logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
EDEP-TERBIÝE-YNSAN BEZEGI

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Edep-terbiýe-ynsan bezegi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň,däp-dessurlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we sarpalanmagy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, watansöýüjiligi wagyz etmäge ruhlandyrýar.Bu beýik işlerde Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,ýaş nesillerimiziň röwşen geljegi üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI

Kitaphanalar

21.05.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Döwlet kitaphanamyza ýygy-ýygydan gelip, köp kitap okaýan okyjylaryň arasynda yglan edilýän “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny hem-de ýürek buýançlaryny beýan etdiler.

No image
KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI

Kitaphanalar

21.05.2025

«Kitaphana paýhaslar öýi» atly bäsleşigiň dowamynda «Kitap ylym çeşmesi» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary sergilendi. Bu sergi bäsleşige gatnaşan myhmanlarda we okyjylarda örän uly täsir galdyrdy.

No image
KITAP KALBYŇ AÇARY

Kitaphanalar

21.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak maksady bilen geçirilen “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşigiň dowamynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar bilen bilelikde söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINDE TERBIÝÄNIŇ ORNY

Kitaphanalar

20.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Magtymgulynyň döredijiliginde terbiýäniň orny» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler akyldar şahyrymyzyň üç asyr bäri külli türkmeniň ruhy daýanjy bolup gelýän şygyrlary islendik halkyň wekiliniň kalbyny gülzarlyga besleýändigi, onuň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy agzybirligi, ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny, onuň döredijiliginiň ýaş nesilleri terbiýelemekde, edep öwretmekde, olary halal zähmete ugrukdyrmakda täsiriniň örän uludygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«ALKYŞ SIZE ŞÖHRAT SIZE ARKADAG» ADY BILEN GEÇIRILEN HOŞALLYK MASLAHATY Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze binasynyň gurlup berilmegi baradaky

Kitaphanalar

20.05.2025

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly çözgütleri netijesinde Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna täze binasynyň gurlup berilmegi baradaky hoş habar bizi diýseň buýsandyrdy. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde bina ediljek «Güneşli» çagalar we ýetginjekler merkeziniň çäklerinde gurmak hakyndaky karary mynasybetli «Alkyş size şöhrat size Arkadag» ady bilen hoşallyk maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda bu kitaphananyň kalplary buýsançdan, dilleri alkyşdan doly kitaphanaçylary ýurdumyzda kitaphana ulgamyny has-da ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesilleri kitap bilen ýakyndan dostlaşdyrmak babatda edilýän aladalar dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de özlerine bildirilýän beýik ynamy ödemek üçin ýene-de irginsiz zähmet çekjekdiklerini ynamly nygtadylar. Buýsançly kalplardan syzylyp çykýan hoşallyk sözlerine Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bagtyýar kitaphanaçylary hem goşulyp, biragyzdan ýürekden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler. Hoşallyk maslahatyň ahyrynda kitaba, kitaphanalara aýratyn hormat-sarpa goýýan, kitaphana ulgamyny has-da ösdürip,döwrebaplaşdyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin. ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
KANUN WE BAÝDAK–DÖWLETLILIGI AŇLADÝAN MILLI GYMMATLYKLAR

Kitaphanalar

20.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Kanun we baýdak–döwletliligi aňladýan milli gymmatlyklar» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler agzybir halkymyzyň ýürek arzuwy bilen yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň her bir güni göwünlerimizi joşdurýan şanly wakalara, taryhy pursatlara hem-de toý–baýramlara beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň şöhratly senesi munuň buýsançly subutnamalarynyň biri bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AÝDYM-SAZYŇ ŞÄHERI Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aýdym-sazyň şäheri» atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

20.05.2025

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aýdym-sazyň şäheri» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de paýtagtymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazlar barada täsirli gürrüňler edildi. Okuwçylar merjen şäherimiz Aşgabady wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän dürli kitaplar ýerleşdirildi. Körpeje okyjylarymyz ol kitaplary uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de paýtagtymyzyň owadan binalaryny, desgalaryny özünde jemleýän, okuwçylaryň eli bilen ýasan şekiljikleri, çeken suratlary sergide ýerleşdirildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
BAGT KANUNYM–BAKY BAGTYM, ÝAŞYL BAÝDAK TÄJI-TAGTYM

Kitaphanalar

20.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagt kanunym–baky bagtym, Ýaşyl baýdak täji-tagtym» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler bütin dünýäde belentde we buýsançly parlaýan türkmen baýdagy, Türkmenistanyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy has üýtgeşik taryhy öwüşgüne eýe bolýandygyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we baýdak baýramy milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, döwletimiziň kuwwaty, taryhy we şu güni hem-de geljegini şöhlelendirýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAŞ KANUNYMYZ-BAGTYMYZ! ÝAŞYL TUGUMYZ–ÝAŞAÝŞA ÝARAŞYK!

Kitaphanalar

17.05.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda «Baş Kanunymyz-bagtymyz! Ýaşyl tugumyz–ýaşaýşa ýaraşyk!» atly edebi-sazly çäresi geçirildi. Edebi–sazly çäresine kitaphanaçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, gatnaşdylar. Geçirilen çärämizde kitaphana işgärleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gyzykly gürrüňleri berdiler. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hukuk binýady has-da berkeýär. Her bir özygtyýarly döwlet, özüniň esasy Kanuny bolan Konstitusiýasyny kabul edýär. Onda halkymyzyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy mizemez türkmen döwletiniň binýadyny berkidýän Esasy Kanundyr. Goşa baýram, goşa toýumyzda Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, asudalygyny we halkymyzyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, mertebesini kepillendirýär. Watanymyzyň ýaşyl baýdagy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan bäri edip gelen arzuwyň hasyl bolmagydyr. Çärede kitaphanaçylaryň çykyşlaryndan soňra ýaňlanan edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Çäräniň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde bagşylaryň çykyşlary çäräni has-da gyzyklandyrdy. Goý, al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Häzirki wagtda ýurdumyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!