logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TOÝUŇ GUTLY BOLSUN-BITARAP WATAN

Kitaphanalar

09.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Toýuň gutly bolsun-Bitarap Watan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk eziz Watanymyzyň geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga uly güýç berýär hem-de milletleriň arasynda parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge oňyn täsir edýändigi barada beýan etdiler. Bu bolsa Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletde ýaşamak, zähmet çekmek, okamak, döretmek, gurmak uly bagt bolup, şeýle bagtyýarlyga, parahatçylyga buýsanýan türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly buýsanç bilen barýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

09.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–baky bagtyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halkymyz Hemişelik Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belläp geçýändigini, gadymy hem nurana ýoly täze döwre görä dowam edýän halkymyz, gadymy ýörelgeleri bu günki gün döwre görä täze öwüşgüne eýe bolýandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty has-da şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
EZIZ WATAN BITARAPLYK BINÝADY

Kitaphanalar

09.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ”Eziz Watan Bitaraplyk binýady” ady bilen ýazgy edildi. Çykyş edenler parahatsöýüjilik ýörelgesiniň halkymyzyň gadymdan şu güne getiren gymmatlykdygyny, parahatçylyk, abadançylyk ata- babalarymyzyň baş maksady bolup durýandygy hakynda nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat ýurtda işläp, zähmet çekýändigini, asuda ýaşaýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

No image
«ATA WATAN BITARAP» ATLY HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Kitaphanalar

09.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Ata Watan Bitarap” atly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan döredijilik duşuşygyny geçirdi we baýramçylyga bagyşlap sergi gurnady. Ajaýyp zamanamyzda arka atýan menzillerimiziň her bir sepgidi barada aýratyn eser döredibermeli. Esasy bellemeli zat beýik zamanamyzyň ýyllarynyň atlarynyň ählisi ynsansöýüjilik ýörelgelerinden ugur alýar. Olaryň ählisi şu günümiziň bagtyýarlygyny, geljegimiziň nuranalygyny nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň her bir işde ýagşy niýetleri kalba beslemek ýörelgesiniň dowam edýändiginiň guwandyryjy görkezijisidir. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň teklibi bilen tamamlanyp barýan ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi zeminiň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan durmuşunyň hatyrasyna ähli ýurtlary birek-biregiň ýüregini diňlemeklige, dialoga çagyryş bar. Ähli arzuwlaryň hasyly “Parahatçylyk” atly sözüň içinde ýerleşýär. “Ynanyşmak” sözünde ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bar. Bu söz zeminiň ýüzünde asudalygyň, durnuklulygyň ygtybarly geljegini aňladýar. Hut şu nukdaýnazardan Sungat bölümi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap “Ata Watan Bitarap” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi we “Ata Watan Türkmenistan Bitarap” atly sergi gurnady. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly “Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny türkmen halkymyza sowgat etdi. Ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleriň, taryhy ösüşleriň ruhlandyryjysy bolan Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyz egsilmezdir. Watanmyzy täzeden- täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!

No image
BITARAP TÜRKMENISTAN-DÜNÝÄ NUR ÇAÝÝAR

Kitaphanalar

08.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistan-dünýä nur çaýýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Asyrlar boýy berkarar döwleti arzuwlap gelen türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna uly taýýarlykly barýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki orny barha beýgelip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýandygy barada uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NURANA MEKAN-BITARAP TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

08.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güniniň 30 ýyllygy mynasybetli «Nurana mekan-Bitarap Türkmenistan» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara Bitaraplyk türkmen taryhyna müdümilik altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýä ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada buýsançly sözlerini beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ ŞUGLASY

Kitaphanalar

08.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, hem-de Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Bitaraplyk–baky bagtyň şuglasy» ady bilen geçirilýän tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan şu günlerinde,ýurdumyzyň ähli künjekleriniň toýa beslenýändigini, bu toýa ähli medeniýet we sungat işgärleriniň,kitaphana ulgamynyň işgärleriniň zähmet sowgatlary bilen gelendiklerini nygtadylar.Soňra söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny aýdyp geçmek bilen,söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK–BEÝIK ÝEŇIŞLERE BADALGA» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Kitaphanalar

