logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly

Kitaphanalar

13.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty döredijiligiň we jebisligiň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda Halk Maslahatynyň geçirilmegi Watanymyzyň döwlet we syýasy binýadyny berkitmekde, jemgyýetçilik, syýasy kanunçylyk, hukuk ulgamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orun eýeleýändigi, türkmen halky döwletli iş tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşmak, köpçülige sala salmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem halkymyzyň bähbidine kabul ediljek kararlardyr, çözgütler zähmetsöýer halkymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrandygy hakynda buýsançly söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny ynamly öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Ertekileriň jadyly dünýäsi

Kitaphanalar

13.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 61-nji çagalar bagynda «Ertekileriň jadyly dünýäsi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Geçirilen gürrüňdeşlikde çagalary ýaşlykdan okaýyşa çekmek, olarda mertlik, zähmetsöýerlik, ruhubelentlik, adamkärçilik, dogruçyllyk we watansöýüjilik endiklerini terbiýelemekde türkmen halk ertekileriniň has uly orun eýeleýändigi barada aýtdylar. Şeýle-de çagalara dürli ertekileri okap bermek, ertekiler barada pikir alyşmak olaryň okaýyşa bolan höwesini artdyrýandygy barada belläp geçdiler hem-de birnäçe gyzykly ertekilerden gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
At – türkmeniň ganaty

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda we ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Çykyş eden hünärmenler bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda türkmen bedewlerine goýulýan sarpanyň belentdigini şeýle hem ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy dogrusynda söhbet etdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň bedewleriň waspyny ýetirýän ajaýyp eserlerinden birnäçe gymmatly maglumatlary halk köpçüligine ýetirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Halk bähbitli netijeli işler

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde “Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler barada gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň “Budur türkmen binasy” diýen bölüminde beýan edilýän buýsandyryjy sözlerini öz içinde jemleýän wakalar dogrusynda döredijilik duşuşygynda çykyş eden hünärmenler söhbet edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesi

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesi” atly ýaş nesillerde kitaphanalardan peýdalanmaklygyň düzgünleri bilen tanyş etmeklik maksady bilen duşuşyk geçirdi. Kitaphanalar ýaş nesilleri diňe bir bilimli däl, eýsem giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly we özbaşdak pikirlenip bilýän şahsyýetler edip ýetişdirmeklikde iň ygtybarly medeni aň bilimleriň jemlenýän ýeri. Taryhy, edebi çeper eserler arkaly ýaş nesil öz halkynyň geçmişine, medeniýetine bolan hormatyny özleşdirmekligi artdyrýar, şeýle hem adalatlylyk, watançylyk we ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri kemala getirmeklikde kitaplaryň ähmiýeti we boş wagtlaryň kitap okamaklygyň peýdasy barada söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri giňişleýin gürrüňler berdiler. Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar kitap we kitaphanalar işiniň döwrebap usullarda hyzmat etmekligine uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Watan waspy goşgularda

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen kitaphananyň okalga otagynda “Watan waspy goşgularda” atly şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sesli okaýyş geçirdi. Kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly gymmatly eserinden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň taryhy ýollary, Türkmenistan diýarymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejeleri, şanly Garaşsyzlygymyzyň gazananlary hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämize işjeň gatnaşan ýaş kitapsöýüjilerimiz hem şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary ýatdan we labyzly ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyzlyga guwanmak, Watany halky söýmek bagtdyr diýip mukaddes Garaşsyzlygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Wagyz-nesihat

Kitaphanalar

12.08.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda “Wagyz-nesihat” çäresi geçirildi. Eziz Watanymyza bolan buýsanjymyz köňlümiziň töründe orun alandyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 35 ýyl bolýar. Bu şanly sene şu ýylymyzyň ösüşlere beslenjekdigini, toýlarymyzyň toýlara ulaşjakdygyny aýdyň beýan edýär. Bedew batly ösüşlere beslenýän şu günlerimizde milli gymmatlyklara, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýulýar. Goý türkmen halkynyň Garaşsyzlyk bagty öz miwelerini hemişe sahylyk bilen eçilsin! Garaşsyzlyk gudraty döwletimizi mundan beýläk hem şan-şöhrata beslesin! Döwletimiziň hem jemgyýetimiziň at-abraýyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Ýaşlyk” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Ýaşlar röwşen geljegiň şuglasy” atly kitap sergisini gurnadylar. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesilleriň ähli amatly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, tomusky dynç alyş günlerinde wagtlaryny peýdaly geçirýändikleri, dynç alyş merkezinde dürli çärelere gatnaşyp wagtlaryny şatlyk-şowhuna besläp dynç alýandyklary barada gürrüň edildi we olar bilen sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa geljekde ýaşlaryň ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup kemala gelmegi bilen berk baglanşyklydyr. Soňra bolsa çärä gatnaşan ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Çagalar röwşen geljegimiziň nury

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 127-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar röwşen geljegimiziň nury” ady bilen körpeleriň arasynda çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurnady. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ertekilerden labyzly okap berildi we ertekileriň gahrymanlarynyň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Bakja – bagyndaky körpeler okap berlen ertekileri ünsli diňläp özlerinde täsir galdyran gahrymanlary gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan çagalara degişli kitaplardan göçme kitap sergisi hem gurnaldy. Gelejegimiz bolan ýaş nesillere ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy öwretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen

Kitaphanalar

12.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen” ady bilen Aşgabat şäherindäki 103-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi, onuň çäginde hem “Kitap – meniň dostum” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitaphanaçylar körpejelere türkmen halk ertekilerini okap berip olarda kitaba bolan uly gyzyklanma döretdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpejeler barada edýän atalyk aladalaryny çagalara düşündirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.