logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi

Syýahatçylyk

18.07.2026

2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Malaýziýa syýahatçylyk üçin ugur» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň we Malaýziýa döwletiniň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak, iki dostlukly ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de okuw maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň we Malaýziýa döwletiniň syýahatçylyk mümkinçilikleri giňden mahabatlandyryldy. Okuw maslahatyň ahyrynda ýurdumyza gelen myhmanlar habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdiler hem-de olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.

No image
Milli miras – terbiýäniň özeni

Muzeýler

17.07.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen dabaraly şygarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny has-da artdyrmakda muzeýleriň we Ýaşlar guramalarynyň bilelikde maslahatlary geçirmegi örän netijelidir. Söhbetdeşlikde çykyş edenler golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna halkymyz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şu ýylyň sentýabrynda halkymyz agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçer. Bagtyýar halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli hem-de buýsançlydyr-diýip nygtadylar. Şeýle hem çykyş edenler, Watana bolan söýgüleriniň belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine ýaşlarymyzyň guwançlarynyň çäksizdigini, milli mirasymyzy sarpalaýan, eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, ýaşlarymyza okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitap-paýhas çeşmesi

Kitaphanalar

17.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Kitap-paýhas çeşmesi“ atly söhbetdeşlik geçirildi. “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edilen söhbetdeşligiň başynda Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa, Gülaýym Saparmedowa, Enejan Aşyrgeldiýewa dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilýän üstünlikler, milli mirasymyzy, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmaga, okyjylary kitap okamaga çekmek boýunça kitaphanalarda alnyp barylýan işler, döredilýän giň mümkinçilikler dogrysynda gürrüň berdiler. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, ata Watanmyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermek uly mertebe we bagtdyr. Kämillik ýolunda ynamly öňe barýan, dogumdan don geýen türkmen ýaşlary bu bagtyýarlygyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan, ajaýyp eserlerini ýol ýörelge, şamçyrag edinýärler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde edýän tagallalary üçin, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaplar – bilimiň çeşmesidir

Kitaphanalar

17.07.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň iň ezizlän gymmatlyklarynyň biri kitapdyr, sebäbi ol dünýädäki iň uly, iň ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Geçmişiň beýanyny, taryhyň kyssasyny, şu günüň habaryny, geljegiň maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bolýar diýip, öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Kitap ynsanyň kalbyny tämizläp, aňyny durlaýar. Adam köp okamak bilen durmuşyň manysyna, özüniň we töweregindäkileriň ruhy dünýäsine düşünýär. Zehiniňi ýüze çykarmak üçin kitaby köp okamaly. Çeper ahlaky aňyýetli, ylymly, paýhasly, giň düşünjeli, täze garaýyşly nesliň kemala gelmeginde kitaphana ulgamy wajyp ähmiýete eýedir. Her bir kitap açylmadyk dünýädir, ajaýyp bir gymmatlykdyr. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Arkadag” teleýaýlymy bilen bilelikde geçirilen “Kitaplar – bilimiň çeşmesidir” atly söhbetdeşlik oňa gatnaşan okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bize şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi – ýaşlar

