logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Dürler hazynasy – bossany kitap, döwürleň aýnasy dessany kitap

Kitaphanalar

14.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen bilelikde gurnamagynda “Dürler hazynasy – bossany kitap, döwürleň aýnasy dessany kitap” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy bolan kitabyň, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň bimöçberdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, kitabyň gymmatly hazyna we bilimiň açary hasaplanýandygy, öwüt-nesihat berip, dogry ýoly görkezýän we adamda iň gowy häsiýetleri kemala getirip, ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeldýändigi barada durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň ruhy baýlygyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Türkmen alabaýy-wepadarlygyň hem batyrlygyň nusgasy

Kitaphanalar

14.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamaklarynda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmen alabaýy-wepadarlygyň hem batyrlygyň nusgasy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmegiň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigi barada täsirli söhbet etdiler. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin “Edermen türkmen alabaýy” atly kitap sergisinde, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden syzylyp çykan “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň üç dilde ýerleşdirilmegi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
“Ertekiler çagalaryň ruhy dünýäsiniň açary” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

14.10.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda ýakynda Aşgabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda “Ertekiler çagalaryň ruhy açary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Kitaphananyň hünärmeni körpelere erteki barada gürrüň berip, çagalaryň halaýan ertekileriniň gahrymanlaryny gurjaklaryň üsti bilen hereketlendirip kiçijik sahna oýunlaryny görkezdi. Çagalar oýna uly höwes bilen gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller barada uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Leýli-Mejnun” operasy – köňüllerde ýaşaýar

Teatr we kino dünýäsi

13.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň aýdym-saz sungatyny, taryhda yz goýan kompozitorlarymyzyň döredijiligini, türkmen halk dessanlaryny we operalaryny dünýä äşgär etmekde mynasyp işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan sungat eserleri bu gün täzeden sahnalarymyzyň bezegine öwrülýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda “Leýli-Mejnun” operasy ilkinji gezek 1946-njy ýylda saz-sungat ussatlary Daňatar Öwezow we Ýuliý Meýtus tarapyndan döredilip, režissýor Alty Garlyýewiň ýolbaşçylygynda sahnada görkezildi. Opera 4 aktdan we 5 görnüşden ybarat bolup durýar. “Leýli-Mejnun” operasy ýaly ajaýyp sungat eserlerimiziň sahna gaýdyp gelmegi ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly waka öwrülýär. Ýakynda opera ikinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnalaşdyryldy. Sahna oýnuna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde, halypa mugallymlar we talyplar, şeýle hem, hor topary gatnaşdylar. Sahna oýnunyň režissýory Aýnazar Batyrow we simfoniki orkestriň dirižýory Döwletmämmet Ökdirow yhlasly zähmetlerini gaýgyrman, operanyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy ugrunda mynasyp işleri bitirdiler. Operanyň her sahnasy tomaşaçylaryň ýüreginde orun tapyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.

No image
Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat

Kitaphanalar

13.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy tarapyndan, Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň hem-de “Miras” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Milli däp-dessurlarymyz nesillere dowamat” atly “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler ene-mamalarymyzdan gelýän milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy bolan halydyr palas dokap, keçe basmak, keşde çekmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleriniň irki döwürlerden bäri dowam edip gelýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden dörän keşdeçilik sungaty türkmen zenanynyň durmuşyny, dünýäsini bezemek bilen onuň kalbyna gözellik çaýýandygy we dünýäni haýrana goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, nesilden-nesle geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Nakgaşçylyk mekdebiniň ussady

