logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ýaşlar bilen – kämillige tarap!

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersiteti bilen bilelikde “Ýaşlar bilen – kämillige tarap!” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallasy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar we olaryň bagtyýar durmuşy, nurana geljegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnygyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar diýip buýsanç bilen söhbet etdiler. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimizi ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher häkimliginiň Medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmekliginde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Zenanlar dialogy: parahatçylyk, durnukly ösüş, röwşen geljek” atly söhbetdeşlik geçirdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeginde ýerleşýän Kongresler merkezinde geçirilen “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak we olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly garalan meseleler we olaryň ähmiýeti dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Forumda maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça beýan edilen tekliplerdir, başlangyçlar barada hem buýsançly gürrüňlere orun berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zenanlar baradaky, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda deňligi üpjün etmeklikde beýik işleri amal edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Saglyk – baýlyk

Kitaphanalar

13.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Saglyk – baýlyk” atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp tomly ensiklopedik kitabynyň halkymyz, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamy üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Mundan başga-da, tebigatyň ynsan saglygy bilen sazlaşygyny amala aşyrmaga ýardam edýän bu kitabyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilendigi, şeýle hem, Alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi hakynda bellediler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Maslahat geçirildi

Kitaphanalar

13.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere hem-de taryhy wakalara beslenýär. Arkadag şäher Köpugurly hassahanasynda hem “Saglyk bolar-durmuşyň gözbaşy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinden kitap sergisini gurnadylar. Maslahata gatnaşyjylar sergini höwes bilen synladylar hem-de kitaplardan adam saglygy baradaky gymmatly we gyzykly maglumatlary okadylar.

No image
Çagalar biziň geljegimiz

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 48-nji çagalar bakja - bagynda “Çagalar biziň geljegimizdir, durmuşymyzyň gülleridir” atly körpeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri körpelere türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermenligi hakynda gyzykly gürrüňleri etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar körpeleriň ünsüni özüne çekdi. Çärä gatnaşyjylar asuda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň ilhalar, ylym-bilimden paýly bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
HALKARA TEATR FESTIWALYNDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIK

Teatr we kino dünýäsi

12.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň durmuşynyň dürli ugurlary bilen birlikde medeni ulgamda, hususan-da, halkara medeni gatnaşyklarda asyrlara ýaň saljak işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli sungatymyzy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek baradaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine, şonuň bilen birlikde ýaş sungat nesillerine täze-täze eserleri döretmäge, dürli ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge hem-de sahna eserleriniň üsti bilen milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge ähli şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 5-9-njy oktýabry aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryndan ybarat döredijilik topary, TÜRKSOÝ-yň guramagynda Gazagystan Respublikasynyň Türküstan şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4646846.jpg) Ýurdumyzyň talyp ýaşlary bu halkara festiwalyna Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplary esasynda sahnalaşdyrylan «Bedew sarpasy» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Gyzykly wakalara, aýdym-sazlara beslenen bu sahna eserinde türkmen ýigidiniň behişdi bedewlere bolan söýgüsi, milli mirasymyzyň köpöwüşginliligi açylyp görkezilýär. Sahna eserinde baş gahrymanlar soltan Baýkaranyň, Myralynyň, Gülpamyň çeper keşpleriniň üsti bilen, sada oba adamlarynyň durmuşynda türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewleriň tutýan orny hem-de milli seýisçilik sungatymyza bolan hormat-sarpa beýan edilýär. Türkmen halky üçin ýigidiň goşa ganaty-myrady bolan atlaryň, ynsanyň tebigata bolan söýgüsiniň belentliginiň nyşany hökmünde janlandyrylýar. Halkara teatr festiwalyna türkmen ýaşlary bilen birlikde Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan talyplar teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Festiwala Türkmenistandan emin agzasy hökmünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow gatnaşdy. Halkara talyplar teatr festiwalynyň jemleýji dabarasynda emin agzalary türkmen ýaşlarynyň görkezen sahna eseriniň sungat kämilligine aýratyn baha berdiler. Hususan-da, bu sahna eserinde bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejede dabaralanýandygyny nygtadylar. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar toparynyň «Bedew sarpasy» atly sahna eseri Türki dünýäsiniň IV halkara talyplar teatr festiwalynyň «Milli mowzugyň iň gowy işlenen sahna eseri» atly ýörite baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň talyplar teatr toparyna halkara festiwalyna gatnaşandygy üçin festiwalyň kubogy, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň hormat haty, Türküstan şäher häkimliginiň minnetdarlyk haty gowşuryldy. Türkmen talyp ýaşlarynyň halkara festiwalynda behişdi bedewlerimizi wasp eden sahna eseri, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini giňden dabaralandyrýan baý mazmunly sahna eseri hökmünde tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Türkmen ýaşlary halkara medeni çärelerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
Altyn sümmüller hekaýa

