logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
MILLI MEDENIÝETIMIZIŇ BELENT WASPY

Kitaphanalar

14.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Milli medeniýetimiziň belent waspy” ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyza uly sarpa goýan halkymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesi esasynda medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN-BEÝIK BAŞLANGYÇLARYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

14.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda “Halkara–Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna bagyşlanyp welaýat kitaphanasynyň, Türkmenistanyň telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda ,,Bitaraplyk-Watan asudalygynyň berkararlygy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşyjylar ,,Türkmenistan-beýik başlangyçlaryň ýurdy” atly gurnalan kitap sergisine syn etdiler.

No image
KITAP KALBYŇ AÇARY

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Kitap kalbyň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz, häzirki ajaýyp döwrümizde täze edebiýatlaryň yzygiderli neşir edilip okyjylar köpçüligine ýetirilýän eserleriň ähmiýeti we ýaş nesilleriň, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde kitabyň tutýan orny barada gyzykly gürrüňler aýdyldylar. Şeýle hem kitaphanamyzyň öz okyjylaryna ýokary derejede kitap we beýleki neşirler esasynda hyzmat edişi, barada aýtaryn aýdyp geçdiler. Ýaşajyk kitap söýüjileriň kitaba, okamaklyga bolan höwesini has-da aýtdyrmak üçin alnyp barylýan işler barada hem gyzykly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitap we kitaphana işine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak günleri bagyş edýän Gökderedäki “Şöhle” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Serginiň dowamynda wagtlaryny şadyýan geçirýän çagalar bilen gyzykly sorag-jogap alşyldy. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan bu göçme kitap sergisi ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. Çäräniň dowamynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ PARAHATÇYLYKLY ÝOL BILEN ÖSDÜRILMEGI

Kitaphanalar

14.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Döwlet ygtyýarlandyryş we hile gözegçilik merkezi, Döwlet kitaphanasy hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen,ynanyşmak parahatçylygyň kepili taglymatyndan ugur alyp, “Halkara gatnaşyklarynyň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegi” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenip,parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň belentligini nazarlaýan ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir halkymyz ýurdumyzyň ösüşlerine, rowaçlyklaryna buýsanýar.Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylýan ösüşler,belent üstünlikler bagtdan paýly ,päk zähmetden serpaýly ildeşlerimiziň kalbynda ýokary ruhubelentlik döredýär diýip nygtadylar. Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP SERGISI

Kitaphanalar

12.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Halkara ulag ulgamy» atly kitaba sergi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we halkara ulag ulgamy barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň dürli yklymlaryna ýakyn, ösen ykdysady merkezleriň aralygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzda ulag aragatnaşygynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikler bar. Bu okuw kitabynda halkara ulag guramalarynyň esasy görnüşleri, alyp barýan işleri, ösüş ugurlary, olaryň döremegine täsir edýän sebäpler görkezilýär. Halkara guramalaryna düşünje we kesgitleme berilýär, guramaçylyk-hukuk we dolandyryş meselelerine seredilýär, olaryň döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki orny, şeýle hem köpugurly sebit we sebitara halkara guramalarynyň aýratynlyklary beýan edilýär. Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynda tutýan ornuna aýratyn we giňişleýin häsiýetnama berilýär. Sergä gatnaşan talyp ýaşlar okuw kitabynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly maglumatlary okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
«ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY-WATANYMYZYŇ KUWWADY» ATLY KITAP ŞÜWELEŇI

Kitaphanalar

12.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi bilen bilelikde, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwady» atly kitap şüweleňi geçirdi. Kitap şüweleňiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy gyzykly gürrüňler edildi. Şeýle-de dürli görnüşli bäsleşikler hem geçirildi we ýeňiji bolan çagajyklara kitap sowgatlary bilen gutlanyldy. Kitap şüweleňiň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar çagalara ýaş nesilleriň dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak wakalar bilen, gyzykly hem-de şadyýan geçmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2b.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3b.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ, DOSTLUGYŇ HEM ÖSÜŞIŇ MEKANY

Kitaphanalar

11.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Köpetdag etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň, dostlugyň hem ösüşiň mekany” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň dost-doganlyga wepalylyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryna hormat goýmak ýörelgeleri özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygy, adamzadyň iň gymmatly ynsanperwer däplerini dowam etmek hem-de dabaralandyrmak parahatçylyga, özara düşünişmäge we dostluga belent sarpa goýýan milletimiziň ebedi ýörelgesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň dünýädäki abraýyny şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GOÝNUŇDA DYNÇ ALDYM GYZYKLY GEÇÝÄR, GYZGALAŇLY PASLYM, ŞADYÝAN PASLYM

Kitaphanalar

11.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gökderedäki “Nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Goýnuňda dynç aldym gyzykly geçýär, gyzgalaňly paslym, şadyýan paslym” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi. Çärede güneşe baý tomus paslynda bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýandygyny şeýle-de okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylandyklary barada söhbet etdiler. Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamalary ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÖWÜT ÜNDEWLERI TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

11.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezindäki Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Gökdere çagalar sagaldyş we dynç merkezinde ýerleşýän Altyn sümmül sagaldyş we dynç merkezinde Akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde we ony geljeki nesillere ýetirmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň gurnamagynda “Magtymguly Pyragynyň öwüt ündewleri terbiýe mekdebi ”- atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligimizi Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly-dünýäniň akyldary”- atly ajaýyp kitabyndan şeýle diýär. Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerinde tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr- diýip belläp geçýär. Şeýle-de söhbetdeligimizde çagalaryň bilesigeljigini artdyrmak hem-de dogry pikirlenmekleri üçin ýörüte krosswordlary taýýarladyk. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: – Magtymgulynyň şygyrlary ynsan saglygyna zerur bolan ähli gowy närseleri özünde jemleýän jana şypa beriji ruhy melhemdir – diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar, Türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwlar edildi.