08.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak –beýik ýeňişlere badalga” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar. Söhbetdeşlige gatnaşan ýaşajyk kitap söýüjiler dünýä dillerinde parahatçylygy, asudalygy, dost-doganlygy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Şeýle-de sungaty söýüji ýaşlar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak–beýik ýeňişlere badalga” atly şygar bilen ajaýyp suratlary çekdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞAHYR ATAJAN ANNABERDIÝEW–TEBIGATYŇ WASPÇYSY

Kitaphanalar

08.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde “Şahyr Atajan Annaberdiýew–tebigatyň waspçysy” atly edebi-sazly döredijilik duşuşygy geçirdi. Edebi-sazly duşuşyga şahyryň maşgalasy bilen ýakyn aragatnaşykda bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, alym zenan Gurbanjemal Ylýasowa, şeýle hem, şahyryň döredijilik kesbini ýöredýän gyzy “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, çagalar üçin birnäçe degişmeleriň awtory, belli žurnalist Akgül Saparowa, “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň edebi işgäri, şahyr Gurbanjemal Annakowa dagylar gatnaşdylar. Çäräniň başynda Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni okuwçylary ussat şahyr Atajan Annaberdiýewiň döredijiligi bilen gysgaça tanyşdyryp, şeýle diýdi: –Mähriban çagalar, biziň şu gezekki çärämiz özüniň uzak bolmadyk manyly ömründe tebigatyň gözelligini, çagalyk dünýäsiniň täsinliklerini, mähriban enelerimizi, eziz Watanymyzy wasp edýän goşgularyny, degişmelerini, umuman, çagalar hem ulular üçin döreden gyzykly, täsirli eserlerini bize ýadygärlik galdyran Atajan Annaberdiýewiň döredijilik dünýäsine bagyşlanýar. Ýurdumyzda belli şahyr Atajan Annaberdiýew “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň hem-de “Gaýrat” medalynyň eýesidir. Ol 2005-nji ýylda Döwlet tarapyndan degişmeçi ýazyjylaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijisidir. Ol ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlady. Çagalar, şahyryň döredijiligi bilen tanyşmak üçin sizde mümkinçilikler ýeterlik, kitaphanamyzda siz üçin kitaplar kän, bize okamaga geliň! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg) Çäräniň dowamynda mekdebiň göreldeli okuwçylary şahyryň birnäçe goşgularyny labyzly okap, onuň degişmelerinden taýýarlanylan gysgajyk sahna oýunlaryny görkezdiler. Şahyry hormatlap gelen myhmanlar alym zenan Gurbanjemal Ylýasowa okuwçylara şahyr Atajan Annaberdiýewi ýakyndan tanap maşgalasy bilen gatnaşandygyny gyzykly gürrüňler berdi we şahyryň goşgysyny okap berdi. Şeýle hem belli žurnalist Akgül Saparowa, şahyr Gurbanjemal Annakowa hem ussat şahyryň goşgularyndan okap halypa şahyr, ýazyjylaryň kitaplaryny köpräk okamagy ündedi. Şahryň gyzy Çemen Annaberdiýewa “Bir käse un” atly goşgusyny okap şol goşgynyň taryhyny, goşgydaky Mamur eje hakynda tolgundyryjy gürrüň berdi. Göreldeli okuwçylar edepli oturyp, dykgat edip diňlediler. Myhmanlar sözüniň soňunda okuwçylaryň göreldeli okamagy, şahyryň goşgy setirlerinde belläp geçişi ýaly, birek-birek bilen dost-dogan gatnaşyklarynda bolmaklygy ündediler. Adat bolşy ýaly, çärede şahyr Atajan Annaberdiýewiň kitaplaryndan hem-de başga-da birnäçe halypa ýazyjy-şahyrlaryň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Çäräniň soňunda ýaş nesillerimiziň, halkymyzyň parahat ýaşamagy üçin atalyk aladasyny edýän, mirasymyzy öwrenmäge ak ýollar açan hormatly Gahryman Arkadagymyza, hem-de mähriban Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BITARAP DIÝARYM–BAGTYŇ MEKANY

Kitaphanalar

05.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap diýarym–bagtyň mekany» bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk türkmeniň ruhunyň galkynmagyna, arzuw hyýallarynyň wysal tapmagyna, gadymdan gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk dost doganlyk, ýörelgelerine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly binýady bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.