Edebiýat älemi

12.10.2026

Agşam gowy ýatyp bilmedik Ýazjemal horazlaň obany örüzip gygyrýan sesi eşidilenden turmak bilen boldy. Daňdanyň ümüş-tamşynda daşaryk howlukdy. Häzir ony jahanyň garaňkylygy, ýekeligi, asla hiç bir zat howatyrlandyranokdy. Ýazjemaly biygtyýar özüne çekýän öýüniň golaýyndaky atyzda kemsiz bişen bugdaýlaň ýakymly ysydy. Ol çalt ädimläp bugdaýly meýdana geldi. Gözlerini mäkäm ýumdy. Uludan demini alyp, melul bolan ysyndan gandy: “Tüweleme, tüweleme. Bugdaý-a, bugdaý jan bolupdyr, bişme kemi galmandyr. Eliňde owranyp barýar. Ysyny dagy diýsene, janyňy alyp barýar, berekediň ysy bu, doýup bilemok. Bugdaýyň, ekinleň hasyla durşy gowy. Saçaklarymyzyň nany bol bolar. Çekseň zähmet – ýagar rehnet. Der döküp işleseň, rehnet ýagýar. Günüň tylla nuruna bişen guşgursak dänelere baksana. Ilimiz: “Altyn başly ak bugdaý” diýip hak aýdypdyr. Ýazjemalyň altyn öwüsýän bugdaý pelini synladygy saýy synlasy geldi. Gözleri dokundy. Bişen dänelerden bir-iki sanysyny agzyna atdy. Howlukman çeýnedi. Mele-myssyk çöregimiz bu altyn däneler. Bu Ýazjemalyň ýüreginiň owazy. Şol owazy häzir özünden başga janly-jemende eşidenok. Ýazjemal ony kimdir birine eşitdirjegem bolanok. Esli meýdany tutup duran adaja ösýän şemalyň täsirine başlary biri-birine çolaşyp ýuwaş, ýöne örän sazlaşykly owaz edýän dokmäde bugdaýlar Ýazjemalyň göwün guşuny al-asmanda pel-pelletdi. “Bu ýyl bugdaýyň ýyly. Enşalla, orak orup, hasyly tabşyrammyzsoň, lomaý girdeji alarys. Maşyn almaga toplap oturan pulumyzyň üstüni dolup, Arslanyň arzuw edýän maşynyny alarys. Ol diňe Arslanyň arzuwy däl-le. Şol maşyn biziň maşgalamyzyň arzuwy. Arslan: “Maşyn alty adamlyk. Biziň maşgalamyza niýetlenen ýaly. Eje maşyna hemmämiz sygýas. Ekine gitmek üçinem gowy. Ýogsa, paý-pyýada gitseň ýola-da wagt gidýär. Kakam-a has zerur. Meýdana gidende köp wagty ýolda geçýär. Maşyn wagtyňy tygşytlap berýär, uzak ýoluňy ýakyn edýär. Häzir ýollaram aýna ýaly tekiz. Maşynyň bir ýerine zeper ýetäýmesin diýjek gaýgyň ýok. Ekiniň başynda bolup gijräk gaýdaýanyňda-da ygtybarly ulagyň ýanyňda. Ýoluň müşgili ýok. Sähel salymda öýe getirýär. Maşgalaň bilen şähere gitjekmi ýa-da gezelenje?! Garaz, ähli zatda işiňi ýeňledýär” diýýär. Arslanyň aýdýanynyň jany bar. Maşyn hemişe atlanyp gidibermeli demir atyň-da. Nirede bolsaň hyzmata gaýym. Maşyn babatda meňem arzuwym bar. Ak reňkli täze maşynymyzda uly oglum Atajanyň gelnini şaňňyrdadyp öýe getirsek. Enşalla, toý etsek gelin maşyny öz ellerim bilen bezärin. Maşyn bezemek ýaş-ýeleňleň işi dälmi diýip, geň görjegem tapylar. Geň görseler görübersinler. Agzy ýellileň gepine gulak gabartjak gümanym ýok. Ojagymyzdaky ilki toýumyz. Gelnalyjy maşyn üçin milli eşikli gyz bilen oglan gurjagy eýýäm taýýarlabam goýdum. Şol bagtly günlerem uzakda däl. Aý-gün aýlanyp dur. Ynha, basym geler o günler. Oglum Atajanyň ilerki köçedäki Akjaň gyzy Aýnada göwni bar diýýäler. Özünde-nä eşidemok, goňşym Ogulnurdan eşitdim. “Habaryň barmy?! Ogluň, garaňky gatlyşdygy, Akjalaň bagynyň ýanyndan aýrylanok. Bagyň garaguly