logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Okuw-tejribe maslahaty

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Bazar.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri golaýda Balkan welaýatynda Medenýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medenýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilen Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň milli medenýetimize bagyşlanan neşirleriniň sergisi bilen ugurdaşlykda “Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary” atly okuw-tejribe maslahatynda “Altyn-asyr” we “Türkmenistan” teleýaýlymlarynyň döredijilik toparlarynyň ýazgy etmekliginde söhbetdeşlikler gurady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kitaphanalary diňe bir paýhas ummanyna öwrülen geçen asyrlaryň kitaplary bilen däl, häzirki döwrümiziň ruhy öňegidişlikleri bilen tanyşdyrýan gollanmalar, maglumatlar, gündelik metbugat neşirleri bilen işlemäge şert döredýär. Ýurdumyzda kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, medeni, ylmy we beýleki isleglerini kanagatlandyrmak boýunça kitaphananyň işi, döredilen we döredilýän amatly şertleriň üsti bilen bökdençsiz amala aşyrylýar. Ine şular babatda söhbetdeşlikde täsirli gürrüňler edildi.

No image
Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri

Kitaphanalar

25.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 3 ýyllygy mynasybetli «Sungat eseri deýin äleme dolduň, Arkadag şäheri bagtyň şäheri» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde özüniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, ösen milli medeniýeti bilen tanalýandygy, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň her ýylda uly dabara bilen bellenilýändigi barada gürüň berdiler. Şeýle-de Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrülendigi, bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym – Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

Kitaphanalar

25.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Maliýe institutynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Ösdi Medeniýetim, ösdi sungatym–Pyragynyň arzuwlan zamanasynda» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçilik, küýzegärçilik, halyçylyk, atşynaslyk sungaty bilen umumyadamzat medeni–ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da pajarlap ösmegi ugrunda bimöçber tagallalaryň edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden edebi mirasy, türkmen halkynyň milli baýlygy bolup, ýaş nesilleri Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli medeniýetimizi, taryhy şahsyýetlerimizi we milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Geliň kitap okalyň

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Geliň kitap okalyň” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Täze gelen edebiýatlara syn

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Täze gelen edebiýatlara syn” ady bilen “Şahyr Hajymuhammet Kakalyýew (Doglan gününiň 75 ýyllygyna)”, “Alym, zenan arheolog Nurgözel Bäşimowa (Doglan gününiň 80 ýyllygy)” atly ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy. Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýetleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

No image
Milli miras – halkyň ruhy sarsmaz binýadydyr

Muzeýler

25.06.2026

Gözelligiň, ylhamyň we milli gymmatlyklaryň dabaralanýan mekany bolan Eziz Diýarymyzda her bir ýyl taryhy wakalara, toý- baýramlara beslenip gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem asylly däbe öwrülen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyş döwründe milli sungatymyzyň galkynýan belentliklerini bütin dünýä aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, medeniýetimiz halkymyzyň kalbynyň baýlygyny, agzybir ösüşlerimizi we taryhy mirasymyzy dabaralandyrýan esasy güýje öwrüldi. Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köp öwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär. Munuň aýdyň subuty hökmünde, akylly we döwrebap Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes baýramçylyga bagyşlanylyp guralan «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly wagtlaýyn sergini aýratyn agzap geçmek bolar. Muzeý özüniň täsin gymmatlyklary we baý mazmuny bilen gelim-gidimli ýere öwrüldi. Muzeýde baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergide türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, milli däp-dessurlaryny, ýaşaýyş-durmuş medeniýetini we çeper döredijiligini açyp görkezýän seýrek tapyndylar, gadymy şaý-sepler, nepis amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli lybaslar görkezilýär. Serginiň mazmuny ýaş nesillerde milli mirasymyza bolan buýsanjy we söýgini has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi, sebitiň baý taryhynyň, medeni köpdürliliginiň subutnamasy bolan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri-de aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen topragynda Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe, Änew, Gadymy Merw, Köneürgenç, Köne Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly özboluşly medeni-taryhy ýadygärlikleriň we gözel ýerleriň bardygy mälimdir. Olar gadymy siwilizasiýalary öwrenmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä taryhynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. Halkymyzyň özboluşly ruhy baýlygyny gorap saklamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, muzeýleriň bu möhüm wezipedäki ornuny pugtalandyrmagyň ähmiýeti möhüm orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we dikeltmek, ähli sebitlerde arheologik, binagärlik ýadygärlikleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bellenilýän medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni di¬ňe bir milli medeniýetimiziň dürli ugurlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, dünýäde wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge hem ýardam berer. Serginiň açylyş dabarasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary serginiň şowhunyny has-da artdyrdy. Görnükli sungat ussatlarymyzyň, bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijilik we durmuş ýoly ýaş nesillerde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza bolan söýgini döretmekde, olaryň döredijilik mirasyny giň¬den wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Arkadag şäheriniň bu döwrebap muzeýindäki sergi, medeniýetimiziň taryhy kökleriniň neneňsi çuňňurdygyny we geljege uly ylham bilen uzaýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Medeniýet hepdeligi diňe bir aýdym-saz dabarasy bolman, ol asyrlaryň süzgüjinden geçip gelen milli däp-dessurlarymyzyň, pähim-paýhasymyzyň dabaralanmasydyr. Edebiýat duşuşyklarynda türkmen edebiýatynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öçmejek şygryýet dünýäsiniň we beýleki söz ussatlarymyzyň goşantlary uly buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Halkymyzyň her bir güni şatlyga, zähmet üstünliklerine we medeni galkynyşlara beslenendir. Balkan welaýatynda we Arkadag şäherinde, ähli türkmen künjeginde dowam edýän bu uly baýramçylyk, her bir türkmen raýatynyň kalbyny Watan söýgüsine doldurýar. Ýurdumyzyň çar künjünden gelen medeniýet we sungat işgärleriniň guran bilelikdäki çykyşlary ýurdumyzyň agzybirliginiň aýdyň nusgasydyr. Goý, medeniýetimizi we sungatymyzy belent sebitlere çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyzda tutulýan toýlar hemişe toýlara ulaşsyn! 2026-njy ýylyň Medeniýet hepdeligi we «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly sergi gutly bolsun! Aýnur Akynowa Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň bölüm müdiri

