logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Buýsandyryjy ösüşlere bagyşlandy

Kitaphanalar

05.11.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk dillerimiziň dessany- bedew batly Türkmenistan arzuwlaryň mekany» atly çäre geçirildi. Çärede “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bedew batly ösüşlere, özgerişlere beslenýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýäde bedew bady bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýandygy barada buýsançly çykyşlar etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

05.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň gurnamagynda, Aşgabat şäherindäki 66-njy çagalar bagynda “Bal süýji, baldan bala süýji” atly çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşda kitaphana hünärmenleri çagalara ertekilerden labyzly okap berdiler. Çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp, özlerinde täsir galdyran gahrymanlary barada gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileri barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem, çeper okaýyşyň çäginde “Kitap – meniň dostum!” atly, Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndaky çagalara degişli kitaplardan göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitaphana işgärleri çagalara türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler hem-de ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy.

No image
Berekediň we bolçulygyň baýramy

Kitaphanalar

04.11.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Hasyl toýuna bagyşlanyp “Hasyl toýy – berekediň we bolçulygyň baýramy” atly duşuşyk geçirildi. Ýurdumyzda uludan bellenilýän bu baýrama bagyşlanan duşuşyga, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň işjeň agzalary, oba hojalygynda köp ýyllardan bäri zähmet çekýän halypalar, daýhanlar, kärendeçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň: “Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr” diýen parasatly sözleri, biz daýhanlary has-da buýsandyrdy, galkyndyrdy-diýip, çykyş eden kärendeçi buýsanç bilen belledi. Kitaphana işgärleri tarapyndan guralan “Bereket ummany - türkmen ýaýlasy” atly kitap hem-de ýurdumyzda bitýän dürli nygmatlaryň sergisi bolsa bu çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.

No image
Gürrüňdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

04.11.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda golaýda, Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly kitaby hakynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň bilim-terbiýeli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri baradaky öňe sürýän taglymatlary uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň ýagşy öwüt-ündewlerinde Watana bolan söýgi, milliligimize hormat goýmak, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, ylym-bilime ymtylmak ýaly asylly ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Kitapda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynda eden taryhy çykyşy beýan edilýär. Ine, şular hakynda kitaphana hünärmenleri hem-de söhbetdeşlige gatnaşanlar giňişleýin pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýaş nesiller barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Paýhas donly agras güýzüm

Kitaphanalar

04.11.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan ýakynda 52-nji orta mekdepde bilim alýan ýaş nesilleriň arasynda “Paýhas donly agras güýzüm” atly güýz pasly hakynda döredilen goşgulara bagyşlanan çeper okaýyş çäresi geçirildi. Güýz paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty aýratyn gözellige beslenýär. Baglaryň ýapraklary altyn öwüşginlere eýe bolup, bagy-bossanlyklar özboluşly gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Tebigatyň gözelligi edebiýatda hem öz beýanyny tapýar. Türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde güýz pasly, ýapraklar, asuda asman, bereketli toprak we tebigatyň gözelligi çeper sözleriň üsti bilen wasp edilýär. Şular hakynda hem-de ýazyň, güýzüň şahyry hasaplanýan Gurbannazar Ezizowyň döredijiliginde güýz paslynyň wasp edilişi barada kitaphana hünärmeni ýaş nesillere çeper okaýyşly täsirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek, şäher we obalaryň gözel keşbini has-da gözelleşdirmek ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Kitap-kalbyň açary

Kitaphanalar

04.11.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde gymmatly edebi mirasy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap-kalbyň açary” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümiň gaznasynda saklanýan neşirleriň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halky hemişe ruhy gymmatlyklara uly gadyr goýup, aýratyn ähmiýet beripdir.

No image
Döwlet kitaphanasyna gezelenç guraldy

Kitaphanalar

03.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gezelenji guraldy. Olar Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyşdylar. Sungat bölüminiň işi bilen olar aýratyn gyzyklandylar. Bu bölümiň hazynasy sungata degişli kitaplardan, döwürleýin neşirlerden, notalardan, audiowizual neşirlerden ybaratdyr. Şeýle hem, türkmen kompozitorlarynyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň nota eserleriniň baý hazynasy bar. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň okyjylara edýän kitaphana hyzmatynyň ýene bir aýratynlygy, ýekebara ýa-da topar bolup görmek hem-de diňlemek üçin audiowizual neşirleriniň fonotekasyna eýedir. Okyjynyň islegine görä, bölümiň hazynasynda saklanýan ses ýazgylaryndaky, plastinkalardaky bar bolan sazlary saýlap, häzirki döwrebap tehniki enjamlarda diňlemäge döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, talyplar kompozitorlarymyzyň sazlaryny höwes bilen diňlediler. Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan guralan gezelenç hem-de kitaphanadaky sergiler talyplarda we mugallymlarda uly täsir galdyrdy.

No image
Hünär bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Kitaphanalar

02.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň arasynda yglan edilen “Türkmenistan ösüşleriň Diýary–ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg) Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde kitaphana işini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilen hünär bäsleşiginden hem göz ýetirmek bolýar. Bäsleşigiň şertlerine görä, kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň birine kitaphana synyny bermekde, kitaphananyň düzgünlerine laýyklykda sowal-jogap alyşmakda hem-de kitaphana gaznasyna täze kabul edilen neşirleri degişli usullar bilen işlemek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa, birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Seýidowa, ikinji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýjeren Saparmyradowa, üçünji orna Mary welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljeren Gaýypowa mynasyp boldular. Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda kitaphana işini ösdürmäge, ruhy baýlygymyz bolan ajaýyp eserleri giň okyjylara wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

02.11.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary nesilleriň terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde asyrlaryň jümmüşindan gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz barada gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki Watana wepaly bolmak, halal zähmet çekmek baradaky ajaýyp jümleleriň ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygyny nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çeper eserlerde zenanlaň keşbi

Kitaphanalar

02.11.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gymmatly edebi mirasy öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem okyjylar üçin “Çeper eserlerde zenanlaň keşbi” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplar we gazna täze gelip gowşan kitaplar ýerleşdirildi. Bu sergi okyjylarda we ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Sergä gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.