ýaly. Ýöne bagy garagullanok ol, Akjaň gyzy Aýnany garagullaýar. Bir gezek ikisiniň bagyň aşagynda gepleşip duranyny gördüm. Biri-birini sulhy alýar öýdýän. Belki, wadalaşandyrlar. Habarlyrak bolaý diýjek bolýan goňşy. Ýitigiňizi gözläp Akjalaň gapysyndan barmaly bolaýmaň?! Ogluň taryna kakyp görseňe-mä bir zat syzarsyň. -Şu-na dogry aýtdyň goňşy jan. Ýüreginde yşk odunyň tutaşanyna duýýadym-la. Ýöne Akjaň gyzy Aýna gabagyny galdyrýandyr öýtmezdim. Aýna häli-şindi öýe-de gelýär-le. Gyzym bolmansoň ýekelliräk görüp gelneje kömekleşmeli bolsa aýdaýgynam diýýär. Pylan zada kömek gerek diýsem elgamak ýaly ýetişýär. Bir gezek Aýnaň ejesiniň: ”Aýnany Eseniň jana-jan dostlarynyň biri ogluna gelinlige soraýar. Bizem Aýna razy bolsa şolara beräýeli diýýäs. Eli giň, gurply ýerler. Ýag iýip, ýüpek geýer, olara gelin bolup barsa. Gyz maşgalaň düşjek ýerini duşurmagam aňsat däl.” diýeni hiç ýadymdan çykanok. Aýnaň ene-atasynyň göwn-ä başga ýerde ýaly. Akja düşünjeli aýal. Aýna “Göwnüm başga-da” diýse, pikirinden el çeker-le. Ykbal meselesi-dä. Hökman ýaşlaň öz razylygy gerek. Ýogsa-da, men-ä bu habara begendim içimden. Aýna ýaly hyzmata gaýymja gelnim bolaýsa – diýip, arzuwlap ýördüm. Oglum gyz-a saýlap bilipdir. Aýna gelnimiz bolsa armanymyz ýok. Hany, howlukmaýyn. Sakawyň soňuna seredeýin-le. Nesip bolsa, maşynam alarys, şaňňyrdadyp gelnem getireris öýümize. Ol nazaryny ýene bugdaýly atyza gönükdirdi. Birdenem ýany bilen getiren zatlaryny dörüşdirdi. “Bar eken” diýip, torbasynyň içinden matadan tikilen eplengi uly bir torbany çykaryp, bugdaý dänelerini syryp alyp salyşdyrdy. Torbany püre-pür edip doldurdy. Ind-ä ýetäýse gerek. Ýetmese ertir ýene ýygaryn. Ol akja mata bilen bugdaýlaň üstüni basyrdy. Torbany meýdanyň gyrasyna getirdi. Bugdaýly torbany öýe aşyrmak Meleguşuň wezipesidi. Ýazjemal sonorly sährada otlap ýören Meleguşuň adyny tutup gygyrdy. Ady tutulandan Meleguş keýerjekläp başyny galdyryp eýesiniň ýanyna eňdi. Ýagyrnysyna atyň tanyş torbasyny daňyp, ýaňky bugdaýly torbany içine saldy. Mallar üçin ýygan otunyň bilini ýüp bilen berk daňyp, torbaň bir gapdalyna sygdyrdy. Meleguş eýesine kömek gerekdigine düşünýän dek, ýüzüni öýe eltýän ýola öwürdi. Ýazjemala gypynç edere zat ýokdy. Meleguşuň bu hereketleri iş bitirjeginiň alamaty: -Bar, ýoluň ak bolsun. Ýüki öýe äkit-diýip, ýagyrnysyna kakandan at öňe okdurylyp ýola düşdi. Badyny gowşatman öýe geldi. Üsti adamsyz gelen Meleguşy Nurly garşylady. -Berekella, Meleguşum, berekella! Eýäňe hyzmat baryny edýäň. Hany, Ýazjemal, ony goýup gaýtdyňmy. Ýazjemalyň özi galandyr-la pyýada bararyn diýip. Men oňa häli bile gaýdaly diýdim. Bolşy şeýle, pyýada ýöremegi gowy görýär ol. Adamyň zannynda bar zady üýtgedip bolmaz eken. Ýogsam, atyzyň içinde-de pyýada ýöräp geçýär. Ýüküň düşürilse-de näme hokranyp dursuň. Meleguş saklama diýýän ýaly ýer peşedi. -Näme, eýäň yzyndan gitjekmi. Bar, onda alyp gel diýenden at çapyp gitdi. Aýak yzlary bozulmadyk ýoly torç edip barşyna Ýazjemala duşdy. -Meleguş nirä alňasap gelýäň. Menden ynjalman gaýtdyňmy?! At