ÝEŇIŞ GÜNÜNIŇ AÝDYMLARY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli «Ýeňiş gününiň aýdymlary» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söweş ýyllarynyň hem-de Beýik Ýeňşiň aýdymlary, şol ýyllaryň wakalaryny beýan edýän teatr hem-de kino sahnalary, olarda beýan edilýän türkmen halkynyň Watan söýgüsi, mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan gysgaça sahna oýunlary, aýdymdyr, sazlary, täsirli tanslary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin, il-halk üçin edermenlik görkezen gahrymanlary hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.