logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖWREBAP KITAPHANALAR–KÄMILLIGIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar–kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik, wepalylyk, ynsanperwerlik, ruhynda terbiýelemekde kitaphanalaryň mümkinçilikleri barha artýandygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň anyk we ylyma esaslanýan başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzdaky kitaphanalaryň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýandygy, şeýle-de kitap hemişe-de gymmatly hazyna hasaplanyp, halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy bolup, kitaphanalar bolsa ruhy çeşmeleriň jemlenen ojagy bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda kitaphanalar ulgamynyň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
ÜSTÜNLIGIŇE, ŞYGARYŇA SESLENIP, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM!

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Üstünligiňe, şygaryňa seslenip, bedew baty öňe barýan Watanym!» ady bilen “Atamyrat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de şygarda aýdylşy ýaly at-myratly behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirýändigi hakynda hem täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme kitap sergisini gurnadylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylynda Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede birnäçe eserleri ýerleşdirildi. Kitap sergisiniň çäklerinde kitaphana işgärleri «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde talyplar bilen sorag-jogap alşyp söhbetdeşlik etdiler. Göçme kitap sergisine gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR RUHY KÄMILLIGIŇ MUKADDES OJAGYDYR

Kitaphanalar

17.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphanaçylaryň arasynda “Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr” ady bilen okuw geçirildi.Geçen taryhy eýýamlarda-da, häzirki döwürde-de döwletler köp derejede ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri, açyşlary bilen öňe saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň binýadyny ylym-bilimi dünýä derejesine ýetirmek baradaky özgertmeler bilen esaslandyrandygy örän netijeli boldy. Biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny ýitirmän jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat eden kitabyň taryhy öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr. Pederlerimiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Batyr, edermen , obany, ilini goraýan mert ýigitleri terbiýelemekde ,,Görogly’’ şadessanyna ýüzlenip, ýagşy gylyk häsiýetleri ündemekde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini mysal getiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ,, Älem içre at gezer’’,,Döwlet guşy ‘’ romanlary, ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan’’, ,,Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’’, ,,Ömrümiň manysy”, Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, Magtymguly–dünýäniň akyldary” ýaly kitaplary ýaş nesli mertlik, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Biz kitaphanaçylar hem döwrümiziň belent ruhyny wasp etmekde, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp ýaşlary terbiýeläp, kitaphon edip ýetişdirmekde güýjimizi aýaman zähmet çekmeli, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, ýaşlaryň kitaby söýmekleri üçin öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan her bir tutumly işleri rowaçly menzillere rowana bolsun! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-33.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-44.jpg)

No image
GYZ EDEBI-GYZYL GÜL

Kitaphanalar

16.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gyz edebi-gyzyl gül» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara ahlak terbiýesini bermekde, olary zähmete gönükdirmekde, durmuşa taýýarlamakda edebi mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýetiniň has-da uludygy barada aýtdylar. Şeýle-de türkmeniň milli-mirasyna uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde uly üns berilýändigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«OKYJYLARA GURALÝAN DÖWREBAP HYZMAT WE BÖLÜMIŇ IŞ AÝRATYNLYKLARY HAKYNDA» ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

16.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphanada okyjylara guralýan döwrebap hyzmat we bölümiň iş aýratynlyklary hakynda ýazgy edildi. Kitaphana hünärmeni ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli kitap okamaga çekmekde, kitaphana gelýän okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryny diňe bir katalog we kartotekalaryň üsti bilen däl, eýsem elektron katalogyň üsti bilen tapyp bermekde uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Söhbediniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY-TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

16.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi. dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryn ahlak kämilligini ösdürmekde hem-de milli gymmatlyklarymyza bolan söýgüsini berkitmekde möhüm orny eýeleýändigi hakynda täsirli gürrüňler edildi. Eserlerde öňe sürülýän parasatly pikirler ýaşlaryň dünýägaraýyşynyň giňelmegine, olaryn jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyna hem-de Watana wepaly jogapkärli şahsyýetler bolup ýetişmegine itergi berýär. Şeýle-de bu kitaplar ýaslaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrýar, olaryn döredijilik ukyplaryny ösdürýär. Ine şular dogrusynda hem söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňlere orun berildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar geljegimizi gurýan ýaslaryň terbiýesinde mizemez ruhy binýat bolup durýan gymmatly eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
«TÜRKMENISTAN» TELEÝAÝLYMY KITAPHANA IŞGÄRLERI BILEN «GARAŞSYZ BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY, AT MYRADYŇ-MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

14.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at myradyň-mekany” ýyly mynasybetli ýazgy edildi. Çykyş eden kitaphana işgärleri ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlyklara beslenýändigi hakynda täsirli söhbet etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli Döwlet kitaphanasynda geçiriljek çäreler, söhbetdeşlikler dogrusynda çykyş edip ,özleriniň döreden goşgularyndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Kitaphanalar

14.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi halypa şahyr Bazar Şalyýewiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory, Baýram Goçmyradowyň myhman bolup gatnaşmaklarynda “Halypa-şägirtlik ýoly kämilleşdirilýär” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere häzirki ajaýyp döwrümizde giňden ýola goýulýan halypa-şägirtlik mekdebi we onyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüňleri berdiler. Ýaş nesillerimiziň arasynda myhmançylykda bolan halypa ýazyjylarymyz özleriniň döredijilik ýoly barada hem-de kämil eserleri döretmeklikde alyp barýan işleri hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy sazanda Begenç Annanazarowyň çalmagynda diňlenilen birnäçe sazlar hem çärämize aýratyn bezeg berdi. Ýaş nesiller hem özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip ýazyjy-şahyrlar bilen özara sorag-jogap alyşdylar. Bu hem duşuşygymyzyň has-da täsirli geçmegine ýardam etdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşlary bolup ýetişmeklerinde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ÝYLYŇ-GÖRELDELI OKYJYSY

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana we kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr” diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, kitap okamaklyga bolan söýgüni döretmek maksady bilen “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Bäsleşikde çykyş eden okyjylar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler we emin agzalar tarapyndan adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar eşretli zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.