mün diýen äheňde Ýazjemalyň öňünde durdy. -Näme etjekdiň yzymdan gelip. Hälem, ýük agyr bolaýmasyn diýip münmedim-ä. At butnaman durdy. Ýazjemal ata atlandy. Wepaly janawer. Eýesini taşlajak gümany ýok. Öýe gelensoňam Ýazjemal dynç alman, zire-zire bugdaý dänelerini bedrä guýup, göz terezisinden geçirdi. Bedrä doldy. Ýetse gerek. Ertir ir bilen uly gazanda gowurga gowraryn. Her bir işe ünsli çemeleşýän Ýazjemal gowurgany ýakman gowurmak barada kän oýlandy. Ile-güne hödür etjek zadyň kemsiz bolsa gowy. Obaň aýallary Sülgün gowurgaçyň gelnine meňzänok, gowurgany gowrup oňarmandyr. Ýuwaş-ýuwaş ökdelär-dä diýseler namys ederin. Iş oňarmaýan ýaly bolaryn. Kellesinde at çapýan alasarmyk pikirlerden aýňalman ol uka gitdi. Ertesi gün Ýazjemal bilen Nurly daňyň gözi çyzylandan işe başlap, ojagyň üstüne gazany sazlap goýdular. Ogullary Atajan bilen Aşyr ilerden odun getirdi: -Ejemem gowurga gowrardy. Gyzgynjak gowurgadan datsynlar diýip, goňşulara paýlardy. Gyzarypjyk bişen gowurgaň tagamyny diýsene. Meň-ä häzirden agzym suwarýar. Ynha, odunyňa taýýar gelin baý. Bugdaýy gazana guýsaň gowurgaňy gowrup başlabermeli. -Günde-günaşa bişirilmeýän del tagamlar mydama agzyňy suwardýar, Nurly. Azajyk garaşsaň süýjüje gowurga taýýar bolar. Ýazjemal bedredäki bugdaýlary goşawuçlap alyp emaý bilen gazana saldy. Bugdaý uly gazanyň ýarsyna ýetdi. Çakym dogry çykdy. Edil ölçenen ýaly: -Nurly gowurga näzik hörek. Ýuwaşrak otda bişirmesek ýanmagy ahmal. -Bolýar, oduny özüm sazlaryn. Sen bulap dursaň bolýar. Ýazjemal tagta çemçe bilen gowurgany bulady. Oduň howruna däneler deňje gyzarýardy. Şol pursat gazandaky däneleriň çişip köpelişine haýran galdy. -Nurly seretsene. Hurş diýseň hurş, bereket diýseň bereket. Bişende öz-özünden köpelýär. Iýseň bedeniňe güýç-kuwwat inýär. Üýtgeşik tagam. Süýjetmek üçin içine zat garmak gerek däl, tagamy özi bilen. Bugdaý ekinleň naýbaşy. Adamzat nesliniň höregi. -Şoň üçin ekinleň soltany diýilýär bugdaý-a. Nurly bilen Ýazjemal taýýar gowurgany uly okaralara guýdylar. Gyzgyn howry burnuňa urup duran gowurgadan ilki özleri datdy. -Süýjüdigini. Bal ýaly, ysy işdäňi açýar. Iýseň, iýesiň gelýär. Ýazjemal, gyzgynjakka goňşulara paýlaly. -Bolýar, Nurly paýlaly. Ýazjemal çaklaňja okaralary hatarlady. Hemmesini gowurgadan doldurdy. Säher bilen gowurgaň ýakymly ysy töwerege ýaýrady. -Gelin, gowurga gowurdyňmy?! Ysy aýdyp dur. Gaýnyň pahyr bu höregiň ussadydy. Agzyňda kibirdäp eräp gidýän gowurgasynyň tagamy dadanlaň ýadyndan çykmaz. “Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden bolarmyş” diýipdir könelerimiz. Seňem gowurgaňa baha bereris gelin. Ýogsa-da gaýnyň ruhuna şat edensiň. Gowy görýän höregidi – diýip, Näzik daýza söz gatdy. -Gaýnenemiň ruhuny şat edip bilsem, armanym ýok, Näzik daýza, alyň, gyzgynjak gowurgadan dadyp görüň, baha beriň. Ýazjemal Näzik daýzaň garrylykdan gasyn baglan ellerine okarany uzatdy. Garry sandyraýany mese-mälim duýulýan elleri bilen okarany berk tutup öňünde goýdy. -Sag bol, gelin! Gowurg-a biz bereket höregi diýerdik. Her ýyl