logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Köňülleri birleşdirýän sungat

Konsertler

01.06.2026

Türkmen halky bedew bady bilen barha öňe barýar. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestri we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň bilelikdäki konserti geçirildi. Konsert kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Nury Halmämmedowyň “Kärizgenler” kinofilminden saz bilen açyldy. Soňra XX asyryň zehinli şahyry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň sazyna “Özgeleri diňledim”, “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyzlaryma” aýdymlaryny orkestriň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhybelentlik duýgusyny döretdi. Dabaranyň dowamynda Andreý Babaýew “Söýgülimiň gözleri”, Slimane “Mon Amour”, Aman Agajykow “Aýly agşam” aýdymlaryny kamera orkestrina Amandurdy Babajanowyň ýolbaşçylyk etmeginde Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň “Ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň” mugallymy Mähri Gurbanowa, Muslim Magamaýew “Sineýa weçnast” mekdebiň uçurymy Seýran Hydyrow ýerine ýetirdi. Ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň “Säher guşlar saýranda”, “Aýgytly ädim” kinofilminden Artygyň aýdymyny Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylarda tolgundyryjy pursatlary döreden aýdymlaryň biri boldy. Konsertiň jemleýji pursatlarynda Türkmen halk sazy “Galan bar” Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary Bäşim Gylyjow we Serdar Aşyrow ajaýyp owazlar bilen ýerine ýetirdiler. Soňra Daňatar Hydyrowyň “Şadyýan gün” aýdymyny kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserda gatnaşyjylar şeýle çäreleriň ýaş talyplaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda, uly ähmiýete eýedigini nygtap, Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürmekde, döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýdyldy. Bize baky bagtyýarlygy, eşretli zamanany, parahat durmuşy peşgeş beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň konserti geçirildi

Konsertler

01.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynyň her bir güni dabaralara, şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýörite sungat mekdepleriniň konsertleri geçirilýär. Şeýle konsertleriň biri nS.Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazly konsertidir. Talyplar we konserte gatnaşyjylar ilkibaşda dürli temalarda taýýarlanan sergä tomaşa etdiler. Maýa Kulyýewanyň şekili çekilen portret sergä has hem özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergi aýdym-sazly konsert bilen dowam etdi. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, aýdym-saz dili bilen dabaralanýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Konsertiň başynda M.Baýramowyň şahyr D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Ýaşlar watanyň daýanjy” eseri gyzlar ansambly tarapyndan joşgunly ýerine ýetirildi. H.Rodrigesiň “Kumparsita”, A.Bazarowyň “Aýdylmadyk sözler”, A.Babajanýanyň “Noktýurn”, H.Allanurowyň “Toý walsy”, Ý.Doganyň “Wals”, A.Agajykow we R.Nepesowyň “Türkmen tango” eserleri diňlendi. Türkmen halk aýdym-sazlary we operalardan ýerine ýetirilen eserler hem dabaranyň bezegine öwrüldi. Şeýle hem hor topary B.Hudaýgulyýewiň A.Allanazarowyň sözlerine döreden “Goşa ýaz geler” a’capella eserini ýerine ýetirdi. “Mukamyň syry” kinofilminden N.Halmämmedowyň döreden “Karkaranyň aýdymyny” kamera orkestriň sazandarlyk etmeginde Bägül Maşadowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi R.Rejebowyň şahyr G.Kakabaýewiň sözlerine döreden “Türkmenistanym” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň aýdym-saz sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bize parahat durmuşy, baky bagtyýarlygy, eşretli zamany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

No image
Ýaşlar –Watanyň daýanjy

Kitaphanalar

26.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar –Watanyň daýanjy“ atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär Şu mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp kitabynda ýaşlar barada şeýle belläp geçýär. Ýaşlar döwletimiziň kuwwady güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol-ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr.-diýip belläp geçýär. Söhbetdeşlige gatnaşan okyjylarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris

No image
Ruhy tämizligiň dabaralanmasy

Muzeýler

26.05.2026

Ruhy tämizligiň dabaralanmasy Mukaddes Gurban baýramynyň asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize gelip ýetmeginiň düýp esasy onuň terbiýeçilik many-mazmunyna eýeligindedir. Terbiýeçilik ähmiýeti bolan her bir zat bolsa halklaryň ruhy gymmatlygyna öwrülýär. Halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda we medeniýetinde öçmejek yz galdyran Gurban baýramy agzybirligiň, berekediň, ynsanperwerligiň we rehim-şepagatyň belent dabaralanmasydyr. Bu baýram adamlaryň kalbyna sahylygyň we mähir-muhabbatyň nuryny çaýýar. Bu mukaddes günlerde öýlerimizde bereketli saçaklar giňden açylyp, taýýarlanan milli tagamlar, dogramadyr, pişmeler goňşylar, garyndaşlar bilen paýlaşylýar. Çagajyklaryň şadyýan sesi, beýik hiňňildikleriň töweregindäki şowhun kalplarymyza egsilmez şatlyk eçilýär. Türkmen halky öz taryhy boýunça milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna aýratyn sarpa goýup gelen halkdyr. Gurban baýramy diňe dini däl, eýsem biziň milli medeniýetimiziň, bitewiligimiziň we agzybirligimiziň aýrylmaz bölegidir. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmeniň gahrymançylyga beslenen taryhy ýolunyň çeper ýazgylary bolan “Oguznama” eserinde, Gurban kesmek bilen baglanyşykly wakalar döreýiş taryhy VI-VII asyrlar bilen senelenýän “Gorkut ata” şeýle hem “Görogly” şadessanynyň “Öwez öýlenen” şahasynda Göroglynyň ýalňyz zürýady Öwezi öýlendiren güni Gurban baýramy günlerine gabat gelýär. Toý gününde Görogly joşa-joşa il-ulusyna garap nama aýdýar. Joşgunly namada şeýle setirler bar: On iki aýdan geler gurban, Sallanyşar gyzu-juwan, Ýol üstünde goşa nerwan, Ýol beriň gyzlar geleýdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” eseriniň birinji kitabynyň “Nusaýdan Dehistana çenli” atlandyrylan dördünji bölüminde taryhy maglumatlara ýüzlenip, şeýle ýazýar: “XIV asyrda Täze Nusaýyň bir ýarym kilometr çemesi günorta-günbatarynda dag eteginiň beýgelýän künjeginde şäheriň daşynda namazga metjidi bina edilipdir. Bu metjit üç sany uly girelgeli görnükli ymarat bolmak bilen, iki sany uly musulman baýramçylygynda – Gurban baýramynda hem Oraza baýramynda adamlaryň üýşüp, namaz okamaklaryna niýetlenip bina edilipdir”. Gurban baýramyny kalby hujuwly ýaşlaryň ruhy howasy, onuň mynasyp dowam etdirilýändigini mirasgär Atda Gurbangeldiýew “Eşrepi” atly kitabynda şeýle beýan edýär: Gurbanlykda guba gyzlar Gyrmyzy geýer, güle meňzär, Ak gaýmaly jahyllaryň Kükreginde şatlyk dyňzar. Bu setirler Gurban baýramynyň milli lybaslar, milli däp-dessurlar bilen baglanyşykly hem terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygyny görkezýär. Bu mukaddes baýram her bir türkmen ojagyna rysgal-bereket, agzybirlik we bagt getirsin. Milli baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin. Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Jennet Muradowa – Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiň ekskursawody.

No image
Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar

Kitaphanalar

26.05.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki Tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepde 2025-2026-njy okuw ýylynyň soňky günlerinde “Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar” ady bilen edebi sazly duşuşyk geçirdi. Çäräniň başynda mekdebiň “Mukam” aýdym-saz toparynyň zehinli okuwçylary Türkmenistan Watanymyzy wasp edýän goşgularyna döredilen birnäçe hor aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýazyjy şahyrlardan Nury Baýramowyň hem-de Annaberdi Agabaýewiň sözlerine döredilen “Eý mekdebim”, “Çalsana bagşy” ýaly aýdymlary has täsirli boldy. Edebi-sazly duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş okyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan körpeje okyjylara, mekdebiň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirip, olara kitaphananyň adyndan “Hormat haty” gowşurdy. Biziň tebigatymyzy – daşky ekologiýany gorap saklamak hakynda wagyz nesihat işlerini geçirýän, Tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni hem okuw ýylynyň dowamynda geçirilen çärelere gatnaşýan “Mukam” aýdym saz toparynyň zehinli okuwçylaryna, olaryň mugallymlaryna minnetdarlyk sözlerini aýdyp “Minnetdarlyk haty” bilen sylaglady. Geçirilen edebi-sazly duşuşygyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda bagtyýar ýaşaýan nesillerimiz, bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Ak şäherim Aşgabat

Kitaphanalar

26.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Ak şäherim Aşgabat” güni mynasybetli şowhunly, aýdym-sazly ertirlik geçirildi. Güneşli Türkmenistan Watanymyzda gözel şäherimiz Aşgabadyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçmek ençeme ýyl bäri däbe öwrüldi. Aşgabat – gözelligiň, tämizligiň, ajaýyplygyň şäheri. Şäheriň sergin säherlerinde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýar. Ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galýarsyň. Gün-günden gözelleşýän Watanymyzda her bir gün toý-baýrama beslenen. Mähriban Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Toýlar asudalygyň, parahatlygyň nyşany. Türkmen halkynyň bellenilmegi däbe öwrülen baýramçylyklaryndan biri bolan Aşgabat şäheriniň güni – türkmen halkynyň öz şäherine bolan buýsanjynyň, guwanjynyň toýudyr. Geçirilen çärede paýtagtymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Mekdebiň direktory we mugallymlary çykyş edip, ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Okuwçylar bolsa gözel şäheriň waspyny ýetirýän goşgular okadylar. Edebi-sazly ertirligiň dowamynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş okyjylaryň arasynda geçirilen “Sesli ertekileri okaýaryn” atly bäsleşikde ýeňiji bolan körpeje okyjylara, mekdebiň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirilip, olara kitaphananyň adyndan “Hormat haty” gowşuryldy. Edebi duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillerimize giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen halylaryna bagyşlanan söhbetdeşlik