Täzelikler

13.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Hojamuhammet Çüriýewiň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi. H.Çüriýewiň sergide ýerleşdirilen “Keşdeçiler” atly uly göwrümli birnäçe tapgyrdan ybarat eseri, “Kejebe”, “Çapar”, “Üç gözellik”, “Gözel sen”, “Näme sen” ýaly eserleri bellenilmäge mynasypdyr. Suratkeş H.Çüriýew türkmen dünýäsini, taryhyny, gelin-gyzlaryň keşbini we olaryň uz barmaklaryndan döreýän el işlerini dürli öwüşginleriň üsti bilen kendire siňdirýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji uçurymlarynyň hatarynda türkmen nakgaşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşandyny goşýar. Suratkeş eserlerinde metaforik şekilleri we dürli çeperçilik serişdelerini ussatlyk bilen ulanýar. Hojamuhammet Çüriýewiň türkmen dünýäsine bolan söýgüsi ynsan ruhunyň ýagdaýy hakyndaky çuňňur pikirleri nakgaşçylyk sungatynda aýdyň görkezilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nakgaşçylyk mekdebiniň ussady hökmünde Hojamuhammet Çüriýew döredýän eserleri we gurnaýan sergileri bilen halkymyzyň arasynda giňden tanalýar. Halypa suratkeşiň nakgaşçylyk we grafika sungatynda döreden eserleri sergiler jaýynyň iki gatynda ýaýbaňlandyryldy. Halypa suratkeşiň döredijilik ýoluny şägirtleri, ykbalyny sungata baglan ýaşlar dowam edýärler. Halypa suratkeşiň şahsy sergisi sungat muşdaklarynyň aňynda gözellik duýgularyny we sungata bolan çäksiz hormaty has-da berkitdi. Serginiň merkezini bezeýän işiň köp böleginiň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanýandygy buýsançlydyr. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserleriniň sany 53-den gowrak bolup, olardan “Türkmen binasy”, “Türkmeniň”, “Gözel sen” ýaly goşgularyna döredilen nakgaş eserleri aýratyn tapawutlanýar. Suratkeşiň 5 sany işden ybarat bolan “Toý” atly eseri sergide aýratyn saýlanan işleriň biri boldy. Eserde türkmen toýunyň uludan tutulýandygy, milli oýunlar, toýuň ýaraşygy bolan bedew atlar reňkleriň dili bilen kendire geçirilipdir. Sergide halypa suratkeşiň 140-dan gowrak işi sergilendi.

No image
«Durmuş kitaby» atly konsert geçirildi

Täzelikler

13.10.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp «Durmuş kitaby» atly ýubileý konserti geçirildi. Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, bagtyýar talyplary, halypanyň maşgala agzalary, dostlary gatnaşdylar. Konsertiň başynda kirişli saz gurallaryndan düzülen toparyň ajaýyp saz çalmagy bilen halypa garşy alyndy. Konsertde halypadan tälim alan talyplary dost-doganlyk döwletleriň aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. A.Babajanýanyň «Elegiýa» sazyny Kakajan Hudaýberdiýewiň (tüýdük) ýerine ýetirmeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi B.Durdyýewanyň L.Arditti «Il bacio» aýdymy, kompozitor A.Haçaturýanyň döredijiligine degişli bolan «Wagarşapakskiý tanes» sazlaryna, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde çykyş etdiler. Soňra Atamyrat Nurgeldiýew, W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan «Kemine we kazy» operasyndan Kazynyň ariýasyny, özbek halk aýdymyny Läle Orazdurdyýewa ýerine ýetirdiler. Konsertde görkezilen ähli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserte gatnaşyjylar sungatymyzy dünýä ýaýmaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
Göçme sergi gurnaldy

Muzeýler

13.10.2026

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan iri halkara çäreleriň çäklerinde, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde «Tatar gyzy — 2026» atly halkara bäsleşigi hem geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen baýramçylyk göçme sergisini gurnady. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň ýerine ýetiren nakgaş eserleri görkezildi.

No image
Çaga kalbynyň owazy

Muzeýler

13.10.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda “Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly ýazgy geçirildi. Ýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Çagalyk ömrümiziň iň arassa, iň röwşen we aladasyz döwri. Körpelerimiziň nepesinde päklik, gözlerinde bolsa geljege bolan uly umyt bar. Şu ajaýyp we päkize duýgular “Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly dabarada belentden ýaňlandy. Çagalar bütin dünýäniň bezegi, durmuşymyzyň manysydyr. Olaryň kalbyndan çykan joşgunly aýdymlarda Watana bolan söýgüsi, Berkarar zamanyň wasp edilmegi esasy orny eýeleýär. Çagalaryň sungata bolan söýgisini artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak we olara bagtyýar çagalygy bagyş etmek biziň baş maksadymyzdyr. Çaga kalbynyň owazy mydama belentden ýaňlansyn, ýaşajyk ýürekleriň şatlygy hem-de gülküsi ömrümizi hemişe bezesin! Aýdym-sazly ýazga gatnaşyjylar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

13.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Watançylyk taglymaty” atly täze kitabynyň many-mazmunyny ýaşlara ýetirmek boýunça kitaphana syny geçirildi. Çykyş edenler kitapda ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolup durýar diýip belläp geçdiler. Şular dogrusynda we kitaby dost tutunmak hakynda ýaşlara birnäçe maslahatlary hem berdiler. Bu syna gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, halk bähbidi üçin işleýän galamynyň ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.