logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

07.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eseri bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitaplary bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülip, diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalardaky ýerli bejergileriň arasynda dermanlyk otlardan peýdalanylanda, adam saglygyna has-da gowy täsirini ýetirýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SAGDYN DURMUŞ – GÖZEL ÝAŞAÝYŞ

Kitaphanalar

07.04.2026

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäherindäki 48-nji çagalar bakja bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň körpeje çagalary bilen “Sagdyn durmuş – gözel ýaşaýyş” atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan dörän “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitaby okaldy. Çagalar uly höwes bilen diňlediler. Bu bolsa körpeleriň sporta bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetde işjeň, sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýan şahsyýetler bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Kitapda bellenilişi ýaly, sport arkaly ýaş nesliň watansöýüjilik, sagdynlyk, agzybirlik ýaly ähmiýetli duýgulary ösdürilýär.

No image
RUHY BAÝLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti, kitaphanalaryň okyjylar bilen arabaglanyşygy dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her bir ýazan ajaýyp eserleriniň biziň şu günki ýaş nesillerimiz üçin uly bir terbiýe mekdebidigini belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň many-mazmunyny düşündirmek arkaly ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, olaryň watançylyk duýgularyny, ylym-bilime, milli mirasa, maşgala mukaddesligine bolan düşünjelerini ösdürmek kitaphana işgärleriniň borjy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşirleriň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini has-da kämilleşdirmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
ZEHINLI ÇAGALAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzda ýerleşýän mekdeplerde bilim alýan kitapsöýüji çagalar bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan “Zehinli çagalar” atly bäsleşik geçirýär. Gepleşigiň täze sanyna Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiniň zehinlije okuwçylary gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara sowgatlar gowşuryldy. Gepleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ROWAÇLANÝAR

Kitaphanalar

07.04.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap “Sagdyn durmuş ýörelgesi rowaçlanýar” atly söhbetdeşlik geçirdi. Nusgawy edebiýatymyzda “Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy” diýlen meşhur setir bar. Saglyga, sagdyn durmuş-ýörelgelerine oňyn garaýyşy emele getirmäge gönükdirilen mysallar türkmen halk döredijiliginiň islendik eserinde görmek bolýar. Bu asylly ýörelgeler häzirki döwrümizde hem yzygider dowam edýär. Üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasy milletimiziň saglygyny gazanmakda, keselleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak, saglygy goramak. Ine, şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watanymyzy sportuň durnukly ösdürilýän ýurtlaryň biri hökmünde dünýä tanatmakda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
KITAPHANAMYZA TÄZE KITAPLAR GELIP GOWUŞDY!

Kitaphanalar

07.04.2026

Ýurdumyzda kitaphana jemgyýeti kitaba bolan söýgini pugtalandyrmagyň öňde durýan wezipelerini üstünlikli çözmekde uly işler alnyp barylýar, okamak, öwrenmek üçin ähli şertler döredilýär. Golaýda welaýat kitaphanamyza Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we “Galkynyş” kitap merkezinden köp tapgyrda täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly”, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XVII tomy türkmen dilinde gelmegi okyjylarymyzy diýseň guwandyrdy. Mundan başga-da, Annagylyç Mätäjiniň “Goşgular ýygyndysy” türkmen dilinde, Sapargeldi Çaryýewyň “Annagylyç Mätäji - lirikanyň ussady” monografiýasy ýaly kitaplar gelip, jemi 466 sany kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip kitap gaznasyna tabşyryldy we dessine şäher, etrap kitaphanalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlary kitaphanamyzyň elipbiý we pudaklaýyn elektron kataloklarynda ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriň, tanyşdyryş dabaralaryň, synlaryň, söhbetdeşlikleriň üsti bilen wagyz ederler, şeýle-de kitaplary nusgalamak we olary sesli okamak işlerini alyp bararlar. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň artmagyna kömek eder. Şu ajaýyp döwürde, biziň kämil jemgyýetde döwrebap ýaşamagymyz, okamagymyz, öwrenmegimiz, ýaş nesle milli mirasymyzy mynasyp wagyz etmegimiz üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
SAGDYN BAŞYM ROWAÇ ÝURDUM

Kitaphanalar

06.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sagdyn başym rowaç ýurdum» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalaryň edilýändigi, şeýle-de ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý-melhem hem ylham” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlaryň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli lukmançylyk ylmyny ösdürmäge giň mümkinçiliklerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SPORT - DOSTLUK, SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK

Kitaphanalar

06.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sport - dostluk, sagdynlyk, ruhubelentlik» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek döwrümiziň esasy ýörelgesine öwrülip, sportuň ösdürilmeginiň, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň ilatyň saglygyny gorap saklamakda, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeginde sportuň uly täsiriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda ösýän ähli dermanlyk ösümlikleriň täsiri barada giňişleýin beýan edilip, halkymyz üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALKYŇ SAGLYGY - DÖWLETIŇ BAŞ BAÝLYGY

Kitaphanalar

06.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Halkyň saglygy - döwletiň baş baýlygy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SPORT GUJUR-GAÝRATYŇ, GÖZELLIGIŇ WE SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞYDYR

Kitaphanalar

06.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda Döwlet kitaphanasynyň okalga zalynda Seýrek neşirler bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglyk baradaky kitaplary giňden ýaýbaňlandyryldy. “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabynda sporta uly baha berilýär we Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda şeýle belläp geçýär: “Häzirki zaman sporty sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýörelgeleriniň dünýäde giňden rowaçlandyrylmagyna ýardam edýär. Sport halklaryň dostlaşmagynyň ýoludyr diýip tekrarlaýaryn. Çünki, biziň döwlet syýasatymyzyň mazmunyndan gelip çykýan bu ýörelgeler sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde çuňňur ähmiýete eýedir”. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr. Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.