logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BEDEW BADY BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Bedew bady bilen beýik maksatlara tarap” ady bilen “Bagt köşgi” toý- dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň we oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara at-abraýyny artdyryp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzine tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AHALTEKE BEDEWLERI GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BUÝSANJY WE ŞÖHRATY

Kitaphanalar

13.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ahalteke bedewleri Garaşsyz Watanymyzyň buýsanjy we şöhraty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy alandygyny we ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterendigini, çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew bady bilen okgunly ösüşi alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«KITAP-YLYM-BILIMIŇ ÇEŞMESI» ATLY SERGI

Kitaphanalar

13.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi kitaphananyň gaznasyna täze gelip gowuşan neşir önümlerinden kitap sergisini gurnady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaba, kitaphana işine goýýan belent sarpasyny döredip berýän ajaýyp eserleriniň üsti bilen hem görmek bolýar. Ol eserler bu gün ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, maksada okgunly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin görelde mekdebi bolup, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň tekjelerini bezäp dur. Kitaphananyň baý gaznasyndan gurnalan sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşlerini açyp görkezýän neşir önümleri we birnäçe okuw kitaplary, çeper edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi okyjylarymyz hem-de okuw tejribeligini geçýän talyp ýaşlarymyz üçin örän täsirli boldy. Ýaşlara ylym-bilim dünýäsinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

No image
«SÖÝGÜLI GAHRYMANLAR SIZIŇ ERTEKILERIŇIZDE» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

13.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde myhmançylykda bolup, ýaşajyk okyjylar bilen “Söýgüli gahrymanlar siziň ertekileriňizde” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde dowamynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumynyň kitaphana hünärmeni ilki bilen ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygary hakynda gürrüň berdi. soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepada – bar, sapa-da”, “Gadamy batly bedew” atly kitaplaryndan türkmen bedewi hakynda çagalara bölekler okap berdi. Türkmen halk ertekilerinden, türkmen ýazyjylarynyň taýýarlan ertekiler ýygyndysyndan çeper okaýyş edildi. Şeýle hem körpeje okyjylar bilen okan ertekileri boýunça sorag-jogap etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen çagalaryň gowy görýän türkmen halk ertekisi “Akpamyk”, “Mämmetjan”, Aman Kekilowyň “Çopan we Patyşa” erteki poemasyny okap berdi. Çagalar ertekini üns bilen diňläp özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Çagalar erteki gahrymanlaryň häsiýetlerini suratlandyryp surat çekdiler we gürrüň etdiler. Şeýle-de söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir köpçülik ýerlerinde, mekdebe baranlarynda hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
YLYM-BILIM–ÖSÜŞLERE ŞAMÇYRAG

Kitaphanalar

13.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Ýaş alymlar bilen “Ylym-bilim –ösüşlere şamçyrag” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp ýaş alymlar bilen “Ylym-bilim –ösüşlere şamçyrag ” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata ýaş alymlar,kitaphana işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar hem öz çykyşlarynda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň we kämilleşdirmek barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de dabaraly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda kitaphana ulgamy barada alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahatyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan kitap sergisi hem gurnaldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikler döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
GARAŞSYZLYK–BAGTYÝARLYK MUKAMY, BEDEW BATLY, AT-MYRATLY MEKANYM

Kitaphanalar

12.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk–bagtyýarlyk mukamy, bedew batly, at-myratly mekanym» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu günki gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewleri halkymyzyň şan–şöhratynyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, öwrülendigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY, NESILLERE NUSGALYKDYR

Kitaphanalar

12.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, nesillere nusgalykdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýaşlarymyza bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby merdana halkymyzyň paýhasly ýoluny we olaryň dünýägaraýyşlaryny öwrenmekde möhüm orun eýeleýändigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ KITAPLARY–HALKYMYZYŇ GÖWÜN ŞADY

Kitaphanalar

12.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginde “Hormatly Prezidentimiziň kitaplary–halkymyzyň göwün şady” atly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerine bagyşlap gürrüňdeşlik geçirdi. Arkadagly gahryman Serdarymyzyň kitaplary halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, jemgyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen gymmatly eserler. Bu kitaplar ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli gymmatlyklara hormat goýmaklygy öwretmekde we döwrebap pikirlenýän, bilimli, ahlakly şahsyýetleri kemala getirmekde aýratyn ähmiýete eýe. Ähli ajaýyp eserleri bilen birlikde “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitaby ýaş nesliň ruhy-terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär we olaryň geljekde döwletimiziň ygtybarly daýanjy bolup ýetişmegine berk binýat döredýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň Watanymyzyň bagtyýar gelejeginiň daýanjy bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
MILLI SAZ-SUNGATYMYZYÑ WASPY

Kitaphanalar

11.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Milli saz-sungatymyzyñ waspy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat – sarpanyň has-da artýandygy, türkmen halkynyň behişdi bedewleri, edermenligiň we wepalylygyň nusgasyna öwrülen alabaýlary, nepis halylary, şaý – sepleri ýaly gymmatlyklary bilen birlikde, milli aýdym – sazlarynyň hem merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym – sazyň türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, ýaşaýyş – durmuş ýörelgelerinde tutýan ornunyň ulydygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde meşhur edýän we şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NURMYRAT SARYHANOWYŇ «ŞÜKÜR BAGŞY» KITABYNDAN

Kitaphanalar

11.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ussat ýazyjy-şahyrlarymyza uly hormat goýulýar, olaryň döreden eserleri bu günki gün okyjylar köpçüligi tarapyndan söýülip okalýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de meşhur ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň ömri we döredijiliginde nesilden-nesle geçip gelýän gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar çeperçilik bilen suratlandyrylýandygy barada hem-de görnükli ýazyjynyň “Kitap” hekaýasy, “Şükür bagşy” powesti, “Ýagtylyga çykanlar” ýaly çeper eserleri halkyň söýgüsini gazanandygy hakynda beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä tanatmakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.