bugdaý ýetişende, gowrup biri-birimize paýlardyk. Hemmäňiziň gowurga gowrup biri-biriňize paýlamagyňyzyň sebäbi näme diýmegiň mümkin. Her kimiň gowurgasynyň özboluşly tagamy bar. Ýürek söýgiň, yhlas-mähriň bişirýän tagamyňa siňýär. Biz gowran gowurgalarymyzdan dadyp baha bererdik. Gaýneneň gowurga gowruşam üýtgeşikdi. Gyzaranja däneleri kepgirde bökdürende, ýekeje dänäni ýere gaçyrmaz. Biş-düş etmek eliniň ujundady. Gelin seňem eliň gaýneneňki ýaly süýji eken. Bereket bersin diýip, okara süýji-köke salyp uzatdy. Ýazjemalyň gowurgasy goňşularyň baryna ýetdi. Ol bugdaýdan bol hasyl almaga siňdiren yhlaslaryny ýatlady. Arryklan ýeri taba getiräýmek aňsat iş däldi. Şonda topraga siňdirýän azaby boş geçýän ýaly duýuldy. Nurla: -Bu ýerden isleýän hasylymyzy alyp bilesimiz ýok-la. Haşal otuny orup aýrarys-la welin. Ýeriň ýüzüne seretsene. Şordan ýaňa ak gaýmak çalnan ýaly. Bu ýeri yzyna tabşyrsak gowy bolar. Nurly Ýazjemala oýlan diýýän ýaly bir sözem jogap gaýtarmady. Ýazjemal çöke düşüp oturdy. Gözüni bir nokada dikip kän oýlandy. Oýlandygyça serindäki dumanly pikirleri durlandy. Kejikýänine düşündi. Ýeri günäkärläre sebäp tapyp bilmedi. Gaýta gulagyna “diline düşünseň, ýer altyn hazynadyr” diýen ses eşidildi. Toba, toba. Günä biziň sabyrsyzlygymyzda öýdýän. Ýeriň gurplanaryna garaşmaga takadymyz ýetenok. Ene ýer hasabyny dürs ýöredýär-le. Ýazjemal eli bilen oýkalap owradan topragyndan azajygyny agzyna atdy. Ene topragyň süýji tagamyny duýdy. Elhepus, men-ä näme diýjegimi bilemok. Toprak süýjäp başlapdyr. Hasylyň ysy gelip dur-a. -Adam çig süýt emen-dä. Ýalňyşýan öýdýän Nurly. Topragyň aşaklarynyň şory aýrylyp süýjäp ugrapdyr. Ýere ýene bir ýyl yhlas etsek, hasyla ýüzümiz düşer enşalla. Aýalynyň pikiri Nurlyň göwnüne jaý boldy. Olar döwletiň daýhanlara döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýeri sürdürip, dökünlediler. Soň suw tutdylar. Kärende ýerine ir baryp, giç gaýtdylar. Yhlas edilen ýer taba gelýärdi. Topragyň ýüzi durlanyp melewşe öwüsdi. Yhlasynyň netijesi Ýazjemalyň ökjesini ýeňletdi. Ýadawlyk duýmady. Bugdaý tohumyny “Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli” diýip, ak arzuwlar edip sepdiler. Wagtynda suwuny tutup, dökünini berensoň pelde ýaşylja gyrtyçlar göründi. Ýaşyl öwüsýän pele nazary düşen Ýazjemalyň begenşini diýsene, şonda. Ýüzündäki ýylgyryş esli mahal aýrylmady. “Enşalla, bol hasyl alarys. Ene ýeriň diline düşünip, demine diň salmaly eken. Özem ýüregiň bilen diňläp, kalbyň gözi bilen garamaly eken. Sözsüz gürleşip otyr-a. “Toprak eýesiniň gözünden suw içer” diýleni çyn eken. Şol pursat topragyň ekinini müňletjegine, durmuşyny gülletjegine ynandy. -Ýazjemal gelin, hasyla garaşyber. Ýygnap tükedip bilmersiň. Bereketli hasyl janly-jemendäň baryna ýetýär. Mal-gara samany gyşyna ot-iým bolýar. Türkmen aga muňa “bolsady ekilen” ýaly düýýär. Bu Geldi aganyň sesidi. -Geldi aga, töwerek-daşymyzy altyn sümmüller gurşap dur. Günüň şöhlesine öwşün atýan meýdandan Ýazjemal öýe gitmäge howlukmady. Ýogsa, agşam naharyny taýýarlamaga bir wagt