logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR RÖWŞEN GELEJEGIMIZDIR !

Kitaphanalar

10.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalar röwşen gelegimizdir!» ady bilen medeni çäresi geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy, Watanymyzyň geljekgi ösüşleriniň özenidigi, munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp günlerde bagtyýar çagalaryň aladasyny etmek, olaryň şadyýan durmuşyny üpjün etmek baş maksat bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAPHANALAR AKYL-PAÝHAS OJAGY

Kitaphanalar

10.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary terjimeçilik tejribeligi geçýän döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de çeper eserleri, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, çagalaryň söýüp okaýan ertekili kitaplaryndan we dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini terjime etmekde öz bilimlerini özleşdirdiler. Merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri kitaba, ylyma-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin häzirki ajaýyp döwrümizde hem kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolsun!

No image
TEBIGAT GÖZELLIGIŇ GÖNEZLIGI

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Tebigat gözelligiň gönezligi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz ýaş nesillere ata Watanymyzy, ene topragymyzy, ýurdumyzyň deňi-taýy bolmadyk gözel tebigatyny gözümiziň göreji deýin gorap saklamak, tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak babatynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler barada täsirli gürrüňler berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bereketli türkmen topragyndan rejeli peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak, ösdürmek we geljekgi nesillere geçirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/o2.jpg)

No image
GELIŇ KITAP OKALYŇ

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda «Geliň kitap okalyň» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/d1.jpg)

No image
BAGTYÝAR NESILLER WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

10.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Bagtyýar nesiller Watanyň geljegi» atly gezelençli gürrüňdeşlik geçirildi. Bagtyýar çagalyk-bu biziň ertirki güne ynamymyzdyr, geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ähli mümkinçilikler döredilen. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, beýik şahsyýet bolup ýetişmegi ugurda kitaphanaçylar irginsiz zähmet çekýärler. Ine bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja bagynyň bagtyýar körpejeler gezelençe geldiler. Gezelençde çagalara kitabyň ähmiýeti dogrusynda hem-de kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelençiň ahyrynda ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.

No image
ARKADAGLY DÖWÜRDE BAGTYÝAR ZENANLAR

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Döwlet kitaphanasy hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Arkadagly döwürde bagtyýar zenanlar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, olaryň ajaýyp durmuşy, ähli ugurlarda deňhukukly adamlar bolup durýandyklary barada söhbet etmek bilen, olaryň döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýandygyny nygtadylar.Bu gün ene-mamalarymyzdan geçip gelen gelin-gyzlarymyzyň ýol-ýörelgesi,olaryň eliniň çeperligi her bir işde öň hatardadygy hemmelere bellidir.Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň edepli, terbiýeli, ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halypalaryň görkezýän göreldeleri, öwredýän sowatlarynyň nä derejede möhümdigi barada «Halypa şägirtlik ýoly» atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halypa şägirtlik ýoly üçin giň ýol açyp berýändikleri üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI DÜNÝÄ DILLERINDE

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmen halk ertekileri dünýä dillerinde” atly kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halk ertekileri müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen gymmatly hazynamyz bolup durýar. Ertekiler türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerini, ahlak kadalaryny, akyl-paýhasyny we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Soňky ýyllarda türkmen halk ertekileri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we ruhy mirasynyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BAGTYÝAR NESILDE ŞYPALY DYNÇ ALYŞ

Kitaphanalar

10.07.2025

Tomus pasly çagalar üçin iň gyzykly döwür. Bu döwürde çagalaryň her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilendir. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomus paslynda çagalaryň boş wagtlary kitap bilen dostlaşmagy üçin welaýatymyzyň çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergileri gurap, gyzykly çäreleri, bäsleşikleri, çeper okaýyşlary ýola goýýarlar. Ynha «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem kitaphana hünärmenleri çagalar üçin «Bagtyýar nesilde şypaly dynç alyş» atly tematiki agşamyny gurnadylar. Bu agşamda edilen gürrüňler çeper okaýyşlar, görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. hem-de ýurdumyzyň Altyn asyr teleýaýlymyna ýazgy edildi. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR-BEÝIK GELJEGIMIZ

Kitaphanalar

09.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide «Bagtyýar çagalar-beýik geljegimiz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky ruhubelent çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkünçilik berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.