Muzeýler

25.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda türkmen halylarynyň waspy hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Esger» gazetiniň uly habarçysy, ýaş şahyr Ogulnur Pirjikowa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryny hasaba alyş we saklaýyş bölüminiň esasy hünärmeni Aýjemal Rahymowa dagy gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda türkmen halylary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Milli halyçylyk sungatymyzyň, nepis türkmen halylarynyň gözelliginiň, owadanlygynyň dünýäde uly meşhurlyga eýedigini parasatlylyk bilen belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Men her gezek törlerimize gelşik, zenanlarymyzyň hereketine ýaraşyk berýän türkmen halysyny synlanymda, oýlarym bilen alyslara gidýärin. Ol ýerden nusganyň galyplaryny düzýän ülüşleri agtarmaga ýykgyn edýärin. Onuň başlangyjy – tebigat diýip hem pikire gelýärin. Tebigata mähir bilen garan pursadyňda, ol öz goýnunda nepesini durlan ynsanlaryň dünýäsinden söz açýar. Şonda olara, goý, näçe aralyk bolsun, düşünip bolýar.» diýmek bilen, türkmen halylaryna bolan çuňňur garaýyşlaryny aýdyň açyp görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokalýan nepis halylarymyzyň her bir çitimi, her bir öýdümi mähriban Watanymyzyň gözelligini, ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän ajaýyp eserler bolup taryha girýär. Türkmen halysy türkmeniň kalbynyň, milliliginiň, päkliginiň, belent ahlaklylygynyň we gözelliginiň çeper beýanydyr. Nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan bu ajaýyp halylaryň şöhratynyň has-da beýgelmeginde biziň çeper elli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Muzeýde ussat suratkeşlerimiziň çeper elli halyçylarymyzyň haly dokaýan pursatlaryny açyp görkezýän ençeme eserleriniň bardygyny, bu eserleriň ilkinji nobatda ünsüňi egleýändigini olar çykyşlarynda nygtadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň sarpasyny belende göterýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahaty

Halkara gatnaşyklary

25.05.2026

Şu ýylyň 19-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Andijan – 2026 -Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilen «Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahatyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew gatnaşdy. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu halkara maslahatynda «Türkmenistanyň sungatşynaslygynda döwrebap ylmy gözlegleriň ähmiýeti» atly ylmy makala bilen çykyş edendigini, halkara maslahatynda Özbegistan, Türkiýe, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalarynyň sungatşynaslarynyň hem öz ýurtlarynyň sungatlary barada täsirli çykyşlary edendigini belledi. Şeýle hem, halkara maslahatynyň ahyrynda çykyş edenlere Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň diplomynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen nygtady. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Bedew batly zamananyň bagtyýar uçurumlary

Muzeýler

25.05.2026

Dünýäň belent münberinde mynasyp orna eýe bolan ata watanymyz Türkmenistan, röwşen ykbala ýugrulan gadamlary bilen, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Bedew batly, ösüşleri şöhratly ajaýyp zamanamyzda ýurdymyzyň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlaryň, nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn ruhy taýdan kämil giň dünýägaraýyşly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin eziz watanymyzda ähli mümkinçilikler şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ,,Ýaşlar watanyň daýanjy”atly kitabynda belleýşi ýaly ,,Biz ýaşlara eziz watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdymyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýen dürdäne setirleri ýaşlary nurana gelejege ruhlandyrýar. Toýlara beslenýän zamanamyzda milli senenamamyzda mynasyp orun alan her ýyl ýurdumyzda uludan bellenilýän mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy ýurdymyzda paýtagtymyzyň döredilmeginiň güni bilen bilelikde goşa baýram goşa toý bolup bellenilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy belleniljek bu ýylymyzda ýurdumyzyň ýüregine deňelýän mermer paýtagtymyzyň döredilmegine 145 ýyl dolýar. Hut şu goşa baýram mynasybetli diýarymyzyň ähli künjegi bilen bilelikde Lebap welaýaty hem baýramçylyk lybasyna beslendi. Şu gün mekdebi tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdepleriniň uçurumlarynyň birnäçesi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Olar muzeýde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary, ülkämiziň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, gadymyýetiň syrlaryny özünde jemläp oturan gadymy galalardyr, ýadygärlikler barada ýakyndan tanyşdylar. Mahlasy baýramçylyk gününde muzeýe gurnalan gezelenç bagtyýar uçurumlara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyşlady. Diýseň täsirli, ýatda galyjy pursatlara beslenen gezelenjiň dowamynda olar eşretli zamanada döwrebap bilim, terbiýe almaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

No image
Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

25.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adynaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, milli mirasymyza degişli birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy täzeden dikeldip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.