Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany
Kitaphanalar
17.08.2026Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Dünýä ahalteke bedewleriniň haýrany” ady bilen “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde görnükli atşynaslar bilen duşuşyk gurnady. Bu duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä derejesinde beýikligi, olaryň gelip çykyşy, taryhy barada, Gahryman Arkadagymyzyň bedewler baradaky nusgalyk eserleriniň many-mazmuny dogrusynda hem giňişleýin gürrüň berildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlar bedewleriň şan-şöhratyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.