logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ARKADAGLY DÖWÜRDE BAGTYÝAR ZENANLAR

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Döwlet kitaphanasy hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Arkadagly döwürde bagtyýar zenanlar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar zenanlary, olaryň ajaýyp durmuşy, ähli ugurlarda deňhukukly adamlar bolup durýandyklary barada söhbet etmek bilen, olaryň döwletimiz tarapyndan giňden goldanylýandygyny nygtadylar.Bu gün ene-mamalarymyzdan geçip gelen gelin-gyzlarymyzyň ýol-ýörelgesi,olaryň eliniň çeperligi her bir işde öň hatardadygy hemmelere bellidir.Çykyş edenler bular hakynda giňişleýin gürrüň etmek bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň edepli, terbiýeli, ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halypalaryň görkezýän göreldeleri, öwredýän sowatlarynyň nä derejede möhümdigi barada «Halypa şägirtlik ýoly» atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halypa şägirtlik ýoly üçin giň ýol açyp berýändikleri üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERI DÜNÝÄ DILLERINDE

Kitaphanalar

10.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Türkmen halk ertekileri dünýä dillerinde” atly kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler türkmen halk ertekileri müňýyllyklaryň dowamynda dilden-dile geçip gelen gymmatly hazynamyz bolup durýar. Ertekiler türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerini, ahlak kadalaryny, akyl-paýhasyny we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Soňky ýyllarda türkmen halk ertekileri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetirildi. Bu bolsa türkmen medeniýetiniň we ruhy mirasynyň halkara derejesinde giňden tanalmagyna mümkinçilik döretdi. Iňlis, fransuz, pars, türk we başga-da birnäçe dillerde çap edilen türkmen ertekileri dünýä halklarynyň arasynda dostlugy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BAGTYÝAR NESILDE ŞYPALY DYNÇ ALYŞ

Kitaphanalar

10.07.2025

Tomus pasly çagalar üçin iň gyzykly döwür. Bu döwürde çagalaryň her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilendir. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomus paslynda çagalaryň boş wagtlary kitap bilen dostlaşmagy üçin welaýatymyzyň çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergileri gurap, gyzykly çäreleri, bäsleşikleri, çeper okaýyşlary ýola goýýarlar. Ynha «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem kitaphana hünärmenleri çagalar üçin «Bagtyýar nesilde şypaly dynç alyş» atly tematiki agşamyny gurnadylar. Bu agşamda edilen gürrüňler çeper okaýyşlar, görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. hem-de ýurdumyzyň Altyn asyr teleýaýlymyna ýazgy edildi. Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR-BEÝIK GELJEGIMIZ

Kitaphanalar

09.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Altyn Ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide «Bagtyýar çagalar-beýik geljegimiz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we gyzykly geçirmeklerini gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky ruhubelent çagalara halk döredijiligiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolan türkmen halk ertekilerini okap berdiler. Olar ertekileriň gahrymançylykly keşpleri, terbiýeçilik ähmiýeti, çagalara ýetirýän täsiri we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Çäräniň dowamynda erteki gahrymanlaryny çaga bilesigelijigi bilen diňlän okuwçylar gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, bagtyýar çagalaryň wagtyny gyzykly hem-de hoş geçirmegine uly mümkünçilik berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÇAGALAR AJAÝYP DIÝARYMYZYŇ GÜL AÇÝAN NOWÇALARY

Kitaphanalar

09.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Çagalar ajaýyp Diýarymyzyň gül açýan nowçalary» atly aýdym–sazly duşuşyk geçirildi. «Bagtly çagalygyň ýurdy» hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzda körpejelere döwrebap terbiýe berilmegine, olaryň medeniýetli dynç almagyna, wagtlaryny şadyýan geçirmegine aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan düýpli özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ukyp başarnyklaryny açyp görkezmekde şeýle hem kämil nesiller edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barylýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasynda körpeje çagalarymyz wagtlaryny şadyýan geçirmäge ähli mümkünçilikler, şertler döredilip berlen. Çagalar bu ýerde dürli neşir önümlerini okamaga, öwrenmäge, özleriniň dürli temalara degişli ukyplaryny açyp görkezmäge ähli şertler döredilen. Çäräniň dowamynda çagalar ajaýyp Diýarymyzy wasp edýän aýdymlary we tanslary ýerine ýetirdiler. Döwrümiziň ýaş nesillerini okamaga, öwrenmegä uly atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR GELEJEGIŇ NURY

Kitaphanalar

09.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar gelejegiň nury» ady bilen Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda çagalar we ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini, ýurdumyzda çagalaryň dynç almagy üçin çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada beýan etdiler. Bu ýerde ertekileri türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ata-babalarymyzyň ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda «Biz haýsy ertekileriň gahrymany» at bilen türkmen halk ertekilerinden, tapmaçalardan düzülen sowal-jogap bäsleşigi geçirilip, has-da çekeleşikli boldy we çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar barada edýän aladalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZENAN ZEMINIŇ ZYNATY

Kitaphanalar

09.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Berkararlyk etrap häkimliginiň, etrap zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Zenan zeminiň zynaty» ady bilen 14-nji saglyk öýünde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän hormat- sarpany häzirki wagtda türkmen zenanlarynyň ýokary jemgyýetçilik syýasy mertebä eýe bolmagynda, olaryň durmuşyň ähli ugurlarynda deň derejede işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan kadalaryň Esasy Kanunymyzda we beýleki hukuk namalarda görmek bolýandygyny, şunuň bilen baglylykda, gender deňliginiň üpjün edilmegi, maşgalanyň we eneligiň goldanylmagy jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Berkarar Watanymyzy, agzybir halkymyzy röwşen geljegimize ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ!

Kitaphanalar

09.07.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň ýaşulylar otagynda «Ýaşasyn parahat durmuş!» Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çaga terbiýesinde kitabyň orny dogrysynda bellenilip geçildi. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmeklik dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykýan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti dogrusynda nygtalyp geçildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleri ylymly bilimli hünär taýdan kämilleşen ýaşlar edip ýetişdirmeklik üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun ähli tutýan tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATY

Kitaphanalar

09.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap Geňeşiniň gurnamagynda, şeýlede Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin, belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/02.jpg)