çen boldy. Ozallar nahar atarmaly wagt boldy – diýip, haýdan-haý öýe howlukýan Ýazjemaly bu gün bir döw çalan ýaly gyssananok. Öýem, naharam ýadyna düşenok. Gaýta bugdaýly pele ýylgyryp bakyp: “Yhna, yhlasyň netijesini görüň! Özüm-ä ene ýeriň gudratyny, däneleň müňleýşini görýän. Şol wagt bugdaýly meýdana gonan guşlar däne çokup başlady. Ekiniň bişenini guş-gumrular, janly-jandar özüňden öňürti bilýär. Bular paýyny almaga gelendir. Alsa alybersinler, oň bilen gutarjak gümany ýok-la. Ekin eýesiniň gözünden suw içýär eken. Der döküp idi-issiwadyny ýetirmeseň-ä hasyl aljak zadyň ýok. Döken deriň zere öwrülse welin hümmeti başga. Älhepus, bar zat atyşykly çemçe bu durmuşda. Birdenem Ýazjemalyň şol waka ýadyna düşdi. Şol ýyl gyş agyr geldi. Howa sowuk boldy. Zerur bolmasa hiç kimiň öýden çykasy gelmedi. Ýazjemalyň jorasy Arzygül goňşy oba durmuşa çykypdy. Ilerki köçedäki Göwherjik duýdansyz gapydan girip dört eplengi haty Ýazjemala tutdurdy. -Joraň Arzygül iberdi. Allaniçiksi bolan Ýazjemal haty howlukmaç açdy. “Göwnüm gowurga küýseýär. Bir goşawuçjyk. Sizde iýen gowurgamyz bar-a. Gyzardypjyk gowrulan gowurga. Ýogsa, gaýny öýümde-de gowurdylar gowurgany. Ýöne göwnüm şol gowurgany küýseýär-dä. Göwherden ugratsaň getirer özi. Arzygülüň hamyladygyndan Ýazjemal habarlydy. Dükanda akja un satylyp duransoň, öýde bugdaý dänesi saklanyp durmazdy. Mahal-mahal gowurga gowurmagy halaýan Ýazjemal welin, bugdaý dänelerini ykjamja halta salyp saklardy. Ol nah matadan tikilen haltaň agzyny açyp iki goşawuç bugdaýy okara guýdy. Elekde eledi. Elekden seçelenip geçen däneleri gazana atyp gowurdy. -Ysyňa döneýin. Ýazjemal endigan gyzaran bugdaý dänelerini okara saldy. Gyzgynjagy bilen Arzygüle ugradaýyn. Ol gowurgany ykjam gaba geçirip daşyny dolady-da Göwherlere ugrady. Mazaly Göwherem, ejesem öýde eken. -Salamälik, Maral gelneje, sag-gurgun oturanmysyňyz?! -Alik salam Ýazjemal, özüňizem sag-amanmysyňyz?! -Maral gelneje, men bir işlije geldim. Goňşy oba çykan joram Arzygülden Göwher hat getirdi. -Gaty gyssagly, möhüm bolaýmasyn, ylga-da eltip gaýt gyzym - diýip, Göwheri özüm ugratdym size. -Aladaňyza sag boluň! -Seň gowran gowurgaňy göwnüm küýseýär. Özem gaty küýseýär diýip ýazypdyr. Arzygül üçin gowurga gowurdym. Göwher jan şuny gowşuryp bilmezmi-kä. -Gowşurar Ýazjemal, näme gowşurman. Göwni del zatlary küýseýän bolsa agzy bimazadyr. Bular ýaly ýumşy bitirmegiň sogaby uludyr. -Göwher, Göwher jan, gel gyzym bärik. Yhna, gowurgaly şu haltajygy ilerki obadaky Arzygül ejekeňe eltmeli. -Ysjagazynyň gowudygyny. -Al gyzym, dadyp gör. Göwher haltaň agzyny açyp bir çümmük gowurgany agzyna atdy. -Süýjüdigini. Ol köwüşjiginiň bagjygyny daňdy-da dogumlyja ädimläp ýola düşdi. Ýazjemal Maral gelneje bilen hoşlaşyp öýüne dolandy. Mellekdäki ekinlerine seredip, öýe girenem şoldy welin, jygyldap açylan gapydan Göwher girdi. -Arzygül ejä gowşurdym. Özem eline berdim. Gowurgany Ýazjemal gelneje ugratdy - diýdim. -Tüweleme, Göwher jan, sen-ä iş bitiripsiň. Hany, ýanyma gelsene! -Me, Göwher jan, ýumuş bitireniň