logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI WE HALKARA SAZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

03.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medenýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär güneşli diýarymyzda her bir ýylymyzyň buýsançly şygaryny söhratlandyrmak babatda giň gerimli işler alynyp barylýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň Ýaşulylaryň halkara güni we Halkara saz gününe bagyşlanan Kamera ansambly kafedrasynyň konserti geçirildi. Konsertde konserwatoýasynyň ussat mugallymlary, zehinli talyp ýaşlary özleriniň ýerine ýetirjilik başarnyklaryny görkezdiler. Çärede Türkmenistanyň halk artisti G.Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumow, Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri S. Faramazowa, J.Ismailowa, A.Muhiýewa, S.Atanýazow, A.Otuzowa, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňjileri B.Durdyýewa, L.Hudaýberdiýewa, A.Gylyjowa, B.Moşiýew dagy çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirlen eserleriň arasynda Türmen halk sazy “Balsaýat”, R.Rejebowyň “Görogly” operasyndan Agaýunusyň ariýasy, H.Allanuruwyň “Söwer ýar”, “Keçpelek” kinofiliminden “Duran ýerleri”, O.Gurbannyýazowyň “Ýazlarym bilen”, Ç.Nuruýewiň “Toý aýdymy” hem-de daşary ýurt kompozitorlary I.S.Bahyň, J.Puççininiň, F.Kreýisleriň, P.Sarasateniň, M.Raweliň, G.Siwiridowyň meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy. Dabaraly konserte gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler. _____________________ Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

03.10.2025

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi. Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. ...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň guralmagynyň zerurdygyny belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ ÝURDY

Kitaphanalar

02.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet maliýe instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan–parahatçylygyň we jebisligiň ýurdy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy, BMG-nyň Baş sekretary we dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary şeýle hem ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Çäräniň soňunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAGŞYMYRAT TAJIMURADOWYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Täzelikler

02.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle ajaýyp günleriň birinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Tajimyradowyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konsert Ýagşymyrat Tajimyradowyň tar saz guralynda Seýid Rustamowyň «Ohu» tar diýen sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirmegi bilen başlady. Norweg kompozitory Rolf Lowlandyň «Syrly bag» atly eserini tar saz guralynda üýtgeşik äheň ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Döredijilik konserti A. Babahanowyň «Hürrem» sazy bilen dowam etdi. Soňra konsertiň dowamynda Ýagşymyrat Tajimyradowyň plektorly dutarda ýerine ýetiirmeginde A.Byzow «Şa stili», Ç.Nurymow «Sonata» ýaly eserler ýaňlandy. A.Kalinkiniň «Iki Ukrain temasyna fantaziýa» diýen eseriň ýaňlanmagy konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi. Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. _______________ Altyn ÝANGYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
2025-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

02.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 04.10.2025ý. «Mukaddeslige tagzym» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 04.10.2025ý. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet hepdeligi sagat 19:00 05.10.2025ý. «Toýmyza gel, toýmyza» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 03.10.2025ý. «Bir gijäniň gudraty» sagat 19:00 04.10.2025ý. «Söweşe garşy söweş» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Söweşe garşy söweş» sagat 19:00 ________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 03.10.2025ý. «Индийская любовь» sagat 19:00 04.10.2025ý. «В гостях у сказки» sagat 12:00 04.10.2025ý. «Свободные бабочки» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Дюймовочка» sagat 11:00 05.10.2025ý. «Дюймовочка» sagat 13:00 05.10.2025ý. «Волки и овцы» sagat 19:00 ________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 04.10.2025ý. «Saňa ýalan maňa çyn» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Ýediň enesi» sagat 19:00 ________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 04.10.2025ý. «Ýagyş ýagan gijesi» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Şowhunly tomaşa» sagat 19:00 ________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 04.10.2025ý. «Balykçy we balyjak» sagat 17:00 04.10.2025ý. «Aladdin» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 12:00 05.10.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 05.10.2025ý. «Aşyklar» sagat 19:00 ________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 03.10.2025ý. «Hyýalymdaky şazadam» sagat 17:00 04.10.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 ________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 04.10.2025ý. «Ejekejan» sagat 18:00 05.10.2025ý. «Gülki agşamy» sagat 18:00 ________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 04.10.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Ilkinji söýgim» sagat 19:00 ________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 04.10.2025ý. «Maşgalam baş galam» sagat 19:00 05.10.2025ý. «Körpe gelin» sagat 19:00

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

02.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda sagat 15:00-da Hatyra gününe bagyşlanyp «Pederleriň hatyrasy–halkymyzyň hakydasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ IKINJI TAPGYRY BOÝUNÇA TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň gözellik derejesi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Şunda Arkadag şäheriniň ilatynyň ýokary derejeli eşretlerden peýdalanyp, maşgala mukaddesligini goramagyny, ýaşlaryň arasynda milli mukaddesliklere bolan söýginiň ösdürilmegini üpjün etmek ugrunda köpçülikleýin tagallalary zerurdyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen bir aýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
EDEBI DOSTLUK–EBEDI DOSTLUK

Edebiýat älemi

01.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen we özbek halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär. Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähi, Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi guruldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlary doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň paýhasly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň ýadygärlikleri guruldy. Türkmenistanda özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, Özbegistanda hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri terjime edilip, yzygiderli neşir edilýär. Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda özbek ýazyjy-şahyrlary Abdylla Aripowyň, Erkin Wahydowyň, Raul Parfiniň, Hurşyt Döwranyň, Hosiýat Rustamyň, Behzod Fazliddiniň, Zulfiýa Isroilowanyň, Ötgür Haşymowyň Nasyrjan Joraýewiň Tölepbergen Mätmyradowyň, Ybraýym Ýusubowyň, Rahima Şamansurowanyň, Mahfuza Imamowanyň eserleri, şeýle hem, Adyl Ýakubowyň «Ulugbegiň hazynasy» atly romany, Mirzaahmet Norbekowyň «Teýmirleňiň ömrüniň on iki güni» atly traktatlary we başga-da birnäçe eserler çap edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özbek halkynyň nusgawy we häzirkizaman şahyrlarynyň eserleriniň terjime edilmegi hem, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň subutnamasydyr. _________________ Akymyrat REJEPOW Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
DILLERI SENALY, SÖZI PÄHIMLI

Kitaphanalar

01.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli «Dilleri senaly, sözi pähimli» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler umumadamzat gymmatlyklaryny baýlaşdyrýan hem-de ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýan ajaýyp baýram–Ýaşulylaryň halkara güni biziň ýurdumyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen dabaraly bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ýaşululara hormat goýmak, mährem enelerimizden ak pata almak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, geljekki nesillere görüm-görelde, terbiýe mekdebi bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.