logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty

Kitaphanalar

26.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bütin türkmen halky üçin, aýratyn hem ýaş nesillerimize ýol-ýörelge, gollanma mekdebi bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her birinde Watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny-kiçini sylamak, halallyk, bir sözlilik ýaly türkmene mahsus bolan milli terbiýe, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Döwrüň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy hazyna

Kitaphanalar

26.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda “Döwrüň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy hazyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, kitaphana işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak baradaky birnäçe işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda, kitaphana ulgamynyň işlerini kämilleşmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Çagalar-durmuşyň gülleri

Kitaphanalar

23.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Okyjylara hyzmat etmek” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 35-nji çagalar bagynda çagalar ertirligini geçirdiler. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy biziň dünýämizi has-da nurlandyrýar. Durmuşymyzyň gülleri bolan çagalara guwanjymyz çäksizdir. Olar durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýärler. Körpeler bagtyýar çagalara ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

23.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan “Şugundyr –iýmitlik önüm” atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, şugundyr bilen bagly edebiýatlar hem sergilendi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi

Kitaphanalar

23.10.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz hem Bitarap tarypy ajap dessan, bedew batly at – myradyň mekany Türkmenistan” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýändigini, gazanylan hem gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn röwşen nuruny çaýyp, agzybir halkymyzyň şu gününe buýsanjyny, ýagty ertirimize ynamyny artdyrýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de halkymyzda “At agynan ýerde toý bolar” diýen pähim bolşy ýaly behişdi bedewler ösüşiň, öňe ymtylyşyň, toý-baýramlaryň buşlugy hasaplanýandygy hem-de ahalteke bedewlerimize goýulýan buýsanç, hormat barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Astronomiýa dünýäsine syýahat

Kitaphanalar

23.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara şanly senelere beslenýär, hem-de taryhy wakalara eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyp ýaşlary bilen bilelikde kitaphananyň obserwatoriýa otagyna “Astronomiýa dünýäsine syýahat” atly gezelenç geçirildi. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary üçin astronomiýa düşünjeleri we maglumatlary öwrenmek hem-de düşündirmek maksady bilen ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa mysal edip Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde gurulyp ulanylmaga berlen kitaphanalaryň asman jisimlerine gözegçilik etmeklige niýetlenen obserwatoriýalarynda dünýäniň kämil teleskoplarynyň oturdylmagy tebigy we takyk ugurlary bilimlere uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
Kitap sergisi

Kitaphanalar

23.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Edermen türkmen alabaýy” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserlerini, mundan başga-da itşynaslyk bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Şadyýan pursatlar

Kitaphanalar

23.10.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap” bölüminiň kitaphanaçylary, Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bagynda “Şadyýan pursatlar” ady bilen çagalar ertirligini geçirdi. Çagalarymyzyň okamaklary, gowy dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny, zehinini açmaklary üçin yzygiderli alada edilýär. Döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe bermek, olaryň tebigy zehinini açmak, ukyp-başarnyklaryny artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Halkymyzyň agzybirligi, ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän, ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli, tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

No image
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty - gelejegiň kepili

Kitaphanalar

23.10.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty - gelejegiň kepili” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Gatnaşyjylar halkymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen dünýä ülňülerine laýyklykda ylymly, bilimli, giň dünýä garaýyşly, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Ýaşlar syýasatynyň döwrebap derejede durmuşa geçirilmegi şeýle aýratynlyklarynyň ählisini özünde jemleýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň hem-de biziň kitaphanamyz bilen bilelikde bu ugurda alyp barýan işleri hem örän ähmiýetlidir. Ýaşlaryň borçlary we hukuklary barada aýdylanda berkarar Diýarymyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti öran ýokarydyr. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini doly kesgitleýär. Ýurdumyzda bellenilen kadalara laýyklykda ýaşlaryň hataryna okuwçylar, talyplar, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, ýaş telekeçiler, ýaş alymlar, ýaş çatynjalar degişli bolup durýar. Bu kanunyň ýokary ähmiýeti Türkmen döwletniň şu günki beýik ösüşlerini we şöhratly geljegini nazara almak bilen, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny doly üpjün etmäge gönükdirilendigi bilen şertlendirilýär diýip çykyşlarynda bellediler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

23.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary tarapyndan taýýarlanylan “Bilim işgärleriniň özara pikir alyşmalary – döwrebap ösüşiň açary” atly kitap bilen tanyşdyrdylar. Kitaba ýerleşdirilen ylmy makalalarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň terbiýesindäki pedagogik gymmaty, türkmen halkynyň taryhyny we baý pedagogik mirasyny öwrenmegiň ylmy esaslary, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmagyň ylmy-amaly çözgütleri, mekdebe çenli hem-de başlangyç bilimde gazanylan milli tejribeler baradaky ylmy seljermeler beýan edilýändigini mälim etdiler. Şeýle-de I.Batyrowyň“C programmalaşdyrma dili”, B.Atajanowyň “Programmirlemegiň dilleri we usullary”, atly kitaplary bilen tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.