergisine, Türkmenistanyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşdylar. «Döwletli jahan», «Gadymy miras», «Eşretli syýahat» syýahatçylyk kärhanalary serginiň giň zalynda, Türkmenistanyň pawiliýonlarynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyrýan wideorolikleri we bukletler hem-de milli sowgatlyk önümleri bilen çykyş etdiler. Şeýle hem, sergä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara türkmen tagamlaryny hödürlediler. Aşgabat-Kuala-Lumpur-Aşgabat göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy, Türkmenistan bilen Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylaryň akymyny has-da köpeltmek üçin örän ähmiýetlidir. Malaýziýa bilen syýahatçylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, bu ýurtdan ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan syýahat etmek maksady bilen gidýän syýahatçylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly ÝUNESKO-nyň maddy medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimizi halkara syýahatçylyk sergilerinde we syýahatçylyk platformalarynda mahabatlandyrmak, taryhy ýadygärliklerimiz barada gyzykly maglumatlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýä ýaýylýar.

No image
Täsirli sergi

Muzeýler

09.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny, milli mirasyny gorap saklamak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 8-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky suw çüwdürimler toplumynyň kenarýaka böleginde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi. Onuň çäklerinde guralan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergi hem gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Güljeren Atabaýewa sergide çykyş etdi. Ol çykyşynda döredilýän giň mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdi.

No image
Maksatly menzilleriň waspy

Kitaphanalar

09.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde ýurdumyzda geçirilen şanly seneler we taryhy wakalar hakynda kitaphanaçylar bilen söhbetdeşlik guraldy. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir gününiň taryhy wakalar, şanly seneler, toý-baýramlar bilen utgaşýandygy, şeýle taryhy wakalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň möhüm orny eýeleýändigini nygtadylar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, ýurdumyzyň her bir raýatynda eziz Watanymyza bolan buýsanjy, söýgüni artdyryp, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrýandygyny bellediler. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň, garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleriň, ajaýyp ýeňişleriň, ýetilen beýik sepgitleriň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä ýaň salýandygy hakynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

09.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan 47-nji çagalar bakja bagynda “Medeniýetli nesil-bagtyýar geljegiň gözbaşy” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi guraldy. Çagalar bakja bagynda guralan sergidäki kitaplar, ertekiler çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphanaçylaryň okap beren ertekilerini çagalar uly höwes bilen diňlediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde kitabyň sarpasy belent tutulýar. Ýaş nesillerimiziň ylym-bilimli bolmaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
«Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly söhbetdeşlik

Muzeýler

09.10.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlaryň yhlasyndan döreýän nepislik» atly gepleşigiň çäklerinde türkmen milli tahýalar barada söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen tahýasy – medeni gymmatlyklarymyzyň biridir. Ol milli baş gaplaryň arasynda çeperçilik taýdan gaýtalanmajak kämil bezel işi bilen tapawutlanýar. Ynsan başynyň täjine deňelýän tahýanyň täsin nagyşlarynyň mazmunyna kalbyň iň päk arzuw-hyýallary, maksat-myrady, gadymy ynançlar, paýhas-parasatly ruhy ýörelgeler siňdirilipdir. Türkmen tahýasynda ene topragyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir. Söhbetdeşlikde türkmen gözelleri keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalara siňdirilen. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň taryhy, aňladýan manylary barada gürrüň edildi. Şeýle hem nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatynyň jemi jemlendir. Tahýalar biçilip tikilende niýetlenen adamyň kellesiniň ölçegine görä alynýar. Keşdelenende sapaklaryň reňkine görä, ilki garalanyp hem gyzyllanyp, soňra sary, ak ýaly açyk sapaklar bilen keşdelenýär. Tahýalar ýaş aýratynlygyna görä geýilýär.Häzirki wagtda hem türkmen tahýasy gündelik durmuşda, baýramçylyklarda we milli dabaralarda buýsanç bilen geýilýär, türkmen medeni mirasynyň müdimi nyşany hökmünde giňden saklanyp galandyr. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Saglyk rowaçlygyň sakasy

Kitaphanalar

09.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Saglyk rowaçlygyň sakasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý-melhem hem ylham” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlaryň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de eziz Watanymyzda ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Sagdyn nesil- sagdyn jemgyýet

Kitaphanalar

09.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresini gurnady. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede saglyk öýüniň lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy we kitaphana işgärleri gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Mundan başga-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurlup ulanylmana berilýän döwrebap hassahanalaryň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport desgalarynyň adam üçin täsiriniň ulydygyny belläp geçdiler. Kitaphanada gurnalan saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri aýdyň açyp görkezýän kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda

Kitaphanalar

09.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy esasda öwrenilip, halk lukmançylygynda giňden ulanylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaplarynda adam saglygyna peýdaly we dürli kesellere melhem bolýan dermanlyk ösümlikleriň häsiýetleri we aýratynlyklary giňişleýin beýan edilendigi dogrusynda hem çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň sagdyn ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

09.10.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan “Almaly, narly baglar” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, bagçylyk bilen bagly edebiýatlara hem orun berildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin, bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.