logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«TÜRKMENISTAN» TELEÝAÝLYMY KITAPHANA IŞGÄRLERI BILEN «GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY, AT MYRADYŇ-MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

14.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň-mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlyklara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler, söhbetdeşlikler dogrusynda çykyş edip ,özleriniň döreden goşgularyndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Kitaphanalar

14.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi halypa şahyr Bazar Şalyýewiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory, Baýram Goçmyradowyň myhman bolup gatnaşmaklarynda “Halypa-şägirtlik ýoly kämilleşdirilýär” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere häzirki ajaýyp döwrümizde giňden ýola goýulýan halypa-şägirtlik mekdebi we onyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüňleri berdiler. Ýaş nesillerimiziň arasynda myhmançylykda bolan halypa ýazyjylarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada hem-de kämil eserleri döretmeklikde alyp barýan işleri hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy sazanda Begenç Annanazarowyň çalmagynda diňlenilen birnäçe sazlar hem çärämize aýratyn bezeg berdi. Ýaş nesiller hem özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip ýazyjy-şahyrlar bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Bu hem duşuşygymyzyň has-da täsirli geçmegine ýardam etdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşlary bolup ýetişmeklerinde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Täzelikler

14.02.2026

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2025-nji ýylda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle-de Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylda öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetiň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berdi. Wise-premýer 2025-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 13,2 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. 2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” amala aşyrylyşy barada hasabat berildi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy barada hasabat berdi. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy. _____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MILLI BARLAGHANALARYŇ TANYŞDYRYLYŞY WE «BILELIKDÄKI GARAÝYŞ» MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

13.02.2026

Stambul şäherinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat bilen dowam etdirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyz-Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsi diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem, tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy barada nygtap geçdi. Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni alyş-çalyş üçin açyk we aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz-mirasy gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Türki dünýäsiniň çäginde geçirilýän şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan Ismail Orazowa uly dabara bilen Şahadatnama gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2020.jpg)

No image
«BEDEW BATLY ZAMANAMYZYŇ MILLI MIRASY» ATLY SÖHBETDEŞLIK ÇÄRESI

Muzeýler

13.02.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, millilige öwrülen buýsanjydyr. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Bedew batly zamanamyzyň milli mirasy” atly gurnalan wagtlaýyn sergi barada muzeý hünärmeniniň gatnaşmagynda “Miras” teleýaýlymynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, maşgala mukaddesligi we hüwdüleriň çaga terbiýesindäki ähmiýetleri barada durulyp geçildi. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüş-özgerişlerine, ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini döretmekde başarjaňlyk bilen goşýan goşantlary, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, ýaş nesli arassa ahlakly, milli ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde tutýan ornynyň ulydygy bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhynda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Goý, ýurdumyzda alnyp barylýan belent özgerişleriň we ösüşleriň her bir güni bagtyýar zamanamyzda bedew batly ösüşlere beslensin! _________________________ Ogulgerek Agajanowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
ÝYLYŇ-GÖRELDELI OKYJYSY

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr” diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmek maksady bilen “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Bäsleşikde çykyş eden okyjylar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler we emin agzalar tarapyndan adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BEDEW BADY BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Bedew bady bilen beýik maksatlara tarap” ady bilen “Bagt köşgi” toý- dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň we oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara at-abraýyny artdyryp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzine tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AHALTEKE BEDEWLERI GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BUÝSANJY WE ŞÖHRATY

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ahalteke bedewleri Garaşsyz Watanymyzyň buýsanjy we şöhraty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy alandygyny we ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterendigini, çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew bady bilen okgunly ösüşi alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«KITAP-YLYM-BILIMIŇ ÇEŞMESI» ATLY SERGI

Kitaphanalar

13.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi kitaphananyň gaznasyna täze gelip gowuşan neşir önümlerinden kitap sergisini gurnady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur. Kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri we birnäçe okuw kitaplary, çeper edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi okyjylarymyz hem-de okuw tejribeligini geçýän talyp ýaşlarymyz üçin örän täsirli boldy. Ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

No image
«SÖÝGÜLI GAHRYMANLAR SIZIŇ ERTEKILERIŇIZDE» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

13.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde myhmançylykda bolup, ýaşajyk okyjylar bilen “Söýgüli gahrymanlar siziň ertekileriňizde” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde dowamynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphana hünärmeni ilki bilen ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary hakynda gürrüň berdi. soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada – bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplaryndan türkmen bedewi hakynda çagalara bölekler okap berdi. Türkmen halk ertekilerinden, türkmen ýazyjylarynyň taýýarlan ertekiler ýygyndysyndan çeper okaýyş edildi. Şeýle hem körpeje okyjylar bilen okan ertekileri boýunça sorag-jogap etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen çagalaryň gowy görýän türkmen halk ertekisi “Akpamyk”, “Mämmetjan”, Aman Kekilowyň “Çopan we Patyşa” erteki poemasyny okap berdi. Çagalar ertekini üns bilen diňläp özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Çagalar erteki gahrymanlaryň häsiýetlerini suratlandyryp surat çekdiler we gürrüň etdiler. Şeýle-de söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir köpçülik ýerlerinde, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.