Muzeýler

17.07.2026

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durnukly we batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradaky aladadyr. Çünki islendik jemgyýetiň güýji, kuwwaty we röwşen geljegi onuň bilimli, terbiýeli hem-de watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuny we olaryň öňünde durýan wezipeleri dabaralandyrýan möhüm waka öwrüldi. Halkymyzda «Ýaş nesil — guwanjymyz, geljegiň daýanjy» diýen dana jümle bar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport we döredijilik dünýäsinde üstünlik gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Akylly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän bu çäre hem ýaşlaryň täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlar diňe bir geljek däl, eýsem şu günüň hem esasy hereketlendiriji güýjüdir. Olar ykdysadyýetde, sanly ulgamda, bilimde, saglygy goraýyşda we medeniýetde iň döwrebap taslamalary durmuşa geçirip, Watanymyzyň kuwwatyny bütin dünýä aýan edýärler. Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji bolup «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda guralmagy, ýurdumyzyň ýaş hünärmenleri üçin ägirt uly innowasiýa meýdançasyna öwrüldi. Bu döwrebap şäheriň durmuş üpjünçilik, ekologiýa we sanly dolandyryş ulgamlarynyň her bir künjegi ýaşlaryň intellektual zähmetiniň miwesidir Şäheriň ekologik taýdan arassa ulag duralgalaryny, “akylly” öýleri we ýaryşyk ulgamlaryny dolandyrýan programma üpjünçiliklerini we operasion platformalaryny esasan ýaş IT hünärmenleri, inženerler we programmistler işläp düzýärler hem-de gözegçilik edýärler. Ýaş alymlar we talyplar tarapyndan hödürlenýän innowasion taslamalary şäheriň sanly ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Olar energiýany tygşytlaýjy ulgamlardan başlap, emeli intellekt tehnologiýalaryna çenli iň täze çözgütleri önümçilige ornaşdyrýarlar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de interaktiw aragatnaşygyň ýola goýulmagy hem hut şu ýaş hünärmenleriň şäheriň “akylly” medeni infrastrukturasyna goşan goşandydyr. Maslahatyň edil muzeý gurşawynda geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Muzeýler – halkyň geçmiş taryhyny, milli medeniýetini we pederlerimizden galan mukaddes ýörelgeleri gorap saklaýan we wagyz edýän mukaddes ojaklardyr. Geçmişine hormat goýmaýan halkyň geljegi bolmaz. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny artdyrmakda muzeýleriň we ýaşlar guramalarynyň bilelikde bäsleşikleri, usuly maslahatlary guramagy örän netijelidir. Sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş nesle pederlerimiziň taryhy ýoluny döwrebap, interaktiw usullar arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa olarda milli buýsanç we watançylyk duýgularyny has-da berkidýär. «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat türkmen ýaşlarynyň döwletimiziň we halkymyzyň ynamyny ödemäge hemişe taýýardygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýaşlar özlerine bildirilýän bu beýik ynamy ak ýürekden we tutanýerli zähmet, belent ylym-bilim hem-de innowasion tehnologiýalar bilen ödäp, Garaşsyz Türkmenistanymyzy täze ösüşlere tarap ynamly alyp bararlar.

No image
El hünäri – kämil terbiýäniň özeni

Kitaphanalar

17.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «El hünäri – kämil terbiýäniň özeni» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimiz bolan milli baýlygymyz asyrlardan aşyp, biziň bagtyýar döwrümize gelip ýetip, milli sungatymyz has-da baýlaşdyrylyp, gelin-gyzlaryň kalbyna siňenligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň pähim-paýhasyndan, çeper elli ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halydyr, gülli keçeleri, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze öwüşgine eýe bolýandygy barada söhbet etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Toý – dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Toý-dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, şanly Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan ägirt uly üstünlikler,eziz Watanmyzyň ähli ugurlardaky ýagny biziň ykdysadyýetimizde, milli medeniýetimizde we sungatymyzda , ylymda-bilimde, saglygy saklaýyşda, binagärlikde, halkara gatnaşyklarynda ýeten derejeleri hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, şu uly baýramçylyga bagyşlanyp geçirilýän dürli baýramçylyk dabaralary hakynda gürrüň etdiler. Öz bilşimiz ýaly, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dost-doganlyk, ynsanperwer syýasaty dünýä dolýar. Çykyş edenler bular hakynda nygtamak bilen öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany ýyly

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmen döwlet maliýe instituty we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at myradyň mekany ýyly” söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynda has- da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, täze senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi, eksport mümkinçilikleri artdyrylmagy hem-de maýa goýumlaryň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri täze mazmun bilen başlaýar. Bu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň hem- de milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany bolup durýar. Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň, medeniýetiň we kitaphana ulgamynyň ösüşi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edilidi.

No image
Türkmeniň buýsanjy, behişdi bedew

Kitaphanalar

16.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmeniň buýsanjy, behişdi bedew» ady bilen Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk we seýisçilik sungaty bilen bagly bolan ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek, ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar zamanamyzda toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün däl bedewlerimiziň at-owazasy äleme ýaň salýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Täze gelen kitaplara syn

Kitaphanalar

16.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi, Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri atly kitabyny giňişleýin gürrüň berdiler. Synyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.