logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Sagdynlyk - bagtyýarlyk

Kitaphanalar

09.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli “Sagdynlyk – bagtyýarlyk” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň paýhas ummanyndan kemal tapan saglyga degişli eserleriniň “Il saglygy-ýurt baýlygy” ady bilen giňişleýin sergisi gurnaldy. Mundan başga-da kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy kitaplaryny saglygy goraýyş işgärleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň okamaklary üçin hemişelik sergiler hem hereket edýär. Gatnaşyjylar sergidäki kitaplara syn berilende Gahryman Arkadagymyzyň göniden-göni ýolbaşçylyk etmeginde işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ilatyň saglygyny goramakda we saglygy goraýyş edaralaryň işini kämilleşdirmekde alnyp barylýan giň möçberli işleriň berk binýady bolup durýandygyny uly buýsanç bilen nygtaldylar.

No image
Pederleri hatyralap

Kitaphanalar

09.10.2026

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe ýurdumyzda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlamak, watansöýüjilik, dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlary has-da rowaçlandyrmak, nesillerde watansöýüjilik we ynsanperwerlik duýgularyny ösdürmek maksady bilen, Hatyra güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher orta hünär okuw mekdebindäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak çäresi ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Bize şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, edermen gahrymanlarymyzy ýatlamaga mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
“Türkmen milli göreşi” hakynda söhbetdeşlik

Kitaphanalar

09.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmen sporty” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen milli göreşi” hakynda halypa kitaphanaçylar bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde milli göreşiň döreýşi, gadymy döwürlerden bäri toý-baýramlaryň bezegi bolan pälwanlaryň gurnaýan ýaryşlary, olaryň geçiriliş düzgünleri barada söhbet etdiler. Mundan başga-da, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilýän ýaryşlar we ýeňiji bolan pälwanlar hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Syýahatçylyk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Syýahatçylyk

08.10.2026

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bu ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny dolandyrmakda esasy orna eýedir. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň (GDA) daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde, GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Türkmenistanyň arasynda syýahatçylyk ulgamy babatdaky dowamly gatnaşyklar täze herekete eýe bolýar. Türkmenistan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşi bilen syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklarda GDA-nyň “Arkalaşygyň syýahatçylyk paýtagty” atly Döwletara maksatnamasyny kabul etmek, Işewürler merkeziniň syýahatçylyk babatda bilelikdäki meýdançany döretmek baradaky tekliplerini goldap, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi tarapyndan yzygiderli GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Syýahatçylyk Geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ekspert toparynyň maslahatlaryna gatnaşylýar. GDA-nyň agza döwletleriniň syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027-2028-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy, ulgamyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegini kämilleşdirmek, statistiki hasaba alnyşy we syýahatçylyk hyzmatlarynyň hil standartlaryny ösdürmek, syýahatçylaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň howpsuzlyk ulgamyny kämilleşdirmekden başga-da, GDA döwletleriniň arasynda syýahatçylaryň akymynyň has-da köpelmegine, bilelikdäki Merkezi Aziýa we GDA döwletlerini öz içine alýan syýahatçylyk bukjalaryny düzmekde, ýurtlaryň milli däp-dessurlaryny we taryhy ýerlerini giňden mahabatlandyrmakda hem-de syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirer.

No image
“PALAS ÖNÜMLERI – DOKMAÇYLYGYŇ GADYMY NUSGALARY”

Medeni miras

08.10.2026

Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, türkmen halky dünýä derejesinde ykrar edilýän gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir. Şeýle baý mirasymyzyň nepis nusgalarynyň biri hem palas önümleridir. Palas önümleri çeper elli zenanlarymyzyň ýeňil bolmadyk, inçe we çylşyrymly el işleriniň biridir. Palas dokamaklyk yhlasly zähmeti, irginsizligi talap edýär. Bu nepis el işi ejeden gyza, gelnejeden baldyza, aýal dogandan uýalaryna geçip nesilme-nesil dowam edip gelýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz tarapyndan döredilen medeni mirasymyzy öwrenmekdäki we gorap saklamakdaky gazanylýan üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň guwandyryjy netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mirasymyzyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekdäki ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde palas önümleriniň sergisi guraldy we “Dünýä nusgalyk miras” atly gepleşigiň çäginde “Palas önümleri – dokmaçylygyň gadymy nusgalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Diýarymyzda milli - medeni we taryhy ähmiýetli mirasymyzyň iň gadymy nusgalarynyň biri bolan palas önümlerini öwrenmekde, olaryň asyl nusgalaryny dikeltmekde alnyp barylýan işler, palas önümleriniň türkmen durmuşynda tutýan mynasyp orny, dokalyş aýratynlyklary, usullary dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler. Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, alyp barýan döwletli işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
Hoşallyk maslahatynyň çäklerinde sergi gurnaldy

Muzeýler

08.10.2026

Arkadag şäher häkimliginde “Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady" atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergä aýratyn many-mazmuny bagyşlady.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi tarapyndan kitaphana täze gelen neşirlerden kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp kitaby bilen tanyşdyrdylar. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçen umumy okuw sapagyndaky, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň hem-de maşgalanyň öňündäki borçlary hakyndaky çykyşy ýerleşdirilen. Kitaphana synyna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
“Dünýäniň ýedi täsinligi” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakyna 76-njy orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda “Dünýäniň ýedi täsinligi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gizanyň Beýik piramidasy, Wawilonyň asma baglary, Olimpiýadaky Zewsiň heýkeli, Efesdäki Artemidanyň ybadathanasy, Galikarnas mawzoleýi, Rodosyň äpet heýkeli we Aleksandriýanyň maýagy barada gyzykly maglumatlar aýdyldy. Şeýle hem okuwçylara dünýäniň gadymy we häzirki zaman täsinlikleri, olaryň taryhy, ähmiýeti we adamzat medeniýetindäki orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Okuwçylar söhbetdeşlige işjeň gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berdiler we dünýäniň täsinlikleri barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle çäreler ýaş nesliň taryha, medeniýete we dünýä halklarynyň baý mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Söhbetdeşligiň ahyrynda okuwçylara kitap okamaklyga, taryhy öwrenmeklige we medeni mirasy gorap saklamaklyga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

No image
“Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” atly sergi gurnaldy

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Senagat we gurluşyk önümçiligi ösüş ýolunda” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri, gurluşyk ulgamyna degişli neşirler ýerleşdirildi. Sergä gatnaşyjy okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sowal- jogap alyşdylar.

No image
Sergi gurnaldy

Kitaphanalar

08.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollarynyň orny” atly sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmekde awtomobil ýollary diňe bir ulag ulgamynda däl, eýsem tutuş milli ykdysadyýetde möhüm orny eýeleýär. Ýurduň geoykdysady ýerleşişini netijeli peýdalanmakda hem-de içerki we halkara söwda ýollaryň gurluşygynyň döwrebaplaşdyrylyşy ilkinji hatardaky wezipeleriň biridir. Döwrebap awtomobil ýollarynyň Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrýan durnukly ösüşi üpjün edýän we ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornuny berkidýän möhüm strategiýa bolup durýandygy barada sergi bilen gyzyklanan okyjylara gürrüň berildi. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.