logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

27.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan we döwürleýin metbugat neşirlerden kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynda “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly žurnalyndan we oba hojalyga degişli edebiýatlardan syn geçirildi. Bu kitaphana synyna gatnaşan kitaphana işgärleri we okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni- köpçülik işleri bölümi tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly ajaýyp täze kitabyndan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň bu gymmatly kitabynda eşretli döwrümiziň ýaşlarynyň ylym-bilimli, ilhalar, ýagşy häsiýetli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde edilýän uly aladalar barada giňişleýin beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Watançylyk taglymaty” atly bu kitabynda şular hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Ýaşlaryň ýankitabyna öwrülen, ýagşy öwüt-nesihata ýugrulan bu ajaýyp kitap gymmatly hazynadyr - diýip nygtadylar. Kitaphana synyna gatnaşyjylar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Ylmy-usuly okuw sapagy

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy-usuly bölümi tarapyndan “Sanly ulgam döwri we ylmy-usuly gollanmalary düzmekligiň täze mümkinçilikleri” hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümi tarapyndan “Elektron kitaphananyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak” atly ylmy-usuly okuw sapagy geçirildi. Usuly okuw sapagyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşdylar. Okuw sapagynda Ylmy-usuly hem-de Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlar bilen alyşmak bölümleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüňler berildi hem-de sorag-jogaply bäsleşik gurnaldy. Okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmen alabaýy – Watanymyzyň buýsanjy” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary ýerleşdirildi. Mundan başga-da, türkmen alabaýlary bilen bagly edebiýatlara hem orun berildi. Şeýle hem, kitap sergisini görmäge gelen okyjylaryň ajaýyp kitaplar bilen tanyşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.

No image
Söhbetdeşlik geçirildi

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň işgärleriniň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplarynyň gatnaşmagynda, “Türkmen alabaýy - wepalylygyň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, türkmeniň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýlaryny öwrenmek, saklamak hem-de ösdürip ýetişdirmeklik barada gürrüň etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar milli mirasymyzy, türkmen alabaýlaryny öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çaga – durmuşyň güli

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 61-nji çagalar bakja-bagynda körpeler bilen, “Çaga – durmuşyň güli” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Körpelere çagalara niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler berildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sowal-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

26.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, alym, lukman Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri: onkologiýada fitoterapiýa” atly köp tomly ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVIII tomy bilen tanyşdyrdylar. “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň nobatdaky tomunyň, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” we “Maglumatnama” atly iki bölümden ybaratdygyny, kitabyň baplarynda topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlaryň berilýändigini beýan etdiler. Kitapda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň giňişleýin beýan edilmegi, bu ylmy-ensiklopedik kitabynyň lukmançylyk ylmyna uly goşant boljakdygyny buýsanç bilen bellediler. Kitaphana synyna gatnaşyjylar “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýip, halkyň saglygy barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Çagalar kitaphanasy – bilim ojagy

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Türkmenistan” teleradio ýaýlymlarynyň döredijilik topary bilen bilelikde häzirki wagtda döwrebap kitaphanalarda okyjylara edilýän ýokary derejedäki hyzmatlar şeýle-de B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň çagalarda okamaklyga bolan endigi kemala getirmekde alyp barýan terbiýeçilik ähmiýetli işleri barada “Çagalar kitaphanasy – bilim ojagy” ady bilen täsirli söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz çagalar kitaphanasynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, has giň okyjylar köpçüligine hyzmat edilişi barada uly buýsanç bilen aýtdy. Şeýle-de “Chagalar kitaphana gov.tm.” salgyly saýdymyzyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanalarda giň okyjylar köpçüligine döwrebap, ýokary derejede hyzmat etmäge, okyjylaryň isleglerini, talaplaryny doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylarynyň arasynda kitaphanamyzyň okalga otagynda her bellenilýän türkmen alabaýynyň milli baýramyna bagyşlap “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmekliginde “Türkmen alabaýy – wepadarlygyň nusgasy” – atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirdi. Türkmen alabaýy özüniň güýçliligi, akyllylygy, çydamlygy we eýesine wepalylygy bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz alabaýlarymyzy sarpalap, gorap saklapdyrlar we nesilden-nesile geçiripdirler. Alabaý türkmen halkynyň durmuşynda gadymy döwürlerden bäri wepalylygyň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň we sak goragçynyň nyşany hökmünde tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynda alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek we olaryň wepadarlygy barada täsirli maglumatlar getirilýär. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere şular dogrusynda giňişleýin gürrüňleri berdi. Guralan göçme kitap sergisi ýaşajyk okyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine we milli däplerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Çagalar biziň-ertirki gelejegimizdir

Kitaphanalar

26.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonemet bölüminiň işgärleri çagalar bakja-bagynda “Çagalar biziň-ertirki gelejegimizdir” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp gyzykly duşuşyk geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.