No image
«Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly sergi

Muzeýler

25.06.2026

Halkymyzyň döredijilik ruhunyň beýany bolup, jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan baýramlarymyzyň biri hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günüdir. Gadymy türkmen topragyny uly dabaralara besleýän bu baýramyň joşguny milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwynyň nyşany bolup dünýä ýaň salýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Diýarymyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, onuň çäklerinde-de medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi giňden ösdürmäge mümkinçilik berýär. Medeniýet edep-ekramlylygy, sowatlylygy, çuňňur düşünjeliligi öz içine alýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem bu baýramçylyk dabarasy mynasybetli muzeý gaznasyndaky gymmatlyklar toplumyndan düzülen «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly baýramçylyk sergisini gurnady. Sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän medeniýet we sungat işgärleri şeýle hem bilim işgärleri gatnaşýarlar.

No image
Kitap bilen söhbetdeş bolsaň ýüregiň gysmaz

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň 4-nji kitap dükanynda hemişelik okyjylarynyň arasynda “Kitap bilen söhbetdeş bolsaň ýüregiň gysmaz” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitap okamagyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz dynç alyş günlerinde kitap okamak, kitaphanalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak babatda höweslije çagalara ündew etdiler. Çagalar kitap dükanyndan isleg bildirýän kitaplarynyň ençemesini satyn aldylar. Ýene-de ençeme kitaplary kitaphanamyzyň okyjylar zalyna gelip okajakdyklaryny uly höwes bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kitap bilen, kitaphanalar bilen dostlaşmagy, dynç alyş günlerini peýdaly zatlar öwrenmäge sarp etmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Medeniýet - milletiň aň kämilligi

Kitaphanalar

25.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary hem-de agzybir kitaphanaçylary bilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet - milletiň aň kämilligi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige kitap söýüji ýaşlar hem-de çagalar gatnaşdy. Çagalar türkmen medeniýetini, sungatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Daňdanakan galasynda tomusky tejribelik okuw sapagy geçirildi

Täzelikler

25.06.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 23-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” fakultetiniň mugallymlary we talyplary Mary welaýatynda ýerleşýän Daňdanakan galasynda tejribelik okuw sapagyny geçdiler. Talyplar bu ýerde binagärlik bezegleriniň we gurluşynyň aýratynlygyny öwrendiler. Tejribe sapagynyň dowamynda orta asyrlarda duş gelýän bezegleri, olary düzýän geometrik we ösümlik nagyşlary barada täsirli maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ylmy barlaglary netijesinde 3D skaner görnüşli gural arkaly Juma metjidiniň rejelenen ýagdaýyny öwrenmek hem-de anyk mysallarda çyzgylara geçirmek göz öňünde tutulyp amala aşyryldy. Orta asyrlara degişli Daňdanakan galasynyň Juma metjidiniň gurluşy talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseri ýan kitabyna öwren talyp ýaşlar binagärlik ýadygärlikleriň gurluşyny we bezeg aýratynlyklaryny öwrendiler. Tejribe sapagyň dowamynda talyplar umumy sapaklarda alan nazary bilimlerini tejribäniň üsti bilen berkitmäge mümkinçilik aldylar. Eziz Diýarymyzyň ýaşlaryna okamaga, döretmäge, işlemäge döredip beren mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ata Watanymyzy ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edildi. BILBIL ÇARYÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy