logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatdyr diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek, şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça birnäçe işleri amala aşyrmak, biziň asylly maksatlarymyza öwrülendigi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýändigi, häzirki wagtda ýaş nesillerimiziň watansöýüji bolup ýetişmegi, ýurdymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdymyzyň dürli künjeklerinde Watanymyzyň parahatlygyny wasp edýän dabaralar ýaýbaňlanyp, bu bolsa ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olarda asuda Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artmagyna uly täsirini ýetirýändigi bellediler. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren Watanymyzy, Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÇAGALAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Kitaphanalar

22.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Çagalar biziň geljegimizdir» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýan, her pursatynyň many-mazmunly geçmegi barada biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalara degişli alnyp barylýan netijeli işler döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
HALKARA BITARAPLYGYŇ-PARAHATÇYLYGYŇ YNANYŞMAGYŇ ÝAŇY

Kitaphanalar

22.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap» welaýatyň bilim, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Halkara Bitaraplygyň-parahatçylygyň ynanyşmagyň ýaňy» atly maslahat geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen halkyna işlemäne, ýaşamana ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
HALY–TÜRKMENIŇ KALBY

Kitaphanalar

22.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde «Haly –türkmeniň kalby» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen zenanlaryň näzik elleri bilen keser tutup, çitim çitip döreden ajaýyp sungat eseri bolan nepis halylarymyzy dokamagyň syrlary, bu inçe sungady döretmekde ulanylýan gurallar, sapaklaryň aýratynlygy, reňk öwüşgini barada täsirli gürrüňler edildi. Halyçylyk sungaty gerekli bolan dürli gurallar hem-de dürli haly önümleri esasynda gurnalan göçme sergi hem okuwçy gyzlara aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda milliliklerimizi ýaş nesillerimize has giňişleýin ýetirmek babatda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
PARAHATLYK ÝOLUN SAÝLAN AŞGABAT

Kitaphanalar

22.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap gözel paýtagtymyzda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ak şäherim Aşgabat» atly söhbetdeşligini geçirdi. Duşuşygyň dowamynda dünýäde sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden ykrar edilen Aşgabat şäherimiziň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alandygy barada hem-de Aşgabat şäherimiziň söýgüniň we umytlaryň şäheri hökmünde raýatlarymyza bagt paýlaýan binalaryň milli bezeg aýratynlyklary barada täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmakda ägirt uly şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler

No image
AŞGABAT-GÖZELLIGIŇ WE ÖSÜŞIŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

21.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Aşgabat gözelligiň we ösüşiň şäheri» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde bu günki gün Aşgabat diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, ýer ýüzüniň ösen, döwrebap şäherine, iri syýasy-jemgyýetçilik merkezine öwrülýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de özüniň ak mermere beslenen ajaýyp şähergurluşyk-binägärlik keşpi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan paýtagtymyz halkymyzyň ýürek buýsanjyna, göz guwanjyna öwrülendigini, Aşgabadyň binagärlik aýratynlygy diňe bir estetiki taýdan gözel görnüş bolman, eýsem, ol ruhy taýdan uly mana eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda özüniň tämizligi, owadanlygy, juwanlygy, bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI–DÖWÜRLERIŇ PAÝHASY

Kitaphanalar

21.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiligi–döwürleriň paýhasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň azatlygyny, erkinligini, agzybirligini arzuwlap geçen, her bir şygyrlary halkyň hakydasynda müdümilik galan akyldar şahyr, gündogar edebiýatynyň şugla saçýan parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň we edebi mirasynyň bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserleriniň many-mazmuny barada özara pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, onuň gadyr gymmatyny ýitirmän ýaş nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
WASPYŇ DILLERDE DESSAN, TÜRKMEN HALYSY

Kitaphanalar

21.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Waspyň dillerde dessan, türkmen halysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler dünýäniň iň gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungaty, türkmen halylarynyň gözelligi bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhyny galkyndyrýan baý öwüşgünli gözelligi, nepisligi bilen göreni haýrana goýýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen milli halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklarynyň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda asyrlardan-asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen halkynyň el hünärini, halyçylyk sungatyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP–BILIMLERIŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitap–bilimleriň çeşmesi» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, bu işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ZEHINLI OKUWÇYLARYŇ DÖREDIJILIGINDE HALYPA ŞAHYR

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 52-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen «Zehinli okuwçylaryň döredijiliginde halypa şahyr» ady bilen, şahyr, ýazyjy, dramaturg Mämmetgurban Mämmetgurbanow bilen bilelikde edebi duşuşygyny geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda şahyr, şygyr dünýäsine aralaşmagyň, döredijilik ýoluna gadam basmagyň, kitaplar bilen baglydygyny mysallar üsti bilen täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Mämmätgurban Mämmetgurbanow özüniň ilkinji gezek okuwçy döwründe düzen goşgusyny okap berdi, hem öz gezeginde okuwçylara döredijilik ýolunda diňe türkmen ýazyjylary däl, eýsem daşary ýurt ýazyjylaryň edebiýatlaryny hem kitaphanalara baryp, okamagy tabşyrdy. Şahyr okuwçylara öz döredijiligi dogrusynda gyzykly hem täsirli gürrüň aýdyp berdi, şeýle-hem okuwçylar öz gezeginde, ýazan goşgularyny labyzly okap berdiler. Göçme kitap sergi duşuşyga gatnaşanlara uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda milli medeniýetimizi,sungatymyzy we edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.