üçin-diýdi-de gyzjagazyň goşawujyny dolduryp kişmiş berdi. -Gara üzümiň kişmişini gowy görýän. -Gowy görseň, hoş bolsun, iý Göwher jan. Iýesiň gelen çagy geliber, kişmiş köpdür. Kişmiş paýyny alan Göwher öýlerine ýelk ýasady. Jorasynyň haýyşyny bitirse-de Ýazjemalyň göwnüne bir zat kem ýaly. Ol Arzygüli görüp gaýtmagy ýüregine düwdi. Ertesi gün irden ýola düşdi. Elim boş barmaýyn diýip, gara üzümiň kişmişindenem aldy. Ýolda Ata aga duşdy: -Ýazjemal gelin, ugur nirä - diýdi. -Goňşy oba, joram Arzygüllere. -Münüň maşyna, menem gelnejeňi atasy öýüne alyp barýan. Ýazjemal Tuwak gelnejä salam berip maşyna mündi. -Joraň Arzygülleň öýi obaň başynda. Gaýnenesi, gaýnatasy süňksiz gowy adamlar. -Habar alaýyn diýip gaýtdym Tuwak eje. Ýazjemal Arzygülleň öýüniň deňinde düşdi. Mellek çilden ýöräp gelýän Arzygül jorasyna gözi düşenden ädimlerini çuslandyrdy. -Ynjalmansyň-da jora jan. -Hawa, Arzygül jan, gözüm bilen görmesem ynjalmadym. -Gowurga üçin Taňryýalkasyn. -Göwnüň küýsese aýdyber Arzygül! Ýazjemal Arzygüle köp maslahatlary berdi. Toýly gelin döwletli gelindir – diýip, kişmişli haltajygy uzatdy. Jorasy bilen süýjüden süýji söhbet edip düşegi ýumşan Ýazjemal Gün gijigende öýe dolandy. Üstünden ýyllar aşan bu wakany oňa altyn çäjli meýdan birin-birin ýatlatdy. ...Sümmül bolan bugdaýly atyza göwni göterilen Ýazjemal: Bugdaýy el bilen ýygalyň. Zähmetimiziň miwesini ellerimiz bilen ýygnasak rysgalymyz artar. Ol bu sözleri ýürekden aýtdy. Gürlände sesi sandyrady. Ertesi ir bilen oragyny eline alyp, Nurly bilen meýdana geldiler. Ýazjemal bugdaýly topraga aýagyny basmaga-da ejap etdi. Ýekeje dänäňem aýak astyna düşmezligi üçin seresaply ordy. Heý-de çöregi harlap bolarmy?! Men topragy däl-de altyny basýan, maşgalamyzyň bagtyny gujagyma gysýan. Halal zähmetiň miwesini ýygnaýan. Geldi aga bilini berk guşap, eline oragyny alyp bugdaý orup başlan goňşusyna düşünmän: -Goňşular kombaýnlar gelýär häzir. Indi tehnikaň döwri. Şolara ýygdyraýyň. Bizem kombaýna ýygdyrjak. -Geldi aga, kombaýn çalt ýygýa-la. Ýöne biz el bilen ýygmagy ýüregimize düwdük. Ýazjemalyň gara çynydy. Raýyndan gaýtaryp bilmejegine gözi ýeten Geldi aga: -Bolýar gyzym, harmanyňyza bereket. Ýazjemal bilen Nurlynyň goşawuçlaryny dolduryp orýan bugdaýlary desselere öwrüldi. Garaňky düşýänçä peliň esli ýeriniň bugdaýyny ordular. Tomsuň güni Günem giç batýar. Nurly bilen Ýazjemaly häzir garaňkam öýe ugradyp bilenokdy. Gaýta agşamyň sergin howasyna işe gyzyşdylar. Asmanda ýyldyzlar görnensoň olar meýdanyň gyrasyna geldiler. Ikisem bu günki çeken zähmetlerinden hoşal. -Şu günkimiz ýaly işlesek, iki günde bugdaýy orup gutararys. -Menem şony pikir edýän Nurly. Meýilnamamyza artygy bilen ýerine ýetireris. ...Bugdaýy olar iki günüň içinde orup gutardylar. Meýilnamalarynam artygy bilen ýerine ýetirip, lomaýja girdejem, arzuw eden maşynlarynam aldylar. Aýnalara sawçylyga baran Ýazjemalyň habary alnyp, çöregi hem çalşyryldy. Indi Nurly bilen Ýazjemal uly toýuň aladasyndady. Bu bagt olara altyn däneli sümmülleriň sowgadydy. Ogulgurban Gaşlakowa.

