SPORT - DOSTLUK, SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK
Kitaphanalar
06.04.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sport - dostluk, sagdynlyk, ruhubelentlik» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek döwrümiziň esasy ýörelgesine öwrülip, sportuň ösdürilmeginiň, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagynyň ilatyň saglygyny gorap saklamakda, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmeginde sportuň uly täsiriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda ösýän ähli dermanlyk ösümlikleriň täsiri barada giňişleýin beýan edilip, halkymyz üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.