No image
DOSTLUK KÖPRÜSI BERKIDILÝÄR

Halkara gatnaşyklary

12.10.2026

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, syýasy durnuklylygy we agzybirligi berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary barha rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylyk, özara düşünişmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik ýörelgelerini has-da berkidýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň gülläp ösen döwletleriniň hataryna goşulmagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy işler, tutumly maksatlar, sebit we dünýä ähmiýetli iri taslamalar berkarar döwletimizi dünýä giňden tanadýar. Türkmenistan döwletimizde dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi has-da pugtalandyrmak ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde, Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary has-da kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan bu gurama agza ýurtlar bilen özara medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. 2026-njy ýylyň 4-8-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýokary wezipeli wekilleriniň 7-nji mejlisi geçirilip, oňa türkmen hünärmenleri hem gatnaşdylar. Mejlisde 2027-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde 2027-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Kaýseri şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriniň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň duşuşygy we eserleriniň sergisi, kompozitorlaryň döredijilik duşuşygy we halk aýdym-sazlarynyň, şeýle hem, opera eserleriniň konsertiniň, simfoniki orkestrleriniň we Ýaşlar hor aýdymlary toparlarynyň konserti, talyplar teatrlarynyň festiwaly, «TÜRKSOÝ» atly VI halkara teatr festiwaly, döwlet teatr ýolbaşçylarynyň döredijilik duşuşygy, «Gorkut ata» atly halkara kino festiwaly, «Altyn Garagöz» atly halkara tans festiwaly, muzeý we kitaphana işgärleriniň duşuşyklary, ýazyjy-şahyrlaryň we alymlaryň ýazan kitaplarynyň sergileri we ýaş ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşyklary, meşhur şahsyýetleriň döredijilik dünýäsine bagyşlanan ýatlama agşamlary, zenanlar döredijilik hepdeligi we modalar günleri ýaly iri halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýändigi bellenilip geçildi. Mundan başga-da, 2027-nji ýylyň dowamynda türki döwletleriň nakgaşlarynyň, fotosuratçylarynyň kataloglaryny, döwürdeş ýazyjy-şahyrlaryň eserleriniň ýygyndysyny, kalendarlary, žurnallary we beýleki neşir önümleriniň çap edilmeginiň göz öňüne tutulýandygy nygtaldy. Şundan görnüşi ýaly, bu çäreleriň türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy.

No image
Gyzykly gezelenç

Kitaphanalar

12.10.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldular. Mugallymlar we talyp ýaşlar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi hem-de gerekli maglumatlaryny tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar hem-de mugallymlar täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdeplerinde okamaga, öwrenmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Naýbaşy eserler sergilenildi

Täzelikler

12.10.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu sergide ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni we ylmy ösüşini açyp görkezýän işler sergilenildi. Halkara sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Sungat ojagymyzyň nakgaşçylyk, amaly-haşam sungaty, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri, ýurdumyzyň belent sepgitlerini wasp edýän eserler sergilenildi. Şeýle hem, sergide saglygy goraýyş hem-de bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlar, sagdyn, asuda, parahat durmuşymyzyň özgerýän keşbini açyp görkezýän eserler sergilenildi. Halkara sergisindäki ajaýyp sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 4-nji ýyl talyby.